Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň wekili Aşgabat bilen ikiçäk gepleşiklerde adam hukuklary bilen bagly meseleleri gozgaýandyklaryny aýdýar


Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Bileleşik bilen türkmen tarapynyň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşiklerde Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen bagly meseleleriň gozgalýandygyny aýdýar.

26-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda sebitara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki perspektiwalary barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýewropaly diplomatdan türkmen wekiliýeti bilen Bileleşigiň arasynda geçirilýän duşuşyklarda Türkmenistanda adam hukuklaryna degişli anyk haýsy meseleleriň gün tertibine girizilýändigini sorady.

Buriýan ikitaraplaýyn gepleşiklerde adam hukuklarynyň töweregindäki meseleleriň gozgalýandygyny nygtady.

"Örän oňat" dialog

Diplomat Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogy “örän oňat” häsiýetlendirdi.

“Gynansak-da, biz [Türkmenistan bilen] Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyny ratifikasiýa etmek işlerini tamamlap bilmeýäris” diýip, ol sözüne goşdy.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan 1998-nji ýylda Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Ýöne şondan bäri, Ýewropa Parlamenti Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýyna salgylanyp, bu resminamany ratifikasiýa etmän gelýär.

Diplomat taraplaryň arasynda şeýle şertnamanyň ýokdugyna garamazdan, Türkmenistanyň islegi bilen belli mehanizmleriň, şol sanda adam hukuklary boýunça dialogyň ýola goýlandygyna üns çekdi.

“Adam hukulary boýunça dialogdan başga-da, Hyzmatdaşlyk we söwda boýunça bilelikdäki komitet hereket edýär. Biz her ýyl geçirilýän yzygiderli geňeşmeleriň çäginde ähli meseleleri aç-açan gozgaýarys” diýip, Buriýan aýtdy.

17-nji noýabrda “Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Josep Borrell “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” atly 16-njy ministrler ýygnagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn duşuşdy.

Adam hukuklarynyň depelenmegi

Bu duşuşykdan bir gün ozal, adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy ÝB-niň ýokary derejeli diplomatyny ýygnagyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda adam hukuklarynyň meselelerine üns çekmäge çagyrdy.

“Sebitiň iň repressiw ýurdy bolan Türkmenistanda syýasy matlaplar bilen türmä basylan adamlaryň anyk sanyny kesgitlemek mümkin däl, ençeme adam, olaryň käbiri 18 ýyl bäri, zorlukly ýitirim edilmeginde galýar. Möhüm sosial we ykdysady çökgünligiň arasynda, ýeňillikli iýmit önümleriniň ýetmezçiligi adamlaryň abadançylygyna howp abandyrýan wagty, hökümet maglumata berk gözegçilik edýär” diýip, “Human Rights Watch” aýtdy.

“Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygyndan soň çap edilen bilelikdäki beýannamada oňa gatnaşyjylar “parahatçylyk, howpsuzlyk, ähliumumy adam hukuklary, demokratiýa we durnukly ösüş üçin” halkara hukugynyň çäginde bilelikde tagalla etmek barada öz borçnamalaryna ygrarlylygy ýene bir gezek tassykladylar.

Maliýe hemaýaty

Şeýle-de, bilelikdäki beýannama görä, Merkezi Aziýaly ministrler COVID-19 pandemiýasynyň fonunda ÝB-niň regiona iberen 134 million ýewro möçberindäki maliýe kömegine minnetdarlyk bildirdiler.

Ýatlasak, aprelde ÝB “Ýewropa topary” maliýe hemaýatynyň çäklerinde Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana 134 million ýewro möçberinde pandemiýa garşy maliýe kömegini berdi. Şonda Türkmenistan we Gazagystan “ortadan ýokary girdejili döwlet” hasaplanýandyklary üçin ýardama mätäç görülmedi.

Azatlyk Radiosy Bileleşigiň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen geçiren söhbetdeşliginde bu temany täzeden galdyrdy we Türkmenistanyň 3-4 ýyl bäri başdan geçirýän ykdysady çökgünligine, döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň ýetmezçiligine we beýleki ykdysady problemalara, ýöne muňa garamazdan ýurduň “ortadan ýokary girdejili döwlet” hasaplanmagyna üns çekdi.

“Energiýa eksportyndan we şuňa meňzeşlerden gelýän girdejileri sebäpli bu derejä ýeten ortadan ýokary girdejili ýurtlary her niçik-de bolsa terk edenimizde, biz bu çemeleşmäniň, belki-de, iň täsirli [çemeleşme] däldigine düşünýäris” diýip, Buriýan aýtdy. Ol ykdysadyýet dogry diwersifikasiýalaşdyrylmasa, bu ýagdaýyň wagtlaýyndygyny belledi.

“Biz ýurduň pes girdejili ýurtlaryň hataryna täzeden goşulmazlygyny, hususan-da garyplygyň derejesiniň artmazlygyny we deňsizligiň ýüze çykmazlygyny üpjün etmek üçin, hakykatdan-da, hemmeler bilen işleşmeli” diýip, ol sözüne goşdy we durnukly ösüş üçin ykdysady reformalary amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmekden söz açdy.

Bütindünýä banky Türkmenistany 2012-nji ýylda “ortadan ýokary girdejili” ýurtlaryň hataryna goşdy.

Ýewropaly diplomat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň käbir ugurlarda öňegidişlik gazanandygyny öňe sürdi.

“Biz durnukly ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişinde käbir pozitiw zatlary görýäris. Biz ombudsmen ýaly käbir edaralaryň döredilendigini görýäris” diýip, ol aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistany kanunyň rüstemligi we adam hukuklary babatynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde tankytlaýar.

Bitaraplyk maslahaty

Türkmen döwlet habarlar agentligi “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygy barada beren habarynda, ýygnaga gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň bitaraplyga bagyşlap halkara maslahat geçirmek başlangyjyny goldaýandyklaryny habar berdi. Resmi Aşgabat 12-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna bagyşlap, halkara maslahat geçirmegi meýilleşdirýär.

Ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki resmi beýannamasynda-da Ýewropa Bilelelişiginiň hem-de Merkezi Aziýa ministrleriniň Türkmenistanyň bu başlangyjyny makullaýandygy mälim edilýär.

Azatlyk Radiosy ýewropaly diplomat bilen söhbetdeşlikde türkmen häkimiýetleriniň şeýle beýanatlary “içerki propaganda guraly” hökmünde ulanmak ähtimallygyna üns çekdi we muny türkmen häkimiýetleriniň halkara arenada gazanylan “uly ýeňiş” hökmünde şöhlelendirmek meýlini sorag astyna aldy.

Ýewropaly diplomat bu soraga beren jogabynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyna özleriniň ýokary baha berýändigini, bu syýasatyň Türkmenistanyň öz goňşulary bilen, hususan-da Owganystan bilen, isle ykdysydy matlapdan ugur alyp, isle-de raýdaşlyk maksady bilen, gatnaşyk saklamagyna päsgelçilik döretmeýändigini aýtdy.

“Biz dogrusy, içerki wakalara gatyşmak islemeýäris, eger olar esasy azatlyklary we adam hukuklaryny juda bozmaýan bolsa. Biz bular barada elmydama ikitaraplaýyn gepleşiklerde-de gürleşýäris. Ýöne bitaraplyk konsepti, onuň wagyz edilmegi we şuňa meňzeşler barada aýdylanda, bu ýurduň ýolbaşçylarynyň öz işi” diýip, diplomat aýtdy

Inçe mesele

Ol Türkmenistanyň adam hukuklary meselesiniň örän inçedigini we bu ugurda käbir ylalaşmazlyklaryň hem bardygyny aýtdy.

“Men munuň inçe meseledigine, bu ugurda käbir düşünişmezlikleriň bardygyna düşünýärin. Ýöne gaýtalaýaryn, biz bu meseleleri çözmekde we bularyň ýurduň geljekde aragatnaşygy, abadançylygy we durnuklylygy üçin wajypdygyny düşündirmekde Türkmenistana kömek etmek isleýäris” diýip, Buriýan aýtdy.

Diplomat Türkmenistanda adam hukuklary, ykdysady we syýasy azatlyklar baradaky gürrüňe giňişleýin girmekden saklanýandygyny aýtdy.

“Gizleýändigimiz üçin ýa-da käbir zatlara ähmiýet bermeýändigimiz üçin däl, ýöne biz habar bermek üçin göni aragatnaşygyň we gepleşigiň şol habary media arkaly ibermekden has täsirlidigine ynanýarys” diýip, ol belledi we, şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn geňeşmelerde bu meseleleri özleriniň elmydama-da gozgaýandyklaryny aýtdy.

“Arkaýyn boluň, bu meseleler biziň tas gündelik diýen ýaly aragatnaşygymyzyň we gün tertibimiziň bir bölegidir!” diýip, Buriýan aýtdy.

2019-njy ýylyň maýynda Ýewropa Komissiýasy Merkezi Aziýa strategiýasynyň täzelenen görnüşini kabul etdi. Şol ýylyň iýulynda ÝB-niň şol wagtky daşary syýasat başlygy Federika Mogherini Türkmenistana sapar edip, türkmen resmileri bilen Aşgabatda ÝB-niň wekilhanasyny açmak barada ylalaşyga gol çekdi.

ÝB we Türkmenistan hususan-da energiýa ulgamynda hyzmatdaşlyga ymtylýar. 2008-nji ýylda Bileleşik bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Düşünişmek memorandumyna gol goýuldy.

TDH-nyň habar bermegine görä, ministrler duşuşygyndan on gün soň, 27-nji noýabrda “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” parlamentara duşuşygy hem geçirildi.

“Ýewropa Bileleşigi Bitarap Türkmenistanyň sebitde alyp barýan netijeli işlerine ýokary baha berýär. Bu bolsa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýanyň çykyşynda tassyklanyldy” diýip, döwlet eýeçiligindäki TDH ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG