Biz geçen ýylda efir sebitlerimizden bolan 10 žurnalistden geljege nazar aýlamagy we öňümizdäki ýyl barada çaklama ýöretmegi sorapdyk. Şolar bu ýyl hem zähmete werziş bolup, geçip barýan ýylyň möhüm wakalaryna syn edýärler we 2025-nji ýyla ser salýarlar.
Olaryň çaklamalarynda ýygy-ýygydan duş gelinýän käbir mowzuklar:
- Ukrainadaky uruş global çaknyşyga öwrüldi we Günbatar bilen häzirki dünýä tertibini synaga salyp başlan döwletler birleşigini bir-birege garşy goýdy
- Dünýäde populist hereketler we awtoritar liderler at alyp, demokratiýa we demokratik institutlara basyş güýçlenýär
- Köp zat Donald Trampa bagly bolar. Saýlanan prezidentiň 2025-nji ýylyň ýanwarynda Ak tama dolanmagy transatlantik söwdadan Balkanlardaky syýasata çenli halkara dinamikalara bireýýäm gaýtadan şekil berip başlady.
Şu we beýleki maglumatlar barada giňişleýin:
Ukraina: Putiniň urşuny soňlatmak
2024-nji ýylyň dowamynda bir tarap Ukrainada harby ýeňiş gazanan halatynda hem, bu ýagdaý syýasy çözgüt getirmez diýip, men 2023-nji ýylyň ahyrynda çaklapdym.
Ýagdaý şonda-da şeýledi, häzir-de şeýle, sebäbi rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina hüjümi onuň has giň maksatlarynyň, Sowet imperiýasynyň özüni gaýtadan dikeldip bilmese, onuň iň bolmanda täsir sferasyny gaýtadan dikeltmek synananyşygynyň bir bölegi bolup durýar.
Ak tamda boljak öňümizdäki üýtgeşiklik Ukrainadaky urşy çözgüde golaýladyp biler. ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp Russiýa we Ukraina arasynda parahatçylyk ylalaşygyna araçylyk etmäge özüniň taýýardygyny aýdyp gelýär.
Ýöne bu ýerde sorag, eýsem, Trampyň niýet we tutanýerliligi ýeterlik bolarmy? Sebäbi, özgeriş diňe bir iş başyna gelýän ABŞ prezidentiniň urşy soňlatmaga bolan ygrarlygyny däl, eýsem, Moskwadan we Kiýewden duşmançylygy bes etmek ylalaşygyny hem talap eder.
Eger-de Putin, söweş meýdanynda dowam edýän rus hüjümlerine we Ukrainanyň energetika infrastrukturalaryna yzygiderli urulýan zarbalara garamazdan, çaknyşygy soňlamaga razy bolmaly bolsa, onda bu iki möhüm faktora bagly bolup biler.
Şolaryň birinjisi, rus prezidentiniň öz ýurdunyň ykdysady ýagdaýynyň uzaga çekjek urşuň hötdesinden gelip bilmejekdigini ykrar etmegidir. Ikinjisi bolsa, Putiniň Ukraina harby basyş etmäge derek, syýasy täsir we durnuksyzlaşdyrma usulyny saýlap almaga taýýar bolmagydyr.
Şeýle parahatçylyk şertleri astynda, Ukrainanyň geljegi özüniň Günbatar ýaranlary tarapyndan üpjün ediljek howpsuzlyk kepilliklerine hem-de ukrain jemgyýetiniň rus durnuksyzlaşdyrma synanyşyklaryna, meselem, geljekde geçiriljek prezident saýlawlarynda amal edilip bilinjek bir topar dezinformasiýa tagallalaryna garşy çykmakdaky çydamlylygyna bagly bolar.
Ýöne eger-de Putin urşy dowam etdirmek babatynda özünde ýeterlik serişdeler bar diýen netijä gelse, uruşlar şek-şübhesiz 2025-nji ýylda, hatda ondan aňry hem, dowam eder.
