Sepleriň elýeterliligi

 
Çagalaryň ogurlanmagy barada ABŞ-nyň gözleg toparynyň ýapylmagyndan soň, ukrainalylar gözlegleri dowam etmäge çagyryş edýär
Soňky habar

Çagalaryň ogurlanmagy barada ABŞ-nyň gözleg toparynyň ýapylmagyndan soň, ukrainalylar gözlegleri dowam etmäge çagyryş edýär


Russiýa tarapyndan basylyp alnan Ukrainanyň sebitlerinden bolan çagalary Belarusyň harby desgalaryna aýlaýarlar.
Russiýa tarapyndan basylyp alnan Ukrainanyň sebitlerinden bolan çagalary Belarusyň harby desgalaryna aýlaýarlar.

Ukrainanyň çäginden alnyp, Russiýa äkidilen on müňlerçe ukrain çagasynyň ykbalyna ABŞ-nyň hökümetiniň bu çagalaryň ýerleşýän ýerini anyklamaga kömek eden Amerikan gözleg toparynyň maliýeleşdirilmegini bes etmek karary, bu ugurda nämälimlikleri döretdi.

ABŞ, Ýale Uniwersitetiniň Gumanitar Gözleg Laboratoriýasynyň ýöriteleşdirilen toparyna maliýe goldawyny bes etdi. Bu topar açyk çeşmeli tehnologiýalary ulanyp, ýiten çagalary yzarlap, maglumatlary Kiýewe ýetirýärdi.

Ýale Uniwersitetiniň Gumanitar Gözleg Laboratoriýasynyň ýerine ýetiriji direktory Nataniel Reýmond Azatlyk Radiosy bilen geçiren aýratyn söhbetdeşliginde bu ädimiň Russiýa tarapyndan ogurlanan takmynan 35,000 ukrain çagasynyň ýerleşýän ýerini yzarlamak tagallalaryna “elhenç zarba” bolandygyny aýtdy.

Ukrain resmileri we aktiwistleri çagalary yzarlamak we olary yzyna getirmek tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar, ýöne Ýale toparynyň maliýeleşdirilmeginiň bes edilmeginiň olaryň işini has kynlaşdyrjakdygyny boýun alýarlar.

Kiýewdäki Sebit Hukuk Merkeziniň hukuk bilermeni Katerina Raşewska, Gumanitar Gözleg Laboratoriýasynyň çagalary yzarlamak we maglumatlary ukrain häkimiýetleri bilen paýlaşmakdan başga-da, Ukrainanyň çagalary yzyna getirmek kampaniýasynyň abraýyny ýokarlandyrmaga kömek edendigini aýdýar.

“Olar şeýle hem wagyz-nesihat işlerinde örän işjeň bolup, degişli konferensiýalara gatnaşdylar, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdiler. Bu giň gerimli bir işdi” diýip, ol aýtdy.

Raşewska we Merkeziň beýleki topar agzalary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini we beýleki rus resmilerini basyp alnan ukrain çäklerinden Russiýa bikanun alnyp gidilen çagalar üçin jogapkärçilige çekmek üçin subutnamalary ýygnamak tagallalaryna goşant goşdular.

Russiýa tarapyndan basylyp alnan Ukrainanyň sebitlerinden bolan çagalar Belarusdaky bir lagere ýollanýar.
Russiýa tarapyndan basylyp alnan Ukrainanyň sebitlerinden bolan çagalar Belarusdaky bir lagere ýollanýar.

Çagalaryň mejbury alnyp gidilmegi we deportasiýasy Halkara Jenaýat Kazyýetiniň düzgünnamalaryna görä uruş jenaýaty hasaplanýar. Şeýle hem, eger maksady belli bir etniki, jynsy ýa-da dini topary ýok etmek bolsa, bu genosid hasap edilip bilner.

Kazyýet 2023-nji ýylda Putin we Russiýanyň çagalaryň hukuklary boýunça komissary Mariýa Lwowa-Belowa üçin çagalaryň deportasiýasy bilen bagly tussag ediş orderlerini berdi.

Russiýa nädogry hereket edendigini inkär edýär we ukrain çagalaryny uruşdan goramak üçin konflikt zonalaryndan ewakuasiýa edýändigini öňe sürýär.

Ukrainanyň öňki baş prokurorynyň orunbasary Gunduz Mämmedow, Ýale laboratoriýasy ýaly toparlara maliýe serişdeleriniň kesilmeginiň diňe bir Ukrainanyň ogurlanan çagalary yzyna getirmek ukybyny gowşatman, eýsem jenaýatçylary jogapkärçilige çekmek tagallalaryny hem çäklendirýändigini aýtdy.

“Ukraina Russiýa tarapyndan edilen jenaýatlary derňemek we hasaba almak işini, hususan-da elýeterli sanly kriminalistika, açyk çeşme analitikasy we halkara hyzmatdaşlygy ýaly usullary ulanyp, öz işini garaşsyz dowam etdirmek örän möhümdir” diýip, Mämmedow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýale laboratoriýasy açyk çeşmeli tehnologiýalary, mysal üçin, hemra suratlaryny, sosial mediany we rus neşirlerini ulanyp, çagalar barada maglumat ýygnady.

“Bu proses togtamaly däl, sebäbi bu biziň çagalarymyzyň yzyna getirilmegi we adalat üçin açardyr” diýip, ol aýtdy.

Halkara Jenaýat Kazyýeti Putin we Russiýanyň çagalaryň hukuklary boýunça komissary Mariýa Lwowa-Belowa üçin çagalaryň deportasiýasy bilen bagly tussag ediş orderlerini berdi.
Halkara Jenaýat Kazyýeti Putin we Russiýanyň çagalaryň hukuklary boýunça komissary Mariýa Lwowa-Belowa üçin çagalaryň deportasiýasy bilen bagly tussag ediş orderlerini berdi.

Her niçik bolsa-da, ähli umyt ýitmedi.

Administrasiýasynyň Ýale topary üçin maliýeleşdirmäni bes etmeginden birnäçe gün soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň çozuşyny soňlamak üçin ýol tapmak barada ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenski bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ýiten çagalaryň meselesini hem gozgady.

“Prezident Tramp, şeýle hem, prezident Zelenskiden uruş wagtynda Ukrainadan ýiten, şol sanda ogurlanan çagalar barada sorady. Prezident Tramp bu çagalaryň öýlerine gaýtarylmagyny üpjün etmek üçin iki tarap bilen ýakyndan işlemegi wada berdi” diýip, Ak Tam 19-njy martda geçirilen jaňyň mazmuny boýunça mälim etdi.

Trampyň parahatçylyk gepleşik topary 24-nji martda Er-Riýadda rus kärdeşleri bilen duşuşar.

‘Ruslaşdyrma’ tagallarynyň taryhy

Russiýa tarapyndan ogurlanan ukrain çagalarynyň takyk sany belli däl.

2023-nji ýylda Ukrainanyň arlamentiniň Adam Hukuklary boýunça Wekili Dmytro Lubinets basyp alyjy güýçler tarapyndan bikanun alnyp gidilen çagalaryň sanynyň 150,000 töweregi bolandygyny aýtdy.

Zelenski tarapyndan esaslandyrylan “Çagalary Yzyna Getiriň UA” başlangyjyna görä, diňe 1,236 çaga yzyna getirilipdir.

Russiýa ukrain häkimiýetlerine mejbury alnyp gidilen çagalaryň sanawyny bermedi.

Kiýew çagalaryň “ruslaşdyrylýandygyny”, täzeden terbiýelenýändigini we Ukrainanyň garşysyna propagandanyň täsirine sezewar edilýändigini aýdýar.

Rus maşgalalary tarapyndan bikanun perzentlige alynmak barada habarlaryň bardygyny, köp “perzentlige alýan ene-atalaryň” çagalaryň atlaryny üýtgedip, olaryň ukrain şahsyýetini ýok edýändigini bellenilýär.

Ukrain çagalaryna Russiýada rus watançy aýdymlary aýtdyrylýar.
Ukrain çagalaryna Russiýada rus watançy aýdymlary aýtdyrylýar.

Moskwanyň ukrain şahsyýetine garşy alyp barýan urşy ýüzlerçe ýyl mundan ozal başlady. Patyşa Russiýasy we Sowet režimi ukrain dilini basyp, ukrainleri assimilýasiýa mejbur edip, resmi dokumentlerde etniki ukrainleri rus hökmünde hasaba aldylar.

Russiýanyň tabyn ediji hereketleri adamyň diňe bir şahsyýeti bilen çäklenmeýär. Gumanitar Gözleg Laboratoriýasyna görä, çagalaryň “fiziki taýdan kemsidilendigi, Ukrainadaky maşgalalary bilen aragatnaşyk saklamagyň gadagan edilendigi we Russiýa alnyp gidilenden soň iýmit we ideg taýdan ýeterlik derejede üpjün edilmedigi” dokumentleşdirilen ýagdaýlar bar.

Gumanitar Gözleg Laboratoriýasy - Russiýa tarapyndan edilendigi öýdülýän uruş jenaýatlaryny derňemek maksady bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň serişdeleri bilen döredilen “Ukraina Konfliktine Syn” atly programmanyň bir bölegidir.

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti 18-nji martda Azatlyk Radiosyna beren beýanatynda “Ukraina Konfliktine Syn” programmasyny goldaýan daşary ýurt kömek serişdeleriniň ýatyrylandygyny tassyk etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG