Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda gar ýagdy. Howanyň temperaturasy -14 gradusa ýetýän Darganatada ilat odun we malyň tezegini ýakyp ýylynýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäherinde 18-nji noýabrda irden gar ýagdy. Türkmen paýtagtyna ýylyň ilkinji gary ýagan mahaly, Lebap welaýatynyň oba ýaşaýjylary doňduryjy sowuk howa şertlerinde gaz, elektrik we suw üpjünçiliginden şikaýat edip, ýylynmakda uly kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan we Lebapdan habar berdiler.

18-nji noýabrda irden paýtagtda howanyň temperaturasy -1 gradusy görkezýän mahaly, sagat 7 töwereginde ilkinji gar ýagdy we aradan bir sagat çemesi geçenden soň eredi. Azatlygyň habarçysy noýabryň ortasynda ýagan bu garyň şäheriň durmuşyna uly täsir ýetirmändigini aýtdy.

Paýtagtda ilkinji gar ýagan mahaly, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň ýaşaýjylary howanyň temperaturasy gijelerine -16 we gündizlerine -4 gradusa çenli ýetýän şu günlerde ýylynmakda uly kynçylyk çekýärler.

"Etrabyň Gazakow we Jeýhun obalarynyň ýaşaýjylaryna 2000-nji ýyllaryň başynda gaz çekilen bolsa-da, soňky dört ýyl bäri öýlere gaz akdyrylmaýar. Ýylynmak uly mesele bolup, adamlar odun we malyň tezegini ýakyp ýylynýarlar. Olar yssy howada sazak we beýleki agaçlary çapyp, gyşa odun ýygnap goýýarlar" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran oba ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, etrabyň obalaryna elektrik togy hem kadaly berilmeýär. Jaýlarda elektrik energiýasy bilen işleýän ýyladyş enjamlaryny işletmek beýle-de dursun, tok bilen lampoçkany zordan ýakyp bolýar.

"Adamlar transformatorlary çalyşmasalar, her hepde 4 sapar tok kesilýär" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Oba ýaşaýjylary diňe gaz we elektrik üpjünçiliginiň kadaly ýola goýulmazlygyndan däl, eýse suw ýetmezçiliginden hem kösenýärler.

Habarçymyz bu sebitiň ýaşaýjylarynyň Amyderýadan bölünen kanal suwlaryny içip, ony öz zerurlyklary üçin ulanýandygyny aýdýar. Ýöne şu ýyl gyşyň ir gelmegi netijesinde kanalyň suwy doňup, onda 10 santimetr galyňlygyndaky buz emele geldi. Häzirki wagtda sebit ýaşaýjylary buzy palta bilen döwüp, emele gelen oýuklardan suw daşap, öz zerurlyklary üçin peýdalanýarlar.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat we Darganata etrap häkimliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

“Accuweather” saýtynyň maglumatlaryna görä, şu günler Darganatada howanyň temperaturasy gündizlerine -5, gijelerine -14 gradusa çenli ýetýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak hem-de olaryň ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek barada ýurt ýolbaşçylaryna sentýabryň başyndan bäri ençeme gezek tabşyryk berdi.

Döwlet baştutany bu barada her ýylyň güýz paslynyň başynda tabşyryk berýär. Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosy gyş aýlarynda ýurtda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi, şeýle-de çetki sebitleriň, şol sanda şäher ýaşaýjylarynyň toksuz we gazsyz kösenýändigi barada ýylyň-ýylyna habar berip gelýär.

Gaza baý Türkmenistanyň häkimiýetleri iň alysdaky obalaryň hem gaz, tok we suw bilen üpjünçiliginiň kadaly ýola goýulandygyny tekrarlap, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan bu problemalaryny aç-açan boýun almaýar.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilatyň elektrik energiýasy, tok we suw bilen mugt üpjünçiligi doly ýatyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG