Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden möhleti gutarmazyndan öň, ABŞ Ukraina $2,5 mlrd kömek bukjasyny yglan etdi


Wolodymyr Zelenski
Wolodymyr Zelenski

Ak tam Ukraina 2,5 milliard dollarlyk kömek bukjasyny yglan etdi we bu kömegiň Kiýew häkimiýetlerine mümkin boldugyça çalt ýetirilmegi üçin “tagalla etjekdigini” wada berdi.

"Men öz administrasiýamyza Ukraina mümkin boldugyça köp we çalt kömek bermegi dowam etdirmek, şol sanda ABŞ-nyň köne enjamlaryny Ukraina ibermek hem-de olary söweş meýdanyna çalt eltmek, soňra bolsa ABŞ-nyň goranyş senagat bazasyny döwrebaplaşdyrmak we täze ýaraglar bilen doldurmak tabşyrygyny berdim” diýip, işden gidýän prezident Jo Baýdeniň beýanatynda aýdylýar.

Bu wada Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Birleşen Ştatlaryň öz urşa gaplanan ýurdunyň ýaragly güýçlerini goldamak üçin "düýpli goldaw bukjalaryny" öz içine alýan "möhüm karary" yglan etjekdigini aýdan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

"Biz ertir [30-njy dekabrda] resmi bildirişe - biziň esgerlerimiz üçin düýpli goldaw bukjalarynyň yglan edilmegine garaşýarys" diýip, Zelenski 29-njy dekabrda eden wideo beýanatynda aýtdy.

“Bu häzirki uruş ýyllarynda Ukrainany goramakda has köp iş bitirýän zatlaryň köpelmegi bolar. Bu frontdaky durnuklaşdyryş işine haýal etmän goldaw bermeli: hyzmatdaşlardan üpjünçilik näçe köp bolsa, esgerlerimiziň jany hem şonça köp halas ediler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenskiniň aýdan sözleri ABŞ metbugatynda Waşingtonyň Ukraina täze, 1,25 milliard dollarlyk kömek bukjasyny taýýarlaýandygy baradaky habarlaryň çykan wagtyna gabat geldi.

Bu bukjanyň prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy döwründe ugradylan iň soňky kömek bolmagy mümkin. Jo Baýden saýlanan prezident Donald Trampyň, Kiýewi Russiýa bilen geçirilmeli parahatçylyk gepleşiklerine itermek üçin, Ukraina berilýän ýarag kömegini düýpli azaltmagyndan ýa-da kesmeginden howatyr edýändigini aýdypdy.

Tramp 20-nji ýanwarda işe başlar.

Russiýa indi birnäçe hepde bäri front liniýalaryndaky ukrain goşunlaryny yza çekilmäge mejbur edýär we 29-njy dekabrda Pokrowsky, Ukrainanyň Donetsk sebitindäki ýene bir möhüm şäheri ele geçirendigini öňe sürdi. Rus goşunlary günortadaky logistika merkezini, tasdan ýok edilen strategiki şäheri almak üçin kän söweşdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň Pokrowskdan 16 km günortada, uruşdan öň 6,300 çemesi adam ýaşan Nowotroýitske şäherini hem ele geçirendigini aýtdy.

Ukrain goşuny Nowotroýitske barada ýörite düşündiriş bermedi, ýöne rus goşunlarynyň öz pozisiýalaryna 133 gezek hüjüm edendigini, ol hüjümleriň köpüsiniň Pokrowsk sebitinde bolandygyny aýtdy.

Analitikler Kreml güýçleriniň Kiýew güýçleri üçin strategiki logistika merkezi bolan säher babatynda indiki ädimleriniň nähili boljakdygyny çaklaýarlar.

Uruşlary öwrenýän ABŞ instituty (ISW) geolokasiýa maglumatlaryna salgylanyp, rus goşunynyň Donetsk we Dnipropetrowsk sebitleriniň serhedinden takmynan 10 km uzaklykda ýerleşýändigini aýtdy.

Ukrainanyň öňki harby serkerdesi Wiktor Muženko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Kiýew bilen Moskwanyň arasynda Ukrainanyň köp bölegini Russiýanyň gözegçiliginde galdyrýan islendik ýaraşyk Kreml üçin ýeňiş bolar, Moskwanyň “uruş üçin çykaran harajatlarynyň doly öwezini dolar" diýdi.

2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli goşuna ýolbaşçylyk eden Muženko Donetsk we Luhansk sebitleriniň, Zaporižhýa we Herson sebitleriniň basylyp alnan ýerleri bilen, ýagdaýyň diňe bir sebitleriň ýitirilmegi babatynda däl, eýsem Ukrainanyň serişdeler bazasynyň ýarysynyň ýitirilmegi babatynda hem “aýgytlydygyny” aýtdy.

Waşingtondan geljek islendik täze goldaw, Ukrainanyň goranmak ministri Rüstem Umerowyň 29-njy dekabrda aýdan sözlerine görä, Kiýewiň ýurduň goranyş senagatyny maliýeleşdirmek üçin Daniýadan, Fransiýadan we Litwadan alan goşmaça 150 million ýewro (156 million dollar) kömeginiň yz ýanyndan geler.

"Bu serişdeler, hususan-da, raketalary, çuňňur zarbalary we artilleriýa enjamlaryny öndürmek üçin ulanylar" diýip, ol feýsbuk ýazgysyanda aýtdy.

Şu aralykda, Germaniýanyň işden gidýän daşary işler ministri Annalena Baerbok Berlinde guruljak indiki hökümetiň Ukrainany Russiýa garşy alyp barýan goranyş urşunda "terk etmegine" garaşmaýandygyny aýtdy.

"Germaniýanyň we Ýewropanyň howpsuzlygyna berlen hiç bir nemes hökümeti ukrain halkyny terk etmez" diýip, ol "Bild" gazetiniň 29-njy dekabrdaky sanynda çap edilen interwýusynda aýtdy.

Germaniýa, Russiýanyň 2022-nji ýylda başlan giň gerimli çozuşynyň nobatdaky ýyl dönüminden bir gün soň, 23-nji fewralda ses berer. Kansler Olaf Şolzyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa hökümeti geçen aý syndy.

Forum

XS
SM
MD
LG