Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert: Türkmenistanyň Sinjiang babatynda Hytaýyň pozisiýasyny goldamagy geň galdyrmady


Hytaýyň daşary işler ministri Wan I (çepde) we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow. Aşgabat. 12-nji iýul, 2021 ý.
Hytaýyň daşary işler ministri Wan I (çepde) we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow. Aşgabat. 12-nji iýul, 2021 ý.

14-nji iýulda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 47-nji sessiýasynda Türkmenistanyň wekili Hytaý hökümetiniň Sinjiang we Hong Kong babatyndaky pozisiýasyny Türkmenistanyň goldaýandygyny beýan etdi. Musulman ilatly ýurtlar Hytaýyň Sinijangdaky hukuk kemsitmelerini ýazgarmazlykda tankyt edilýär.

Türkmenistanyň goňşusy Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagynyň fonunda, öňden bäri bu iki ýurtda ykdysady täsirini artdyrýan Hytaýyň daşary işler ministri Wan I 12-13-nji iýulda resmi sapar bilen Aşgabatda boldy.

Hytaýly diplomat 13-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmen metbugatyna görä, duşuşygyň barşynda taraplar “syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegi” ara alyp maslahatlaşdy, şeýle-de iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň 5 ýyl üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Duşuşykda taraplar birek-birege mähirli sözleri aýdyşdylar. Berdimuhamedow Hytaýyň prezidenti Si Szinpini Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy bilen, öz gezeginde myhman Berdimuhamedowy Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Şeýle-de, sişenbe güni Wan I Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, “söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlarda” gatnaşyklary ösdürmegi maslahat edipdir. Serdar Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň türkmen tarapyna ýolbaşçylyk edýär.

12-nji iýulda Wan I Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, beýleki meseleler bilen bir hatarda, “häzirki döwrüň umumy wehimlerine we howplaryna garşy göreşmegiň” ugurlaryny maslahat etdiler. Ýöne türkmen metbugaty “umumy wehimleri” aýdyňlaşdyrmady.

Galyberse-de, döwlet metbugaty duşuşyklarda Owganystanda parahatçylyk meselesiniň maslahatlaşylyp-maslahatlaşylmandygyny agzamaýar.

Beýleki tarapdan, hytaý metbugatyna görä, Hytaý Owganystan boýunça Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga isleg bildirýär. Wan I Merkezi Aziýada howpsuzlyk şertleriniň häzirki ýagdaýynyň oňyn däldigini nygtapdyr we Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetine üns çekipdir.

15-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Hytaý boýunça bilermeni Reýd Stendiş bu saparyň öňünden - heniz Owganystanda ýagdaýlar häzirkisi ýaly ýaramazlaşmadyk wagty - meýilleşdirilendigini, ýöne duşuşyklaryň gün tertibine owgan meselesiniň hem hökman girizilendigini gürrüň berdi.

“Bir tarapdan, bu öňünden meýilleşdirilen sapardyr. Bu, “Talyban” Demirgazyk Owganystanda heniz öz çägini häzirkisi ýaly giňeldip, goňşularda howsala döredip başlamanka, öňünden meýilleşdirildi. Ýöne, biz Wan Iniň Türkmenistana eden saparynyň owgan meselesi bilen bagly ugruny hem görýäris” diýip, Stendiş aýtdy.

Onuň sözlerine görä, söwda-ykdysady meseleler, energiýa, infrastruktura ýaly meseleler bilen bir hatarda, duşuşygyň dowamynda Owganystandaky ýagdaýlar hem maslahat edildi. Howpsuzlyk meselesi Pekin üçin hem, Aşgabat üçin hem alada döredýär. Bilermene görä, Hytaý häzirki wagtda Owganystan meselesinde öz roluny kesgitlemäge synanyşýar.

Hytaý mediasyna görä, duşuşyklarda hytaý tarapy Türkmenistanyň bitaraplyk statusyna uly ähmiýet berýändigini nygtady we Türkmenistanyň içerki işlerine daşardan gatyşylmagyna garşylyk bildirdi.

Bilermeniň pikiriçe, munuň bilen Hytaý özüni, hamala, ABŞ-dan tapawutlylykda, özge ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmaýan ýurt hökmünde görkezmäge synanyşýar we şol bir wagtyň özünde öz içerki işlerine-de daşardan gatyşylmazlygyna üns çekýär.

Hytaý Sinjiang sebitinde bir million töweregi uýgury we beýleki etniki azlyklary gabaw astynda saklamakda, ynsan hukuklaryny kemsitmekde Günbatar hökümetleri tarapyndan berk tankyt edilýär.

Şeýle-de, yslam dünýäsi Hytaýyň Sinjiangda musulman azlyklarynyň hukuklaryny kemsitmegini ýazgarmazlykda tankyt edilýär.

14-nji iýulda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 47-nji sessiýasynda Türkmenistanyň wekili Hytaý hökümetiniň Sinjiang we Hong Kong babatyndaky pozisiýasyny Türkmenistanyň goldaýandygyny beýan etdi.

Bilermen Hytaýyň Türkmenistan bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklaryna salgylanyp, bu goldawyň özüni geň galdyrmandygyny aýtdy.

“Sinhua” habar agentligine görä, Hytaý Türkmenistana “däp bolan we däp bolmadyk howpsuzlyk ýardamyny” bermegi wada berýär.

“Mydama bolşy ýaly, Türkmenistan we Hytaý ýaly ýapyk gapylaryň aňyrsynda hökümetleriň nämeler barada maslahat edýändigi aýan edilmeýän ýurtlaryň islendik ylalaşyklarynda jikme-jiklikler aýan edilmeýär. Şonuň üçin munuň [ýagny, däp bolan we däp bolmadyk howpsuzlyk goldawynyň] nämäni aňladýandygyny anyk bilip bolmaýar” diýip, Stendiş aýtdy.

Ýöne, bilermene görä, “däp bolan we däp bolmadyk howpsuzlyk goldawy”, ähtimal, iki ýurduň arasynda aňtaw maglumatlarynyň paýlaşylmagyny, harby türgenleşikleri we ýarag söwdasyny öz içine alyp biler, ýöne bu ugurdaky gepleşikleriň jikme-jikligi jemgyýetçilige äşgär edilmeýär.

Mundan ozal, Hytaý Täjigistanyň Owganystan bilen serhetleşýän sebitlerinde harby postlary gurup berdi.

Synçylar Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda howpsuzlyk babatynda Russiýanyň täsir güýjüniň ýokarydygyny aýdýarlar. Şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýanyň ilaty rus medeniýetine, rus diline tas bir asyrdan gowrak wagt bäri uýgunlaşyp gelýär. Adam hukuklaryna aýratyn ähmiýet berýän ABŞ we Günbatar ýurtlary babatynda aýdylanda, tutuş dünýäde bolşy ýaly, sebitde hem iňlis dilini öwrenmäge, günbatar medeniýeti bilen tanyşmaga ilat arasynda meýiller artýar. Muňa garamazdan, synçylara görä, Hytaý sebitde öz ýumşak güýjüni hem artdyrmagy nazarlaýar.

Ýöne bu synanyşyklar nä derejede üstünlik gazanyp biler!?

Hytaý boýunça bilermen sebitde Gazagystan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlarda hytaý täsirine garşy ilat arasynda belli bir derejede garşylygyň dörändigini gürrüň berdi. Ýöne bu täsirden, ekspertiň pikiriçe, gaçyş ýok.

“Hytaý sebitde hususan-da ýerli ilatyň garşylygyna duçar boldy, ýöne hökümetleriň arasyndaky gatnaşyklara syn edenimizde, bu gatnaşyklar örän ysnyşykly gatnaşyklardyr” diýip, Stendiş aýtdy.

Ol uzak möhletde Hytaýyň sebitde öz ýumşak güýjüni artdyrmagyna garaşylýandygyny çaklady.

“Hytaýyň daşary syýasat arkaly durmuşa geçirýän çylşyrymly “ýumşak täsir” elementleri bar, ýöne ol şeýle gurallary beýleki sebitler bilen deňeşdirilende Merkezi Aziýada heniz ýaýbaňlandyrmady. Sebitiň hususan-da ykdysady taýdan Hytaýa garaşly galmagy bilen, bu, onýyllyklaryň dowamynda tebigy ýagdaýda amala aşýan proses, belki biz munuň netijelerini heniz dessine görýän däldiris” diýip, ekspert aýtdy.

Has köp adamyň hytaý dilini öwrenmäge ýykgyn etmegi, has köp adamyň hytaý kompaniýalarynda işlemegi, Hytaýyň “Huaewi” ýaly iri kompaniýalarynyň, galyberse-de medisina kompaniýalarynyň sebite ornaşmagy we beýlekli ýagdaýlar, eksperte görä, Hytaýyň Merkezi Aziýada “ýumşak güýjüni” artdyrar.

“Bu haýal iş, şonuň üçin biz muny görüp bilmeýäris, ýöne gürrüňsiz, bu proses häzir bolup geçýär. Meniň pikirimçe, adamlar islese-de, islemese-de, Hytaý sebitde adaty raýatlaryň gündelik durmuşyna has köp täsir eder. Bu gynansak-da şeýle” diýip, ekspert aýtdy.

Hytaý Türkmenistanyň iň iri energiýa müşderisidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG