Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda maşgala başynyň 13 ýaşly gyzyny zorlamagyna degişli aýylganç ýagdaý ýüze çykdy. Azatlygyň habarçylary noýabryň ortalarynda Daşoguzda bolan jenaýatyň üsti açylyp, dekabryň başynda jenaýatçynyň sud edilendigini anykladylar.
Görogly etrabynyň Müjewür obasynyň 43 ýaşly ýaşaýjysy öziniň 7-nji klasda okaýan gyzyny zorlap, 9 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýagdaýdan gönüde-göni habarly birnäçe çeşmäniň maglumatlaryna görä, zorluk 14-nji noýabrda bolupdyr.
Çaganyň ejesiniň polisiýa ýüz tutup, şikaýat etmeginiň netijesinde jenaýatyň üsti açylyp, zulumçy tussag astyna alnypdyr.
"Jenaýatçynyň aýaly - çaganyň ejesi tarapyndan şikaýat edilenden soň, ol Görogly etrap polisiýasynyň deslapky tussaghanasyna ýerleşdirildi. Dekabr aýynyň 4-ne kazynyň karary bilen oňa 9 ýyl azatlykdan mahrum edilmek jezasy bellendi" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.
Azatlyk Radiosy gyz çaganyň, onuň sud edilen kakasynyň we beýleki maşgala agzalarynyň, şeýle-de bu barada maglumat beren daşoguzly çeşmeleriň atlaryny görkezmekden howpsuzlyk aladalary sebäpli saklanýar.
Bu jenaýatyň derňew we sud işleriniň gidişinden gönüden-göni habarly biri-birinden garaşsyz çeşmeleriň maglumatyna görä, ýagdaý çaganyň öz kakasy bilen öýünde ýeke galan wagtynda ýüze çykypdyr.
"Gyzyň ejesi we garry enesi waka bolan güni obasynda bir toýa diýip, çykyp gidipdirler. Zalym kakasy gyzynyň öýde ýekeliginden peýdalanyp, özüniň gyzyny wagşylarça zorlapdyr. Enesi we ejesi öýüne gelenlerinde 13 ýaşly gyzynyň huşsyz ýalaňaç ýatanyny görüp, ejesi polisiýa we tiz kömege jaň edýär. Çaga hassahanada özüne gelende kakasy tarapyndan zorlanandygyny aýdyp berýär" diýip, çeşme derňew işindäki materiallara salgylanyp aýdýar.
Çeşmeleriň maglumatyna görä, bu jenaýatdan soň çaganyň kakasy gaçmakçy bolup, Aşgabada barýar. Emma paýtagtyň polisiýasy tarapyndan ele salynýar.
Şeýle-de, çeşmeleriň aýtmagyna görä, zorlanan çaganyň maşgala agzalary kakasynyň öz gyzyna erbet göz bilen seredendigini öň hem duýupdyr.
"Jenaýatçy kaka öz gyzyna erbet göz bilen seredip gelipdir, waka bolmazdan ozal hem gyzyň ejesi çagany kakasynyň elinden birnäçe gezek halas edipdir. Gyzyň ejesi gaýyn enesine adamsynyň öz çagasyna bet päl göz bilen seredýändigini aýdyp, ozal duýduryp gelipdir. Garry ene öz ogluna sözüni diňledip bilmändir" diýip, çeşmeleriň ýene biri belledi.
Azatlyk Radiosynyň bu pajygaly ýagdaý barada Daşogzuň kanun goraýjy edaralarynda resmi görnüşde teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda jenaýat hadysalary barada resmi habar berilmeýär. Ýurtda 30 ýyla golaý wagt bäri kriminal habarlar resmi mediada çap edilmeýär, häkimiýetler hem jenaýatçylyk temasyny agzamaýar we habar beriş serişdeleriniň ýüzlenmelerine resmi taýdan teswir bermeýär.
Emma Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda ýüze çykýan jenaýatçylykly ýagdaýlar, şol sanda ýetginjek gyzlaryň zorlanmagy barada habar berip gelýärler.
Çagalara garşy zorluk, şol sanda gyz ýetginjekleriň öz maşgalalarynda zorluga sezewar bolmagy bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçesi soňky ýylyň dowamynda goňşy ýurtlarda hem ýüze çykdy. Emma Türkmenistandan tapawutlylykda Özbegistanda, Täjigistanda, Gyrgyzystanda we Gazagystanda bolan ýagdaýlar jemgyýetde ýiti reaksiýa döretdi we hökümetlerini problema üns bermäge hem-de çäre görmäge mejbur etdi.
Türkmenistanyň kanunlarynda maşgala zorlugynyň öňüni almak boýunça ýörite kanun ýok.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum