Türkmenistanda gazetler 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan üç esse gymmatlady diýip, “Gündogar” 8-nji ýanwarda habar berdi.
Habar neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň esasy gazetleri, “Türkmenistan” we “Watan”, şeýle-de rus dilinde çap edilýän “Neýtralnyý Turkmenistan” ýyl başyndan bäri üç esse gymmatladyldy.
Has anygy, dört sahypada çykýan gazetleriň her sanynyň bahasy indi 10 teňňe däl-de, 30 teňňe boldy.
Şeýle-de, neşir anyklaşdyrmazdan türkmen neşirleriniň käbiriniň bu ýyl hiç bir sanynyň çykmandygyny we muňa hiç bir düşündiriş berilmeýändigini belleýär.
Türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň noýabrynda birden onlarça ýyl bäri şol bir mazmunly makalalary, prezident portretlerini gaýtalap çap eden gazetlerden kagyz tygşytlamak kararyna geldiler.
Resmi maglumata görä, “Türkmen dili” gazetiniň “Mugallymlar gazeti” gazetine, "Galkynyş" gazetiniň "Watan" gazetine birikmegi 120 tonna kagyzy tygşytlamaga kömek etse, "Diýar" we "Возрождение" žurnallarynyň birleşmegi bilen 3,7 tonna kagyz tygşytlanar.
26-njy noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda gazet-žurnallaryň birnäçesini birikdirmek barada gelnen karar resmi taýdan elektron ulgama geçilmegi bilen düşündirildi.
Şol bir wagtda, hökümetçi medianyň anyklaşdyrman beren maglumatyna görä, täze çözgüt şol bir zatlary gaýtalap ýa göçürip çap edýän žurnalistleriň sanynyň azaldylmagyna, býujet serişdeleriniň tygşytlanmagyna alyp gelmez.
Ýurtdaky ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda işsiz adamlaryň sanynyň barha artmagy bilen, döwlet neşirleriniň elektron görnüşe geçirilmegi netijesinde, döwlet wagzy bilen meşgullanýan žurnalistleriň hem onlarçasynyň işini ýitirmeginiň mümkindigi çaklanýar.
Emma hökümetçi “Türkmenportal” neşiri geçen ýylyň noýabrynda “gündelik gazetleriň redaksiýalarynyň işgärlerini azaltmak gürrüňiniň ýokdugyny” aýtdy.
Şeýle-de, gazet-žurnallaryň tiražynyň azalmagy bilen baglylykda, hökümetçi neşir olaryň bahalarynyň “birneme ýokarlandyrylmagyna serediljekdigini” duýdurdy.
Mundan başga, belki-de, soňky otuz ýylda kemala gelen türkmenistanlylaryň köpüsiniň gazet-žurnallardan daşlaşmagy, ýerli radio-telewideniýäni kän diňlemezligi bilen baglylykda, adaty kagyz gazetlerine we žurnallaryna şahsy abuna ýazylmak mümkinçiliginiň diňe pensionerler üçin saklanyp galjakdygy aýdyldy.
Emma, kril harplaryndan latyn harpyna geçilmegi bilen baglylykda, uly ýaşly adamlaryň arasynda hem gazet-žurnal okaýanlaryň düýpli azalandygy habar berilýär.
Synçylar türkmen metbugatynyň sowet ýyllaryndaky propaganda, wagyzçylyk wezipesiniň doly saklanyp galandygyny we senzuranyň has güýçlendirilendigini, netijede, gazet-žurnallarda raýatlaryň durmuşyna degişli agyr meseleleriň agzalmaýandygyny, hatda tebigy hadysalar baradaky habarlaryň hem berilmeýändigini aýdýarlar.
Türkmen gazet-žurnallary sowet ýyllarynda hem esasan mejbury abuna daýanýardy we garaşsyzlyk ýyllarynda olaryň öňki abraýyny hem ýitirendigi we kim prezident bolsa, şonuň suratynyň çap edilýän ýerine öwrülendigi aýdylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende ýurtda kitap, gazet-žurnal okamak, oýun, kino görmek babatynda emele gelen ýagdaýy bölekleýin boýun aldy we garaşylýan, gözlenip okalýan gazet-žurnallaryň, kitaplaryň, tomaşaçy çekýän sahna, kino eserleriniň ýokdugyny açyk aýtdy.
Ýöne ol, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Saparmyrat Nyýazow döwründe çuňlaşan sowatsyzlaşmak tendensiýasynyň görnüp duran sebäplerini, metbugatyň durşuna bir adamyň waspçysyna öwrülendigini we adamlar üçin düýpden gyzyksyzdygyny görmezlige salyp, öz isleýän çözgüdini kadrlary yzygiderli täzelemekden, şol bir wagtda-da “gazanylan üstünlikleri” göwnejaý görkezmegi talap etmekden gözledi.
Bu ýagdaý Türkmenistanyň metbugat azatlygy baradaky hasabatlarda iň yzdaky ýurtlaryň biri bolup galmagyny kepillendirdi.
"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda yzdan ikinji orunda durýan Türkmenistan, “Azatlyk öýi” guramasynyň maglumatyna görä, internet azatlygy reýtinginde aşakdan dördünji orunda durýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.