Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Agyz suwy desgasy durdy. Balkanda ýatyrylan maýalar 'zyýanyna işleýär'


"Awaza" görnüşi
"Awaza" görnüşi

Balkan sebitiniň agyz suwundan soňky meselesi işsizlik hasaplanýar. Milliardlarça dollar harçlanan, ýerli ilat üçin goşmaça iş mümkinçiliklerini döreden "Awazanyň" ýapyk galmagy içerki syýahatçylykdan gelen girdejileriň kesilmegine, sebitiň ykdysady ýagdaýlarynyň has ýaramazlaşmagyna getirýär.

Türkmenbaşy şäherinde deňiz suwuny duzsuzlandyrmak, ilatyň suw meselesini çözmek üçin millionlap amerikan dollaryna gurlan suw desgalarynyň biri zerur bolan himiki maddalaryň ýetmezçiligi sebäpli işini togtatdy.

"Suw desgasy daşary ýurtlardan walýuta satyn almaly reagentler sebäpli durdy, döwletde olary satyn almaga pul ýok" diýip, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Suw desgasynyň zerurlyklaryny bilýän raýatyň tassyklamagyna görä, Hazar deňziniň duzly suwuny arassalamak üçin her gün tonnalap reagent gerek, olary satyn almak üçin bir milliondan gowrak dollar harçlamaly, emma 38 millird dollarlyk gurluşyk işlerini alyp barýan döwletde häzir beýle mümkinçilik "tapylmaýar".

"Şu sebäpden hem desgalaryň biri işlemän dur. Emma Türkmenbaşy şäherindäki köşgi arassa suw bilen üpjün edýän ikinji desga işleýär" diýip, ol häzir Garrygaladan, häzirki Magtymgulydan suw getirjek geçirijiniň gurulýandygyny hem sözüne goşdy.

Bu işini togtadan suw desgasynyň bäri-bärde işlemejeginden habar berýär.

Doly kuwwatynda ulanylmaýan desgalaryň diňe biri bolan täze portuň hem işlemän, boş durandygy habar berilýär.

"Sebäbi ýük ýok, Hazaryň ýeke-täk çykalgasy bolan Wolga derýasy gyşyna doňansoň, ýarym ýyl bäri onda hiç bir gämi gatnawy ýok" diýip, türkmenabaşyly çeşme aýtdy.

Türkmen metbugaty Hazaryň kenarynda gurulýan suw desgalarynyň, täze portuň mümkinjilikleri hakynda uludan-uly maglumatlary çap etdi.

Mysal üçin, Esenguly etrabynyň Ekerem obasynyň golaýynda guruljak desganyň bir gije-gündizde 50 müň kubmetr arassa suw "berjekdigi", Hazar şäherinde guruljak zawodyň bolsa her gün 5 müň kubmetr arassa suw "berjekdigi" aýdyldy.

Resmi maglumata görä, Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly obasynda günde 50 müň kubmetr, Awazada 35 müň kubmetr arassa suw berýän desgalar bar.
Bu desgalar açylanda, ýerli ilatyň arassa agyz suwy bilen doly diýen ýaly üpjün ediljekdigi aýdyldy.

Emma ýaşaýjylar Balkan sebitinde, hususan-da Türkmenbaşy şäherinde sowet ýyllaryndan gelýän suw problemasynyň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Elbetde, Türkmenistandaky suw meselesi diňe balkan sebitiniň ilatyny kösemeýär. Azatlyk radiosynyň habarçylary Daşoguz, Mary we Lebap sebitlerinde, hatda paýtagt Aşgabatda hem suw üpjünçiliginiň kadaly ýola goýulmandygyny, etrap, oba ýerlerinde bir zaman mugt diýlen suwuň adamlary has kän çykdaja we kösençlige duçar edýändigini aýdýarlar.

Balkan sebitiniň agyz suwundan soňky orunda durýan ikinji uly meselesi işsizlik hasaplanýar.

Milliardlarça dollar harçlanan we ýerli ilat üçin goşmaça iş mümkinçiliklerini döreden "Awazanyň" ýapyk galmagy soňky ýyllarda içerki syýahatçylykdan gelen girdejileriň hem kesilmegine, sebitiň ykdysady ýagdaýlarynyň has ýaramazlaşmagyna getirýär diýip, Azatlygyň baklanly söhbetdeşi aýtdy.

"Awaza" ýapyk bolsa, döwletiň taksi edarasy hem planyny dolup bilmeýär. Bu edarada her hili galplyklaryň köpelmegine getirýär. Içerki söwdada hem hyrydar, alyjy azalýar, sebäbi işsiz adam barha köpelýär" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Hususan-da ol "Awazada" boş, idegsiz galan binalaryň zaýalanyp başlandygyny, ýaşyl meýdançalaryň, gymmatbaha arçalaryň idegsiz galýandygyny gürrüň berdi.

"Awaza" iki aýda bir gezek sebitiň býujet işgärlerini getirip, arassaçylyk işlerini geçirýärler. Awtobuslar hem boş, zyýanyna gatnaýar" diýip, söhbetdeşimiz sebitiň düşen ýagdaýyna gynanjyny bildirdi.

Biraz yza çekilsek, geçen ýylyň 11-nji sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde Baýramgeldi Öwezowa käýinç yglan edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararynda onuň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy” aýdylýar.

Wise-premýer Öwezowa bu käýinç Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň “doly kuwwatyna çykarylmandygy” üçin berlene meňzeýär. Prezidentiň pikiriçe, bu port “Merkezi Aziýa we Hazar sebiti üçin strategik ähmiýete eýe” bolup, “yklymara ýük gatnawlarynyň logistika ulgamynda düýpli özgertmelere getirmelidi".

2018-nji ýylyň maý aýynda açylan, umumy bahasy 1.5 milliard dollara barabar bolan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ulanylyşy, ondan gelýän girdeji barada anyk we doly maglumat berilmeýär. Ýogsa döwlet mediasy onuň ýylda 25 million tonnadan gowrak ýük geçirmäge niýetlenendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG