Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Subsidirlenen azyklaryň hili ýaramazlaşýar, adamlaryň saglygyna ‘howp abandyrýar’


 Adamlar aç galmajak bolup, möhleti geçen harytlary, şol sanda çüýrän gök-önümleri hem satyn alýandyklaryny aýdýarlar. (illýustrasiýa suraty)
Adamlar aç galmajak bolup, möhleti geçen harytlary, şol sanda çüýrän gök-önümleri hem satyn alýandyklaryny aýdýarlar. (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda döwlet dükanlarynda satylýan subsidirlenen iýmit önümleriniň hili barha ýaramazlaşýar. Ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda gurpdan düşen adamlaryň aglabasy möhleti geçen, zaýalanmaga golaýlan, şol sanda bakja önümlerini hem satyn almaga mejbur bolýarlar. Bu hem ozaldan saglyk meseleleri bolan adamlaryň ýagdaýlarynyň has hem erbetleşmegine, kä halatlarda pajygaly soňa sebäp bolýar. Bu aralykda, Aşgabatda döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlary emeli ýagdaýda aýyrmak boýunça täze düzgünler girizilýär.

Türkmenistanda ilatyň agramly böleginiň döwlet dükanlarynyň subsidirlenen iýmit önümlerine garaşly galýan wagty, degişlilikde arzan satylýan bu azyk harytlarynyň hiliniň barha erbetleşýändigi barada ýurduň dürli künjeklerinden, şol sanda paýtagtdan hem maglumatlar gowuşýar.

Efirde adynyň üýtgedilip Bilbil diýlip tutulmagyny soran maryly 40 ýaşlaryndaky öý hojalykçy döwlet dükanlaryndan goýberilýän azyklaryň hili barada ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

“[Döwlet dükanyndaky] çörek unuň pes hilinden bişirilýär. Onuň ajymtyk, turşy tagamy bar. Çöregiň daşy bişen bolsa-da, içi çyg. Bir gün hem geçmänkä eýýäm yslanýar” diýip, Bilbil 21-nji maýda gürrüň berdi.

Ol aýda bir gezek berilýän unuň hem hiliniň juda ýaramazdygyny, ony elekden geçireniňde içinden kepek, un bitiniň çykýandygyny aýdýar.

“Üstesine-de, unuň ýakymsyz ysy bar. Çörek bişirmezden ozal ony ençeme gezek elekden geçirmeli. Şonda-da, çörek ysly we gyjyrdyly bolýar” diýip, ol belledi.

Şeýle-de, Bilbil döwlet dükanlaryndaky pagta ýagynyň hili barada hem durup geçdi.

“Ýagyň reňki gap-gara. Ýagy guýup berýän gaplarynyň düýbüne seredeniňde çöküntgileri görmek bolýar. Ýagy ulanyp bolar ýaly, ony ilki ýakmaly. Ýag ýanançýa, munuň üçin ulanylýan gabyň reňki garalyp gidýär. Ýagy daşarda ýakmaly bolýar, sebäbi onuň ysy öýden birnäçe hepdeläp çykmaýar” diýip, Bilbil sözüne goşdy.

Ýerli habarçylarymyz ýurtdaky pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli has-da erbetleşen ykdysady şertleriň arasynda, adamlaryň aç galmajak bolup, möhleti geçen harytlary, şol sanda çüýrän gök-önümleri hem satyn alýandyklaryny aýdýarlar.

Atlandyrylmasyzlyk şertinde söhbetdeş bolan maryly lukman munuň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir ýetirýändigini gürrüň berdi.

“Adamlarda aşgazan gastriti we iýmit siňdiriş ulgamy bilen ilteşikli başga-da keseller, şol sanda onkologiýa ýagdaýlary köpelýär” diýip, lukman 21-nji maýda habarçymyza aýtdy.

Ol hili pes azyklaryň ozaldan saglyk meselesi bolan adamlaryň ýagdaýyny has hem erbetleşdirýändigini, hatda, şu sebäpli birnäçe adamyň aradan çykandygyny hem gürrüň berdi.

“Golaýda, bir hassa bagrynyň gatamasy, ýagny bagryň serrozi bilen bagly keselhanadan bejergi alyp çykanda, oňa öýünde döwet tarapyndan berilýän ýaga bişirilen nahar berlipdir. Şol gün onuň aşgazanynda yza döräp, ony täzeden keselhana ýerleşdirdiler. Ol bir hepdä ýetmän ýogaldy” diýip, lukman gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy merhumyň hossarlary bilen hem söhbetdeş bolmagy başardy. Emma olaryň howpsuzlygy jähtinden, anyk adam atlaryny tutmakdan saklanýarys.

“Bularyň zyýanlydygyna lukmansyz hem aklymyz çatýar. Biz saýlap-seçip iýmit iýip bilmeýäris. Däri-dermanlary hem bergi-borja batyp alýarys. Tutuş oba bergili” diýip, merhumyň hossarlarynyň biri habarçymyza nägileligini bildirdi.

Türkmenistanyň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, şol sanda ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmagyň hem maksat edinilýändigi aýdylýar. Hökümet maslahatlarynda onuň ýyldan-ýyla üstünlikli durmuşa geçirilýändigi öňe sürülýär.

Şol bir wagtda, döwlet emeldarlary we mediasy Türkmenistanyň ilatyň agramly böleginiň kadasyz üpjün edilýän, adatça, hili ýaramaz subsidirlenen iýmit önümlerine garaşlydygy, şeýle-de möhleti geçen, zaýalanan azyklary satyn almaga mejbur bolýandygy barada hiç hili maglumat bermeýärler.

Galyberse-de, golaýda žurnalistleriň çap eden derňewinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn garyndaşlarynyň ilatyň başdan geçirýän azyk krizisinden bähbit görýändigi, iýmit bilen üpjün etmek baradaky şertnamalaryndan gelen girdejilerine millionlarça dollarlyk kaşaň jaýlary edinýändikleri bellenip geçilipdi.

Bu aralykda, Aşgabatda döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlary emeli ýagdaýda aradan aýyrmak boýunça täze düzgünler ornaşdyrylýar. Paýtagtdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, indi dükanlara täze çöregi diňe gije wagty getirmek ýola goýlupdyr.

“Mundan öň, täze çörek dükanlara günüň dowamynda getirlerdi. Şol wagt, ýaşaýjylar nobat gadagançylygyna garamazdan dükanyň öňüne ýygnanýardy, käbirler muny wideo we surata hem alýardylar. Bularyň öňüni almak üçin, indi täze çörek diňe iş wagty gutaran soň dükana eltilýär” diýip, habarçy belledi.

Ýatlatsak, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow azyk nobatlarynyň kakasyny abraýdan düşürýändigini aýdyp, muňa nägile bolandan soňra, ýurduň dürli künjeklerinde nobatlar mejbury ýagdaýda çäklendirilip başlandy.

Mundan başga-da, Aşgabatdaky habarçymyz döwlet dükanyndaky satyjylaryň käbiriniň öz islegine görä çöregi söwda tekjesine goýýandygyny ýa ondan aýyrýandygyny belledi.

“Dükana baryp çörek soranymda, satyjy ‘häzir ýok’ diýdi. Aradan bir minut hem geçmänkä, başga bir adam eýýäm dükandan eli çörekli çykdy” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri 21-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary ilata çäkli möçberde satylýan iýmit önümlerini dükanlaryň arka gapylaryndan, adatça, hususy dükan eýelerine, restoranlara we güýç gulluklarynyň işgärlerine çäksiz möçberde goýbermek tejribesiniň hem saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG