Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropanyň iň uly we ganly konfliktiniň soňuna çykmak üçin alnyp barylýan diplomatiki tagallalaryň arasynda Kiýewiň delegasiýasynyň geljek hepdede Saud Arabystanynda ABŞ-nyň resmileri bilen gepleşik geçirjekdigini aýtdy.
Zelenskiý 20-nji martda Norwegiýa eden sapary wagtynda, Kiýew we Moskwa ok atyşygy bes etmek barada bölekleýin ylalaşandan soň, Ukrainanyň raýat infrastrukturasy diýip hasaplaýan desgalaryny anyklaşdyrmak üçin olaryň sanawynyň taýýarlanjakdygyny aýtdy.
18-nji martda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ukrain infrastrukturasyna edilýän zarbalary bes etmek barada ylalaşdy, emma diňe birnäçe sagatdan soň ony bozdy.
"Men taraplaryň razy bolýan zatlaryna başgaça düşünmegini islemeýärin" - diýip, Zelenskiý ukrain delegasiýasynyň 24-nji martda Saud Arabystanynda boljak gepleşiklerde rus resmi topary bilen ýüzbe-ýüz gepleşik geçirmejekdigini aýtdy.
Tramp we Zelenskiý 19-njy martda ABŞ-nyň prezidentiniň Putin bilen eden söhbetdeşliginiň netijesini ara alyp maslahatlaşmak üçin telefon arkaly gepleşdiler.