Eýran: Şaty ýyl gelýär
Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň maý aýynda dikuçar heläkçiliginde duýdansyz aradan çykmagyndan soň, has aram syýasatçy, Masud Pezeşkian prezident saýlandy.
Käbir eýranlylar Pezeşkianyň saýlanmagyna ýurtdaky mollalar häkimiýetiniň öz aşa çemeleşmelerini ýumşatmagynyň potensial alamaty hökmünde garadylar. 2024-nji ýyl ahyrlap barýar, ýöne Pezeşkian eýranlylaryň durmuşyna girizilen çäklendirmeleri gowşatmak babatynda beren wadalaryny heniz ýerine ýetirmedi.
Pezeşkian köp zatdan baş alyp çykmaly bolar: walýutanyň hümmetsizlenmegi, daşky-gurşaw krizisi, ýaşy könelişýän ilat hem-de beýin göçe-göçlügi. Býujet defisitini çözmekde möhüm bolan ýangyç bahalarynyň ýokarlandyrylmagyna garaşylmagy, 2019-njy ýyldaky ýaly ýüzlerçe jan alan protestleri tutaşdyrmak töwekgelçiligini özünde jemleýär.
Halkara gatnaşyklar barada aýdylanda, Eýran has agyr günleri başdan geçirip biler. 2024-nji ýylda Tähranyň ýaranlary – Liwanda Hezbollah, Gaza zolagynda Hamas, we häkimiýetden çetledilen Siriýa ýolbaşçylary – möhüm päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup, Ysraýyl Eýrana hüjüm edensoň, eýranly syýasatçylar, uzak wagtdan bäri ilkinji gezek, gutarnykly takatlylyk serişdesi hökmünde ýadro ýaraglaryny işläp düzmegi aç-açan ara alyp maslahatlaşyp başladylar.
Tähranyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen gatnaşyklarynyň ugry ýok. Netijede, ýewropa güýçleri 2024-nji ýylda Tährany iki gezek ýazgardylar, we eger-de Günbataryň aladalaryna garalmasa, Eýrana garşy BMG sanksiýalaryny gaýtadan güýje girizmek prosesi 2025-nji nji ýylyň bahar aýlarynda başlap biler.
Donald Trampyň 2025-nji ýylda Ak tama dolanmagy bilen, Eýrana garşy halkara basyşlar diňe güýçlenip biler. Tramp özüniň ilkinji prezidentlik möhletinde ABŞ-ny Eýran bilen aradaky ýadro ylalaşygyndan çykardy, şeýle-de Eýranyň ýadro hyjuwlaryny we sebitdäki täsirini togtatmak maksady bilen, berk ykdysady sanksiýalaryň tarapynda çykyş etdi.
Wengriýa: Peter Magýaryň ýokary göterilmegi
Hiç bir analitik Peter Magýaryň birden ýokary göterilmegine garaşmandy. Bir ýyldan-da az wagt ozal, Magýar sag ganatdan bolan premýer ministr Wiktor Orbanyň wepadar ýarany bolupdy; häzir bolsa, ol wenger oppozisiýasynyň tanymal we dinamiki ýolbaşçysy bolup durýar.
Magýaryň Tisza partiýasy iýun aýynda geçirilen saýlawlarda Wengriýanyň Ýewropa Parlamentindäki 21 ornunyň üçden birine eýe bolup, hem-de ýerli saýlawlarda hem üstünlikli çykyş edip, ýurduň syýasat sahnasyny sarsdyrdy.
Onuň birden ýokary göterilmegi Orbanyň ýolbaşçylygy astynda demokratik yza gidişlikde we awtoritar meýillerde tankytlanýan häkimiýet başyndaky Fidesz partiýasyna kellagyry boldy. Partiýa metbugat üsti bilen hüjüme baş urdy we hatda möhletinden öň saýlaw geçirmek barada hem kelle döwýär diýilýär.
