Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Täjigistana ýük daşaýan ýük ulaglary ýene öz territoriýasyndan geçirmeýär


Türkmen serhedinde saklanan täjik ýük ulaglary
Türkmen serhedinde saklanan täjik ýük ulaglary

Türkmenistan Täjigistana ýük daşaýan onlarça ýük ulagyň öz territoriýasyndan geçmegine ýene rugsat bermeýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolan sürüjileriň sözlerine görä, 4-nji fewraldan başlap türkmen häkimiýetleri Täjigistana barýan ýa-da gelýän ýük ulaglary öz territoriýasyndan tranzit geçirmeýär.

Häzirki wagt täjik häkimiýetleri bu meseläni çözüp, ýük ulaglarynyň Türkmenistanyň territoriýasyndan geçmegine rugsat almaga çalyşýarlar.

Täjigistanyň transport ministriniň orunbasary Şerali Gançalzodanyň 5-nji fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri bu çäräniň sebäpleri barada häzirlikçe maglumat bermeýärler. Şol sebäpli Türkmenistanyň näme sebäpden Täjigistana ýük daşaýan ulaglary goýbermezligi nämälim bolup galýar.

Gançalzodanyň sözlerine görä, olar ýük ulag sürüjilerinden bu meseläniň sebäpleri anyklança sabyrly bolmagy sorapdyrlar.

“4-nji fewraldan bäri Täjigistana ýük daşaýan ulaglaryň serhetden geçmegine rugsat berilmeýär. Şonda ýük ulaglaryň sany 20-ä barabardy. Ýöne bu gün olaryň sany has hem artar. Hatda düýn olar Termizden hem goýberilmändirler” diýip, Gançalzoda aýtdy.

Täjigistanyň transport ministriniň orunbasary ýük ulag sürüjileriniň başga iki alternatiw marşrutdan peýdalanyp biljekdiklerini hem belledi. Onuň sözlerine görä, Owganystanyň we Azerbaýjanyň territoriýasyndan geçip, Täjigistana aşyp bolar. Ýöne işewürler bu iki alternatiw marşrutyň ýük ulaglaryň geçmeli aralygyny has-da artdyrjakdygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri gürrüňi edilýän gadagançylyk dogrusynda häzirlikçe kommentariýa bilen çykyş etmediler.

Türkmenistanyň Täjigistana ýük çekýän ulaglaryň öz territoriýasyndan geçmegine gadagançylyk girizmegi bilen bagly waka ilkinji gezek ýüze çykmaýar.

Türkmen serhetçileri geçen ýylyň awgust aýynyň aýagynda ençeme günläp Täjigistanyň ýük daşaýjylarynyň ulaglaryny öz territoriýasyna geçirmändi. Türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän galýan ýük ulaglaryň sürüjileri özleriniň Türkmenistanyň giňişligine goýberilmezliginiň sebäplerini bilmeýändigini aýdypdylar.

Azatlyk Radiosyna jaň eden sürüjiler türkmen-eýran serhedindäki beýleki geçelgelerde-de şuňa meňzeş ýagdaýyň dowam edýändigini aýtdylar. "Sarahs serhet geçelgesinde Täjigistanyň Türkiýeden satyn alan ýolagçy awtobuslary hem dur. Olary hem geçirmediler" diýip, sürüjileriň biri aýdypdy.

Geçen ýylyň awgust aýynyň ahyrynda we sentýabryň başynda diňe Lýutfabad-Artyk serhet geçelgesinde 100 çemesi ýük ulagy saklanypdy. Olar esasan Türkiýeden we Eýrandan haryt daşaýan ulaglardy.

Munuň yz ýany, resmi Aşgabat Türkmenistanyň üstünden tranzit bilen Täjigistana barýan ýük ulaglaryň howpsuzlyk sebäpli türkmen serhedinde saklanýandygyny aýtdy. Bu barada türkmen tarapynyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligine ugradan resmi hatynda bellenilipdi. Türkmen tarapynyň bu düşündirişiniň nämäni aňladýandygy henize çenli nämälim bolup galýar.

Geçen ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň serhet geçelgelerinde Täjigistanyň alýuminiý öndüriji TALKO döwlet kärhanasynyň ýüklerini daşaýan ulaglaryň geçip bilmän galýandygy mälim boldy. Şonda Täjigistanyň transport kompaniýasyndaky çeşme Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna bu gadagançylygyň bir aýa golaý wagt bäri dowam edýändigini aýdypdy.

Şol güni GDA guramasynyň ýollar boýunça hökümetara geňeşiniň müdirliginiň başlygy Buri Karimow Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş boldy. Ol Türkmenistanyň serhetlerinde ýük ulaglaryň geçip bilmän galmagyna degişli meseläniň birnäçe gün ozal Daşkentde geçirilen konferensiýada gozgalandygyny aýdypdy. Onuň sözlerine görä, bu problema barada Täjigistanyň we Türkiýäniň wekilleri çykyş edipdir.

Bu konferensiýanyň yz ýany, Türkmenistanyň häkimiýetleri Täjigistana ýük alyp barýan türkiýeli ulaglaryň serhetden geçmegine rugsat beripdir, emma Täjigistanyň transport kompaniýalarynyň eýeçiligindäki ulaglar serhet geçelgelerinden goýberilmändir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG