Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atlandyrylan 2024-nji ýyl tamamlanýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy gündogaryň beýik akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan möhüm ýylyň edebi agramyna syn edýär, bu tema boýunça ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirýär.
Iki bölümden ybarat boljak nobatdaky gepleşikler tapgyrynda ýylyň dowamynda ýurduň içinde we daşynda Magtymguly Pyragyny hatyralamaga gönükdirilen çärelere nazar aýlap, bu möhüm ýyl dönümde ýene bir gezek akyldaryň eserlerinden eriş-argaç bolup geçýän gymmatlyklara diň salmaga çalyşýar.
Biz ýylyň dowamynda, maý aýynda, Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap, ýörite iki gepleşik taýýarlapdyk. Şol gepleşikler tapgyryna özbegistanly intelligensiýa wekili Komil Nurjonow, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally, ABŞ-da ýaşaýan asly owganystanly türkmen žurnalisti Şamerdanguly Myrady hem-de Türkiýede ýaşaýan asly türkmensähraly intelligensiýa wekili Abdyrahman Düýeji gatnaşdy.
Bu gepleşiklerden soňra, Şamerdanguly Myrady noýabr aýynda ABŞ-nyň Minnesota ştatynda ýaşaýan türkmen diaspora wekilleriniň tagallalaryny birleşdirip, bu sebitde Pyragynyň möhüm ýyl dönümine bagyşlap edebi-jemgyýetçilik çäresini geçirdi.
Ýylyň dowamynda möhüm senä bagyşlanyp, başga-da bir topar çäreler, şol sanda halkara forumlar, ýygnaklar, aýdym-sazly çykyşlar gurnaldy. Bu çäreleriň guramaçylygynde köplenç türkmen resmileri, daşary ýurtlardaky diplomatlar başy çeken bolsalar-da, raýat başlangyçlary bilen guramalaşdyrylan çäreler hem boldy. ABŞ-nyň Minnestora ştatynda geçirilen ýygnanyşyk hem şeýle çäreleriň biri boldy.
Bu tema boýunça jemleýji gepleşigimizde ýazyjy Hudaýberdi Hally ýene bir gezek bizi Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine syýahata alyp gidýär.
Forum