Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda 22,6 müň adam bankrot diýlip yglan edildi


Gazagystanyň milli puly tenge.
Gazagystanyň milli puly tenge.

Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň ýanyndaky Döwlet girdeji komitetiniň wekilleri iki ýyl ozal kabul edilen “şahsyýetleriň batmagy” baradaky kanunyň işi barada hasabat berip, statistika sanlaryny çap etdiler. Sanlara görä, şu güne çenli 22 600 adamyň bankrot diýip, yglan edilendigi yglan edildi. Olaryň jemi 120 milliard tenge mukdarly bergisi aýrylypdyr.

Döwlet girdeji komitetiniň habaryna görä, umuman şu güne çenli 200 müňden gowrak adam özlerini bankrot diýip yglan etmek üçin häkimiýetlere ýüz tutupdyr. 145 müň raýatyň ýüzlenmesi ret edilipdir. Galan arzalara seredilýär.

“Maksada ýetildi - ilatyň bergileri azalýar. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirsek, 2025-nji ýylda [bankrot] üçin arzalar has köp" - diýip, Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdeji komitetiniň başlygynyň orunbasary Seilžan Ahmetow 20-nji martda geçirilen brifingde aýtdy.

2023-nji ýylda Gazagystanyň häkimiýetleri 1 million 170 müň raýatyň bankrot prosedurasyny ulanyp biljekdigini çakladylar. Şunuň bilen baglylykda, žurnalistler çykyş eden resmilerden çaklamalar bilen deňeşdirilende arzalaryň az bolmagynyň sebäplerini soradylar we muny bankrot hasaplanmak üçin ýüz tutmak düzgünleriniň aşa berk bolmagyny çak etdiler.

Gazagystanda azyndan bir ýyl karzyny üzüp bilmedik raýatlar bankrot diýlip, hasaplanmagy üçin ýüz tutup bilýär. Özbegistanda üç aýda karzyny yzyna gaýtaryp bilmedik raýatlar bankrot bolup bilýär.

XS
SM
MD
LG