Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Täjigistanyň ýük ulaglaryny tranzit "geçirmeýär”


Türkmenistanyň Eýran bilen arasyndaky Sarahs serhet geçelgesi
Türkmenistanyň Eýran bilen arasyndaky Sarahs serhet geçelgesi

Täjigistanyň ýük ulag sürüjileri indi bir hepde gowrak wagt bäri özleriniň türkmen-eýran serhedinden tranzit ýollar arkaly Türkmenistanyň üstünden Täjigistana geçmegine rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.

2-nji sentýabrda iki täjik sürüjisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna telefon arkaly beren maglumatynda, özleriniň indi bir hepde gowrak wagt bäri Lüftabat-Artyk serhet geçelgesinde saklanyp galýandygyny gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonim görnüşinde habarlaşan sürüjileriň biri türkmen-eýran serhet geçelgesinde Türkmenistanyň territoriýasyna geçip, soňra-da Täjigistana gitmek isleýän ýük ulaglarynyň ortaça 100 sanysynyň üýşendigini habar berdi.

“Bize munuň sebäpleri hem düşündirilmeýär. Biz Türkiýeden ýük getirýäris. Şonda ilki Eýranyň territoriýasyndan, soňra Türkmenistandan, bu ýerden soň hem Özbegistanyň territoriýasyndan geçip, Täjigistana barýarys” diýip, sürüji aýtdy.

Häzirki wagt täjik sürüjilerine Täjigistana Eýranyň we Azerbaýjanyň serhetleriniň üsti bilen gitmek teklip edilýär. Bu ýerden bolsa Orsýetiň, Gazagystanyň we Özbegistanyň territoriýasy arkaly Täjigistana aşyp bolýar. Ýöne bu ýol Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan ugry bilen deňeşdireniňde iki esse uzak bolýar.

Türkmenistan her gije-gündiziň dowamynda diňe 30 ýük ulagynyň Eýrandan öz serhedine geçmegine rugsat berýär.

Täjigistanyň Transport ministrligindäki çeşmäniň 3-nji sentýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatyna görä, türkmen tarapy täjik ministrliginiň hatyna resmi jogap bermändigi sebäpli türkmen-eýran serhedinde saklanan sürüjilere Täjigistana aşmak üçin Azerbaýjanyň territoriýasyndan peýdalanmak maslahat berilýär.

“Türkmen kärdeşlerimiz özleriniň telefon arkaly beren maglumatlarynda bir gije-gündiziň dowamynda diňe 30 ýük ulagynyň serhetden goýberilýändigini we täjik sürüjileriniň hem şol ulag nobatlarynda durup, serhetden geçip biljekdiklerini aýtdylar. Ýöne bu ýerde nobatlar örän uly. Türkmenistan biziň resmi hatymyza bolsa, heniz jogap bermedi. Şol sebäpli biz häzirki ýagdaýyň anyk sebäplerini bilmeýäris” diýip, çeşme aýtdy.

“Diňe Täjigistana barýan ýük ulaglar goýberilmeýär”

Adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýene bir sürüji bolsa, türkmen serhetçileriniň diňe Täjigistana ýük alyp barýan ýük ulaglary geçirmeýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Özbegistana, Gyrgyzystana we beýleki ýurtlara ýük alyp barýan ulaglar serhedi päsgelçiliksiz geçýärler. “Diňe Täjigistana ýük alyp barýan ulaglary goýbermeýärler” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, Azatlygyň söhbetdeşi täjik sürüjileri bilen bir hatarda, Täjigistana ýük alyp barýan eýranly we türkiýeli ýük ulaglarynyň hem saklanýandygyny aýtdy.

“Bu ýerde 100 çemesi ulag üýşdi. Olaryň takmynan 20 sanysy täjik ýük ulagy bolsa, galanlary Türkiýäniň we Eýranyň ýük ulaglary” diýip, sürüjileriň biri belledi.

Azatlygyň söhbetdeşiniň tassyklamagyna görä, şuňa meňzeş ýagdaýlar türkmen-eýran serhedindäki beýleki barlag nokatlarynda hem ýüze çykypdyr.

“Sarahs serhet geçelgesinde Täjigistanyň Türkiýeden satyn alan ýolagçy awtobuslary hem dur. Olary hem serhetden geçirmeýärler” diýip, sürüjileriň biri aýtdy.

Ilçi bu meseläni çözüp bilmedi

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaýlar barada Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi habarly edilipdir we ol bu meseläni çözmäge synanyşypdyr, ýöne netijeli bolmandyr. “Biz Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen yzygiderli habarlaşmaga synanyşýarys” diýip, sürüji belledi.

Azatlyk Radiosynyň gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady. Bu barada ýurduň media serişdelerinde, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň resmi websaýtynda hem häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Ýöne türkmen-eýran serhedindäki transport geçelgesinde tranzit bökdençlikleriniň ýüze çykandygy, bu ýerde ýük ulaglarynyň uly nobatynyň emele gelendigi barada mundan öň hem habarlar peýda bolupdy.

2014-nji ýylda Türkiýäniň habar serişdelerinde türk ýük ulaglarynyň Türkmenistana geçmek üçin Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky Lüftabad-Artyk serhet geçelgesinde has uzak nobata durmaly bolýandygyny habar beripdiler.

Şonda Türkiýäniň halkara transportçylar jemgyýetiniň başlygy Fatih Şeneriň beren maglumatyna görä, Lütfabad-Artyk serhet geçelgesinden bir günüň dowamynda geçip bilýän ýük ulaglarynyň sany 50% artdyryp, 200-den 300-e çykarylypdyr. Ýöne bu maglumaty Türkmenistanyň häkimiýetleri ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

2006-njy ýylda Türkmenistanyň resmi metbugaty ýurduň serhet geçelgesinden her ýylda Eýran tarapyndan geçýän uly ýük ulaglarynyň sanynyň 60-70 müň töweregindedigini habar beripdi.

XS
SM
MD
LG