Söwda işgärleri ilata döwlet dükanlaryndan goýberilýän subsidirlenen önümleriň adamlaryň ýaşaýan ýerlerine eltilip berilmeginiň zerurlyk aradan aýrylýança dowam etdiriljekdigini eşidip, lapykeç boldular diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.
Mundan öň ol önümleriň täzelikde, nobatlary ýaşyrmak üçin tapylan usulynyň 25-nji maýa, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenýänçä saklanyp, soň ýatyryljakdygy barada çaklamalar edilipdi.
Emma indi häkimiýetler, görnüşinden, ilata elýeterli bahadan goýberilýän önümleri şeýle usulda paýlamagy has netijeli hasapladylar we azyk harytlaryny adamlaryň öýlerine eltip bermegi dowam etdirmek kararyna geldiler.
Bu ýurtda "prezidentiň abraýyny gaçyrýar" diýlip bilnen dükan nobatlarynyň soňuna çykylandygyny, indi daňdan baryp, sibsidirlenen bahadan goýberilýän azyk önümlerini almaga garaşýan we nobatda uruşýan adamlaryň görülmejekdigini aňladýar.
Şeýle-de, habarçynyň degişli hünärmenden alan maglumatyna görä, güýç gurluşlarynyň işgärlerine söwda pudagyna basyş edip, olary gorkuzyp, öňküleri ýaly, haryt almak üçin wezipelerinden peýdalanmazlyk barada duýduryş berildi.
Türkmenistanda dowam edýän azyk krizisiniň anyk görkezijisi bolan nobatlara garşy göreş wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň "prezidentiň abraýyny goramak" ugrundaky tagallalary netijesinde güýçlendi we Azatlygyň habarçysy geçen hepdäniň aýagynda Aşgabatda çöregiň dükana agşamlyk, iş wagtynyň aýagynda, dükan ýapylmazynyň öň ýanynda getirilip, ertesi duýdansyz satylyp başlandygyny habar berdi.
Bu täzelik çörek getirýän awtoulagyň we oňa garaşýan adamlaryň üýşmeleňleriniň wideoýazgy edilmeginiň öňüni almak maksady bilen girizildi diýip, anonimlik şertinde gürleşen söwda işgäri aýtdy.
Emma muňa garamazdan, dükanlardaky nobatlaryň 'ýitirim edilmegi' azyk meselesiniň belli bir derejede hem bolsa oňyn çözülýändigini aňlatmaýar.
Ýurduň sebitlerinden gelip gowuşýan maglumatlara görä, bugdaý baradaky döwlet tabşyryklaryny dolandygy aýdylýan ýurtda, gurak gelen ýylyň oragyndan öň, çörek, un we iým gytçylygy has ýiti duýulmaga başlady.
Ýurduň günbataryndaky Türkmenbaşy şäherinde hem çörek gytçylygy ýiti duýulýar; ýerli habarçy şu gün bu ýerde döwlet dükanlarynda berilýän un we çörek paýlarynyň möçberiniň azaldylandygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji maýda şu ýylyň 1-nji iýunyndan 1-nji sentýabryna çenli aralykda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek baradaka karara gol çekdi.
Prezidentiň karary bilen baglylykda, ýerli ilat indi aýyň başyndan döwlet dükanlaryna un, ýag, towuk eti ýaly azyk önümleriniň çykarylmagyna garaşýar.
Häzir Türkmenbaşynyň Kenar bazarynda 150 gram çemesi çörek 8 manat, kartoşka 16-20 manat aralygynda, sogan 9 manat, 1 kg tüwi 20-25 manat bahalanýar diýip, ýerli habarçy bu sebitde azyk önümleriniň beýleki ýerlerdäkiden azyndan bir esse kän gymmatdygyny habar berýär.
Onuň sözlerine görä, karantin çäklendirmeleri sebäpli işini ýitiren adamlaryň köp bolmagy, dollaryň gymmatlamagy ilatyň satyn ajyjylyk ukybyny düýpli peseltdi.
Mundan 5-10 öň ýyl ýurduň iň ösen şäherleriniň biri hasaplanýan ýerde indi zir-zibil dörýän adamlar köpelýär, aýal-gyzlaryň arasynda ten satmak hadysalary güreldi, hatda döwletden gowy aýlyk alýar diýip bilinýän polisiýa işgärleri hem öz iş ulaglarynda adam gatnadyp, goşmaça gazanç etmäge çalyşýar diýip, habarçy aýtdy.
Radionyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen polisiýa ofiseriniň tassyklamagyna görä, 1800-2000 manat aýlyk Türkmenbaşy şäherinde diňe berk tygşytlap sowaňda 10 gün maşgala eklemäge ýetýär.
Azatlygyň ýurduň Içeri işler ministrligi bilen habarlaşyp, polisiýa işgärleriniň aýlyk üpjünçiligi barada düşündiriş almak synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.