Komissiýa täze strategiýany gatnaşyklary ösdürmäge “höwesli hem-de ukyply” Merkezi Aziýa ýurtlary bilen “has güýçli, döwrebap hem-de hiç kimi daşda galdyrmaýan hyzmatdaşlyk” atlandyrýar.
16 sahypalyk dokument Ýewrokomissiýanyň üstümizdäki ýyllarda Merkezi Aziýadaky öňki Sowet respublikalary bolan Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýar.
Anyk syýasatlary agzamaýan täze strategiýa 2007-nji ýylda kabul edilen öňki strategiýanyň täzelenen görnüşidir.
Agzalýan dokumentde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her haýsysynyň bähbitlerine aýratyn sarpa goýulýandygy, Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga isleg bildirýän hem-de muňa ukyply Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitjekdigi bellenilýär.
Brýusseliň 2015-nji ýylyň aýagynda Gazagystan bilen gol çeken Güýçlendirilen partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasy Bruýsseliň sebitdäki işleriniň “esasy özenini” düzýär diýip, dokumentde aýdylýar.
Täze strategiýa adam hukuklarynyň hem-de raýat jemgyýetiniň ösdürilmegine goldaw berer.
Azatlyk Radiosy 15-nji maýda Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere täze strategiýanyň taraplaryň arasyndaky özara bähbitlere goşandy baradaky sorag bilen ýüzlendi.
Onuň sözlerine görä, täze strategiýa her bir Merkezi Aziýa ýurdunyň indiwidual saýlap alan ýollaryny ykrar edýär:
“Täze strategiýa hem sebit derejesinde, hem her bir Merkezi Aziýa ýurdunyň aýratyn zerurlyklary göz öňünde tutulyp planlaşdyryldy. Bu strategiýa diňe Ýewropa Bileleşiginiň ýa-da Ýewropa Komissiýasynyň düzen strategiýasy diýip bolmaz, ol işlenilip düzülende iki tarapa-da geňeşildi” diýip, Panniýer aýtdy.
Täze strategiýa Trans-Hazar gaz geçirijisini durmuşa geçirmek üçin Ýewropaly Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda duşuşyklary geçirmegi maksat edinýär.
“Elbetde, bu uzak möhletli strategiýa – onuň durmuşa geçirilmegi 5-10 ýyla çeker. Biz mundan elin netijelere garaşyp bilmeris” diýip, Panniýer sözüne goşdy.
Mundan 10 ýyldan gowrak wagt ozal hem Ýewropa Komissiýasy Merkezi Aziýa ýurtlaryna degişli strategiýa kabul edipdi. Eýsem, şonda gozgalan adam hukuklarynyň ýa-da raýat jemgyýetini ösdürmegiň meseleleri boýunça 10 ýylyň dowamynda öňe gidişlikler gazanyldymy?
“Geçen döwürden Ýewropa Bileleşiginiň bitiren işleri barada aýdylanda, olar agzalýan ýurtlarda dürli derejelerde birnäçe okuw maslahatlaryny gurnamaga hemaýat etdiler. Olar meseleleri resmileriň hem dykgatyna ýetirýärler. Ýöne olar okuw maslahatlaryny, seminarlary we beýleki jemgyýetçilik çäreleri guramaga synanyşdylar. Olar bu çäreleriň üsti bilen adam hukuklaryny ösdürmekde ýa-da demokratiki institutlary ösdürmekde gazanylmaly sepgitler barada pikir döretdiler” diýip, Panniýer aýtdy.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda 1998-nji ýylda Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi, ýöne bu dokumenti Ýewropanyň Parlamenti, şol sanda Bileleşige agza ýurtlaryň parlamentleri tassyklaman gelýär.
Şeýle şertlerde täze strategiýany durmuşa geçirmek nä dereje mümkin?
“Türkmenistan tarapdan üýtgeşikler bolmalydy. Bu dokumentiň parlamentlerde tassyklanylmaýandygynyň sebäbi, Ýewropa Bileleşiginiň gozgan temalary boýunça Türkmenistanda uly öňe gidişlik gazanylmady. Meniň şahsy pikirim, bolmalysy şeýlemikä diýýärin, ýagny Ýewropa Bileleşiginiň hem garaşýan zatlary bar, Türkmenistanyň hem tamasy bar. Ýöne Ýewropa Bileleşiginiň hiç zada derek bir zat hödürlemeginiň manysy ýok ” diýip, Panniýer aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.