Wengriýany dolandyryş usuly giňden tankyt edilýän Orban özüniň üns merkezindäki wagtynyň Magýaryň partiýasy tarapyndan bulanmagyna ýol bermedi. Wengriýa ýylyň ikinji ýarymynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň gezekli-gezegine aýlanýan prezidentlik kürsüsini eýeledi.
Orban bu prezidentlige örän täsirli we jedelli usul bilen başlady: iýulyň başlarynda, ol Kiýew, Moskwa we Pekin şäherlerine, şeýle-de Mar-a-Lago sapar etdi, hem-de bu saparlary Ukrainadaky urşy soňlandyrmak tagallalary hökmünde düşündirdi. Ýewropa resmileri onuň bu saparlaryny berk tankyt etdi.
Donald Trampa eýýäm 2016-njy ýylda goldaw bildiren Orban dekabr aýynda saýlanan prezidenti Floridadaky rezidensiýasynda baryp gördi. Mylakat bilen aýdylanda, ýewropa resmileri şat bolmady, olar Orbany ygtyýarlandyrylmadyk hem-de utgaşyksyz saparlar boýunça tankytlady.
ÝB: 'Ýewropa galasynda' populizm
Agza döwletler migrasiýa babatynda barha berk durmak bilen, hem-de bu meseläni üçünji ýurtlaryň üstüne ýüklemek babatynda döredijilikli usullaryň gözlegine çykmak bilen, “Ýewropa galasy” diýlen pikir 2024-nji ýyla agalyk etdi. (Meselem, Italiýa Albaniýada migrantlary bellige alyş merkezlerini esaslandyrdy)
Ýöne 2024-nji ýylda sagçy we populist partiýalar Ýewropa Parlamentiniň saýlawlarynda üstünlik gazanan-da bolsalar, merkez heniz-de saklandy, şeýle-de Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen özüniň köp islän ikinji möhletine saýlandy.
2025-nji ýylda köp zat üýtgemez. Populist partiýalar ÝB agza döwletlerde syýasata şekil bermegi dowam etdirerler. Çehiýa Respublikasynda populist milliarder we öňki premýer ministr Andreý Babiş güýzde häkimiýet başyna gaýtadan gelip, wenger premýer ministri Wiktor Orban hem-de slowak premýer-ministri Robert Fiko bilen ýewroskeptik üçlügini döredip biler.
Fransiýada populist çep we sag prezident Emmanuel Makrona kellagyry bolmagy dowam etdirerler. Geçen tomusda Makronyň parlament saýlawlary bijesi şowsuzlyga uçrady. 2025-nji ýylyň tomsunda täze saýlawlar geçirilip bilner we Makron has uly ýeňlişe sezewar bolup, ýa aşa çep, ýa-da aşa sag köplüge eýe bolup biler.
Germaniýa hem saýlawlara barýar, parlament saýlawlary 2025-nji ýylyň fewral aýyna meýilleşdirildi. “Germaniýa üçin alternatiwa” sagçy partiýasy özüniň iň oňat netijelerini – megerem, sesleriň 20 göterimini – gazanyp biler, ýöne merkez-çep Sosial demokratlar we merkez-sag Hristian demokratlar bileleşip beýik koalisiýa döredip, hristian demokratlaryň lideri kansler Fredrih Merz burduň täze kansleri bolup biler.
Donald Tramp öňümizdäki ýylda islendik bir ýewropaly lider ýaly Ýewopranyň syýasatyna şekil berip biler. ABŞ-nyň saýlanan prezidenti iýun aýynda niderlandlarda geçiriljek NATO sammitinde ýewropaly ýaranlaryny goranyş ulgamyna has köp harajat bölüp bermäge çagyryp biler.
Transatlantik söwda sürtülmeleri hem gaty mümkin, hususan-da, Brýussel tilsimat tüçjary we möhüm Tramp ýarany Elon Masky hem-de onuň X sosial media platformasyny, bileleşigiň sosial media düzgünlerini sylamazlyk bilen baglylykda, milliard ýewrolyk jerimelere sezewar edip biler.
