Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, 14-nji aprelde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji çagyryşynyň mejlisiniň dowamynda, Halk Maslahatynyň, ýagny parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesine saýlandy.
Ýöne Türkmenistanyň Konstitusiýasy prezidente Halk Maslahatyna agzalygy we Mejlise deputatlygy gadagan edýär. Şol bir wagtda, Konstitusiýa görä, prezident ýarawsyzlyk sebäpli öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, täze prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň başlygyna berilýär.
Biz Türkmenistanyň Baş kanuna çapraz gelýän bu soňky syýasy özgertmeler barada Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni, Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan ekspert Brýus Panniýer bilen söhbetdeş bolduk.
Azatlyk Radiosy: Prezidentiň Halk maslahatynyň başlygy wezipesine saýlanmagy baradaky habary nähili garşyladyňyz?
Brýus Panniýer: Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlanandygy baradaky habaryň dolulygyna garaşylmadyk bir ýagdaý bolandygyny aýdyp bolmaýar. Esasan hem, onuň mundan birnäçe hepde ozal Halk Maslahatyna deputatlyga saýlanandygy mälim edileninden soňra, bu onçakly täsin hem eşidilmeýär. Dogursy, şol pursat bu habar birneme geň kabul edilipdi.
Ýöne bu ýurdy dolandyrmak ulgamynda häzir käbir özgertmeleriň bolup geçýändigini äşgär edýär. Mundan öň, Halk Maslahatynyň başlyklygyna Berdimuhamedowyň özüniň ýa-da ogly Serdaryň saýlanjakdygy barada dürli garaýyşlar orta atylýardy.
Emma Milli Geňeşiň täze palatasynyň juda sahnalaşdyrylan mejlisiniň dowamynda, Berdimuhamedowyň özüni spiker ornuna teklip etmegi, kanunçykaryjylaryň hem ony biragyzdan goldamagy köp zady aýan etdi. Aslynda, Berdimuhamedowyň ‘doly goldawa eýedigi’ baradaky öňe sürmeler Türkmenistan üçin geň bir zat däl. Elbetde, mejlisiň dowamynda Berdimuhamedowyň kandidaturasyna garşy çykan ýekeje-de adam tapylmady.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bir adam bir wagtda hem ýerine ýetiriji, hem-de kanunçykaryjy häkimiýetleriň başlygy bolup bilmeýär. Galyberse-de, Baş kanunyň 73-nji maddasynda “Türkmenistanyň prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzasy ýa-da deputaty bolup bilmez” diýlip açyk aýdylýar. Muny nähili düşündirýärsiňiz?
Brýus Panniýer: Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda Konstitusiýanyň hiç hili many-mazmuny ýok. Prezident bar häkimiýeti öz elinde saklaýar, kellesine gelen ähli zady edýär.
Bu ýagdaýlar nazarda tutulanda, onuň häzirki hereketi birneme geň görnüp biler. Emma onuň Halk Maslahatynyň başlyklygyna geçmegi bilen, hökmany ýagdaýda bir maksat göz öňünde tutulýandyr.
Berdimuhamedowyň soňy bilen prezidentligi ogly Serdara geçirer ýaly, häzir munuň üçin kanuny esaslary döredýän bolmagy ähtimal. Onuň ýakyn geljekde prezidentlikden çekilip, ýurtdaky ikinji möhüm syýasy wezipäni eýeläp oturmagy isleýän bolmagy mümkin. Eger-de nähilidir bir sebäplere görä nobatdaky prezident wezipesini ýerine ýetirip bilmän, ondan çetleşdirilse, Berdimuhamedowyň bu orna gaýtadan dolanmagy göz öňünde tutýan bolmagy hem mümkin.
Şuňa meňzeş ýagdaý Gazagystanda hem bolup geçdi. 2019-njy ýylda Nursoltan Nazarbaýew wezipesinden çekilip, prezident hökmünde özüne wepaly Kasym Žomart-Tokaýewi goýdy, özi hem wezipe borçlary giňeldilen Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy boldy. Nazarbaýew ýurtda entegem möhüm orny eýeleýär. Aslynda, köpler Nazarbaýewň ýurdy heniz hem özüniň dolandyrýandygyna, Tokaýewiň bolsa, sadaja göz üçin goýlan biridigine ynanýar.
Türkmenistanda häzirki wagt bolup geçýän syýasy özgertmeler hem şuňa meňzeş. Ýöne Türkmenistanda häkimiýeti atadan ogla geçirmek ugrunda tagala edilýär. Eger-de ähli zat olaryň isleýşi ýaly geçse, onda Serdaryň ýurduň nobatdaky ömürlik prezidenti bolmagy hem mümkin.
Azatlyk Radiosy: Häkimiýetiň atadan ogla geçmegi iş ýüzünde nähili amal edilip bilner?
Brýus Panniýer: Türkmenistanda irki prezidentlik saýlawlar yglan edilip bilner ýa-da Halk Maslahatynyň mejlisleriniň birinde ‘geliň, prezident hökmünde Serdar Berdimuhamedowy saýlalyň’ diýen äheňde bir teklip orta atylyp, ol hem ýurtda adatça bolşy biragyzdan oňlanyp biler.
Azatlyk Radiosy: Ýokarda hem belläp geçişiňiz ýaly Berdimuhamedow häzir ýurtda ähli häkimiýeti öz elinde saklaýar, ýurtda onuň möhüm syýasy garşydaşlary hem ýok. Siziň öz sözleriňiz bilen aýdylanda bu “syýasy oýunlara” edil häzirki pursat näme zerurlyk bar?
Brýus Panniýer: Berdimuhamedow birnäçe gezek dolulygyna ýitirim bolupdy. Köpler onuň agyr keseldigini aýdýar. Ol soňky gezek ençeme hepdeläp gözden ýitip, gaýtadan peýda bolanyndan soňra, ogly Serdaryň hem syýasy karýerasy birdenkä götergilenip başlady.
Ol gysga wagt aralygynda bir ýokary derejeli wezipeden beýleki bir wezipä bellenildi, daşary ýurtlara sapar edýän türkmen delegasiýalarynyň düzümine goşuldy.
Berdimuhamedowyň häzir saglyk ýagdaýlary sebäpli häkimiýeti ogluna geçirmek ugrunda howlugýandygyny çaklap bolar. Ol ogly prezident bolsa-da, gapdalyndan oňa hiç kimiň garşy çykmazlygy üçin gözegçilik etjek bolar.
Galyberse-de, Gurbanguly Berdimuhamedow özi dünýäden ötenden hem soň, guran syýasy režiminiň we maşgalasynyň saklanyp galmagyny kepillendirjek bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.