Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy bir aý möhlet bilen Moskwa uçuşlaryny ýatyrdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 30.12.24 – 31.01.25 seneler aralygynda Aşgabat – Moskwa - Aşgabat rejeli gatnawlary ýatyrylandygyny yglan etdi. 28-nji dekabrda ýaýradylan bildirişde muňa düşündiriş berilmeýär.

Beýanatda biletleriň doly ýagdaýda tutumsyz yzyna gaýtaryp berilýändigi hem bellenilýär.

Mundan bir gün öň, Azerbaýjanyň howa ýollary Russiýanyň birnäçe şäherlerine uçuşlaryny togtatýandygyny mälim edipdi. Bu Azerbaýjanyň howa ýollarynyň Russiýanyň Groznyý şäherine barýan uçarynyň 25-nji dekabrda Gazagystanda heläkçilige uçramagy bilen bagly ýagdaýyň daşyndaky kesgitsizligiň fonunda bolup geçdi. Heläkçilik zerarly uçardaky 67 sany ýolagçydan we ekipaž agzalaryndan 38 adam öldi.

Forum

XS
SM
MD
LG