Belarus: Lukaşenka sowukda ýalňyz goýulmakdan gorkýar
Alýaksandr Lukaşenkanyň awtoritar režimi 2024-nji ýylda totalitar döwlete öwrülmegini dowam etdirdi. Diňe daşyndan demokratik saýlaw ýaly bolup görünýän iki saýlaw kampaniýalary bilen kanunylaşdyrylan syýasy repressiýalar has-da artdy.
Ýylyň başlarynda, marionetka, ýagny oýnatgy parlament hem-de ýerli geňeşler saýlandy. Ýylyň ahyrlarynda, 2025-nji ýylyň ýanwarynda netijelenjek prezidentlik saýlaw kampaniýalary başlandy.
Belarus we Russiýa arasyndaky ýaranlyk pugtalandy we çuňlaşdy, hususan-da, harby pudakda, Lukaşenka Russiýanyň döwrebap ýaraglaryny öz ýurduna ýerleşdirip, Belarusyň strategiki pozisiýasyny berkitmäge çalyşýar. Bu prosesiň öwrüm pellesi Russiýanyň ösen “Oreşkin” raketa ulgamlarynyň 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Belarusa ýerleşdirilmegi barada dekabr aýynda kabul edilen karar boldy.
2025-nji ýylda Lukaşenka režiminiň esasy päsgelçiligi Ukraina boýunça geçirilmegi ahmal ýaraşyk gepleşikleri tarapyndan şekillendiriljek täze geosyýasy reallyklar bolar. Minsk bu gepleşikleriň netijesinde Gündogar we Merkezi Ýewropada emele gelip biljek täze howpsuzlyk arhitekturasynyň gurluşygynda Minskiň bähbitlerine ýüzleý garalmagyndan gorkýar.
Şol sebäpden, ol prezidentlik saýlawlaryny alty aý öňe süýşürdi. Ol bu gepleşiklerlerde täsir güýjüne eýe bolmak üçin, täzeden kanunylyk gazanmagy maksat edinýär.
Ýöne, eger-de Ukrainadaky çaknyşyk doňdurylsa, Belarus hem birnäçe ýyllap doňdurylan halda galyp biler. Lukaşenka režimi mäkämleşip, berkleşer, belarus durmuşynyň ähli ugurlary bolsa – ykdysadyýetden medeniýete – ýuwaş-ýuwaşdan degradirlener, bozular.
Owganystan: Zenan hukuklary ugrunda göwni çökgün göreş
2024-nji ýyl Owganystanda zenan hukuklary babatynda nobatdaky umytsyz ýyl boldy, bu ýagdaý dekabrda öwrüm pellesine ýetip, “Talyban” bilim çäklendirmelerini giňeltdi we hususy okuw jaýlarynda aýallara akuşerlik, şepagat uýalygy we barlaghana ylymlary ýaly möhüm hünärleriň okadylmagyny gadagan etdi.
Soňky çäklendirmeler owgan gyzlaryny birnäçe ýyl bäri orta mekdeplerden we ýokary okuw jaýlaryndan daşda saklaýan çäreleriň dowamy boldy.
“Bu diňe bir bilim alyp, öz jemgyýetine goşant goşmak isleýän gyzlaryň arzuwlarynyň ýykylýandygyny aňlatmaýar” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watch guramasynyň Zenan hukuklary bölüminiň egindeş başlygy Heser Bar (Heather Barr) aýdýar.
“Bu lukmançylyk kömegini alyp bilmejek aýallaryň ölüme iteriljekdigini hem aňladýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Soňky bir ýylyň dowamynda, dünýäde bu çäklendirmelere garşy ozal görlüp-eşidilmedik hukuk tagallalary hem güýçlendi. Owganystanyň Norwegiýadaky öňki ilçisi Şukria Barakzai 2024-nji ýylda bu ugurda gazanylan ösüşleri nygtap, “Talybany” hasaba çekmek babatynda halkara tagallalara ünsi çekdi.
Möhüm ýeňiş 2024-nji ýylyň noýabr aýynda gazanyldy, şonda BMG-niň Baş Assambleýasynyň bir komiteti adamzada garşy jenaýatlary ýöriteläp nyşana alýan ilkinji şertnama babatynda gepleşikleri tassyklady. Bu täzelik gender aparteidiniň, gender ýekirmeleriniň halkara hukugynyň astynda çözülmegine ýardam berip biler. Owgan aýal hukuklaryny goraýjylar öňden bäri bu möhüm ädimi goldap gelýär.
Barakzai 2025-nji ýyla nazar aýlap, umytlanmaga esas görýär.
“2025-nji ýyl owganlar üçin, hususan-da owgan zenanlary üçin, adalat ýyly bolup biler, sebäbi ýurtlar Owganystanyň içinde bolup geçýän zatlara garşy mobilizlenmäge başladylar” diýip, ol aýtdy. Ýöne, Barr hem, iri özgerişiň dowamly halkara basyşlaryny we goldawlaryny talap edýändigini aýtdy.
Serbiýa: Wuçiçiň dünýäsi
Kosowo bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhdaky, iň bolmanda, 2011-nji ýylda ÝB araçylygynda gepleşikleriň başlanmagyndan bäri, iň pes derejesinde galýar. Gatnaşyklary kadalaşdyrmak tagallalary togtady. Bu tagallalar 2022-nji ýylda serb wekilleriniň Kosowanyň döwlet institutlaryndan çekilmeginden, şondan bir ýyl soňra demirgazyk Kosowada bolup geçen zorlukly çaknyşyklardan hem-de 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda kosowaly polisiýa işgäriniň öldürilmeginden zyýan çekdi.
Çykgynsyz ýagdaýa garamazdan, Serbiýa daşary syýasatda möhüm deňagramlaşdyryjy hereketlerini saklap galdy, meselem, Russiýa garşy sanksiýa girizilmegini ret edip, şol bir wagtda Ukrainanyň territorial bitewiligini goldady. Belgrad Pekin bilen hem gatnaşyklary pugtalandyrdy.
Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç regional syýasatda möhüm oýunçy bolmagynda galýar, ol hususan-da Bosniýa-Gersegowinada täsirlidir. Wuçiç Bosniýany emele getirýän iki ülkäniň biri bolan Republika Srpskanyň russiýaçy populist lideri Milorad Dodigiň üstünde täsir ýöretmekde hem tanalýar.
Dodigi passiwleşdirýän ýaly görünmek bilen, Wuçiç özüni Ýewropa Bileleşigine hem-de Birleşen Ştatlara Balkanlardaky esktremistleriň durnuksyzlaşdyryjy meýillerini ýumşatmaga ukyply aram güýç hökmünde görkezýär. Ýöne, onuň gümürtik pozisiýasy köplenç synçylary, eýsem, ol durnuklylygamy, ýa durnuksyzlygamy, ýa-da ikisine-de goşant goşýarmy diýen soraglary bermäge iterýär.
Ýewropa Bileleşigine agzalyk barada aýdylanda, Serbiýa aslynda Garadagdan yzda barýar. Bu ýurtda Podgorisa geçen ýyl birden ösüş gazandy, hatda käbir ÝB diplomatlary Garadag şu onýyllykda Bileleşige goşulyp hem biler diýýärler.
Ýöne Balkan diplomatlary häzirki wagtda Ak tamdaky üýtgeşiklige üns gönükdirilýärler. Meselem, Wuçiç şek-şübhesiz umydygär bolýar. Ol we onuň ýaranlary ABŞ syýasatynda “Serbiýa has dostlukly” çemeleşme bolar öýdüp, Donald Trampyň ABŞ-nyň prezidenti wezipesine gelmegi babatynda umyt beýan edýärler.
Kawkaz: Garabag parahatçylygy togtaýar, Gürjüstan partlaýar
Bir ýyl ozal, Ermenistan we Azerbaýjan arada parahatçylyk ylalaşygy golaýlaýan ýaly bolup görnüpdi. Azerbaýjan iki ýurduň arasyndaky çaknyşyklaryň sebäpkäri bolan Daglyk Garabagda gözegçiligi doly ele geçiripdi. Iki tarap-da ylalaşyga gol goýmaga özleriniň tas taýýar bolandyklaryny, esasy meseleleriň köpüsiniň ylalaşylandygyny aýdypdy.
Häzir bolsa, hemme zat tas öňki-öňkülik ýaly bolup görünýär, Ermenistan we Azerbaýjan heniz hem parahatçylyk ylalaşygynyň inçe bölümleri barada çekişýär we käteler Azerbaýjan, aslynda, düýbünde ylalaşyk islemeýän ýaly bolup görünýär.
Bu aralykda, Kawkaz sebitinde üns Gürjüstana tarap süýşdi. Bu ýurtda oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlary aýgytlaýjy bolaýmalydy, ýöne munuň netijesinde emele gelen krizis her kimiň garaşyşyndan hem howply boldy.
Oppozisiýa we protestçiler özleriniň bikanun atlandyran saýlaw netijelerini kabul etmekden ýüz öwürdiler. Hökümet basyp ýatyrmalary Gürjüstanyň post-sowet taryhyndaky iň agyr basyp ýatyrmalar boldy. 29-njy dekabrda wezipe möhleti tamamlanýan prezident Salome Zurabişwili hökümet bilen töwekgelçilikli gapma-garşylyga ýol açyp, işden gitmekden ýüz öwürýär. Gürjüstanyň esasy hyzmatdaşlary bolan Birleşen Ştatlar we Ýewropa güýçleri bilen aradaky gatnaşyklar ýaramazlaşmagy dowam etdirýär.
Şu makala ýazylýan mahaly, ne hökümet, ne-de oppozisiýa we protestçiler eglişige isleg bildirýär. Häzir çaklama ýöretmeklik paýhassyzlyk bolar. Ýöne bir zat barada anyk aýdyp bolar: Gürjüstanyň syýasaty bir ýyl soňra häzirkisinden köp jähtden başgaça bolar.
Merkezi Aziýa: Boý alýan awtoritarçylyk
2024-nji ýylda rus täsiriniň Merkezi Aziýada gaýtadan janlanmagy üçin şertler amatly ýaly bolup görnüpdi we bu şeýle-de boldy, ýöne Moskwanyň her aýdany bolup-da barmady.
Kremliň döwlet goldawyndaky “Gazprom” we “Rosatom” kompaniýalary Özbegistanda rowaçlandy; rus gaz eksportlary tas üç essä çykdy; Moskwa we Daşkent, ahyrsoňy, kiçi bir atom elektrik desgasyny gurmak babatynda ylalaşyga gol goýdy.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen sala salyşlykdan soň, Gazagystan hem ulurak bir atom elektrik stansiýasyny gurmakçy bolýar we eger-de muňa “Rosatomyň” nähilidir bir hili gatnaşygy bolmasa, örän geň bolardy.
Şol bir wagtda, Özbegistan-da, Gazagystanda-da Moskwanyň abraýynda möhüm bolan bileleşige goşulmak babatynda basyşlara garşy durdy. Sebitde rus dili we Russiýanyň kolonial mirasy dogrusynda bolup geçen çekişmeler Kremliň ýumşak güýç mümkinçiliklerine ýagşylyk getirmedi.
Bu aralykda, Hytaý öňümizdäki ýylda ümsüm diplomatiýa arkaly hem-de, sebitiň esasan transport we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudaklaryna gönükdirilýän köpmilliardlyk maýa goýumlary arkaly sebitde dost edinmegi dowam etdirer.
Şeýle-de, tutuşlygyna alnanda, sebit has-da awtoritarlaşar. Täjigistanda we Türkmenistanda bu tas mümkin däl ýaly bolup görünýär, ýöne ikisinden hem tagallalara garaşyp bolar.
Bu aralykda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda žurnalistler we režim tankytçylary çäklendiriji täze kanunlar, göz gorkuzyjy türme hökümleri zerarly, barha köp gysylýar, bu hökümetler bolsa, erkinlikleri gysmagyň hemmelere bähbit getirýändigine ynanýar.
Sözsoňy: Global uruş
Ukrainadaky uruş, hakykatdan-da, global derejelere baryp ýetdi. Bu uruş Ukrainada bolup geçýän-de bolsa, muňa onlarça ýurt gatnaşýar, Afrika, Günorta Amerika we Gündogar Aziýa ýaly daş sebitleriň halklary hem bu uruşdan täsirlenýär.
Bu uruş Sowuk urşuň ýitileşen döwürlerinden bäri geçen döwrüň dowamynda harby güýçleriň iň berk görnüşde artdyrylmagyna alyp geldi, hem-de NATO-dan Ýewropa Bileleşigine çenli, Birleşen Milletler Guramasyndan Halkara Jenaýat kazyýetine çenli, halkara institutlaryň ygtybarlylygyny agyr güne saldy.
Bir tarapda, Birleşen Ştatlar we NATO ýolbaşçylygynda Günbatar ýaranlygy Ukraina goldaw berýär.
Beýleki tarapda, emele gelip barýan we häzirki dünýä tertibini synaga salýan Günbatardan bolmadyk ýurtlaryň birleşigi.
Hytaý bu formal däl toparda başy çekýär, Russiýa bolsa kiçi hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär, şeýle-de bu topar Eýran we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlar tarapyndan goldanýar. Bu döwletler özleriniň Günbatar sanksiýalaryndan sowlup geçýän gurallarybilen, kripto walýutalara esaslanýan maliýe ulgamlary bilen, şeýle-de BRIKS we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy ýaly halkara institutlary bilen alternatiw globallaşma wekilçilik edýär.
Söweş çyzgysy Ukrainada ýerleşýär, ýöne uruş hemme ýerde barýar: Russiýa tutuş dünýäde saýlawlara gatyşýar (megerem, Rumyniýa bu ugurda iň soňky mysal bolsa gerek) we bir topar Günbatar ýurdunda sabotaž hereketlerini alyp barýandyr öýdülýär. Bu aralykda, Ýakyn gündogar ýene bir gezek urşa çekilýär: Wenesualla goňşusy Guýananyň territorial çäklerine göz dikýär; Hytaý Ukraina çaknyşygyny bakyndan synlaýar we özüniň Taýwana garşy operasiýasy barada kelle döwýär.
2025-nji ýylda global uruş güýçlener we Ukrainadaky ýagdaýlara garaşsyz halda giňäp biler. Hatda bolup biljek ýaraşyk ylalaşygy hem global durnuksyzlygy saklap bilmez, bu ylalaşyk Russiýanyň ekspansiýa hyjuwlaryny, ýa-da Kremliň ukrain döwletliligini ýok etmek isleglerine hem-de NATO ýaranlygyna we Birleşen Ştatlara garşylygyny saklap bilmez.
Ukrainadaky uruş gar süýşmelerini başlatdy. Yslamçylardan başlap, rewanşistlere çenli, globallaşma garşy bolan elitalar ganyň ysyna alýarlar we dünýä ýüzünde garaşylmaýan ýerlerde täze çaknyşyklar turup biler.
Bu babatda, Putin bu çaknyşygy global çaknyşyga öwürmek hem-de dünýä tertibini agyr güne salmak babatynda özüniň uzak möhletli meýilnamasynda üstünlik gazandy. II Jahan urşy bilen deňeşdirilende, biz häzir, global garşydaş, kararsyz Günbatar we golaýlaýan Mýunhen şertnamasy bilen, 1938-nji ýyllarda bolup bileris. 1945-nji ýyla çenli sag aman ýetmegi diňe umyt edip bolar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum