Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy gaýtadan ýokarlanýan mahaly, döwlet eýeçiligindäki dükanlarda un indi iki gün bäri satylmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky, Lebapdaky, Balkandaky habarçylary we Daşoguzdaky çeşmesi habar berýär.
“Daşogzuň döwlet dükanlarynda un satylmaýar. Adamlar welaýatyň un zawodunyň öňüne üýşýärler. Adamlaryň üýşmeleňinden ýaňa, bu ýere barar ýaly däl. Un satylmaýandygy üçin bazarlarda, hususy dükanlarda çörek hem satylmaýar. Bu ýagdaý indi iki gün bäri dowam edýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz aýtdy.
Azatlygyň ýurduň gündogar welaýatyndaky habarçysy hem, häzirki wagtda adamlary esasan unuň gyzyklandyrýandygyny, döwlet dükanlarynda ony umuman satyn alyp bolmaýandygyny habar berdi.
“Lebabyň bazarlarynda unuň 1 kilogramy 8-9 manada durýar. Gazagystanda öndürilen unuň 1 kilogramy 15 manada çenli çykdy” diýip, anonim şertde maglumatda beren habarçymyz aýtdy.
Türkmenistanda öndürilen unuň döwlet eýeçiligindäki dükanlarda satylmazlygy bilen baglanyşykly ýagdaýyň Aşgabatda we Balkanda hem gaýtalanýandygyny, Ahalyň Abadan şäherçesinde un nobatyna duran adamlaryň uly üýşmeleňini görse bolýandygyny, paýtagtly synçy Amanmyrat Bugaýew hem tassyklaýar. “Şeker we ösümlik ýagy bolsa, öňküsi ýaly günde çäkli möçberde satylýar” diýip, ol belledi.
Ýurduň bazarlarynda beýleki azyk harytlarynyň gymmatçylygy hem saklanyp galýar. Bazar tekjelerinde harytlaryň öňünde görkezilýän nyrh bilen onuň hakyky satyn alyş bahasy hem tapawutly bolmagynda galýar.
“Kartoşkanyň 1 kilogramy 5 manat diýlip ýazylan bolsa, ony satyn aljagyňa satyjynyň anyk gözi ýetse, onda ol “Biz muny 5 manat diýip, bazar administrasiýasynyň talabyny amal edýän adamlar hökmünde ýazýarys. Şonuň üçin hem munuň hakyky bahasy 7-8 manat” diýip aýdýarlar. Bu görkeziji pomidor, alma ýaly gündelik durmuşda ulanylýan harytlar babatynda hem şeýle” diýip, synçy Bugaýew belledi.
Azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, ýurtda dollaryň “gara bazardaky” hem gaýtadan ýokarlanýar. Geçen hepde paýtagtda 1 amerikan dollary “gara bazarda” 19-20 manat aralygynda satylan bolsa, şu gün ony 20-21 manat aralygynda satyn alsa bolýar.
“Aşgabatda 100-200 dollar bolsa, onda 20 manat 20 teňňeden-20 manat 50 teňňeden satyn alynýar. Eger 300-500 dollar bolsa, onda 20 manat 60 teňňeden-20 manat 70 teňňeden satyn alynýar. Eger 1000 dollar ýa-da ondan köp bolsa, onda ony 21 manatdan satyn alýarlar. Balkan welaýatynyň administratiw merkezi bolan Balkanabat şäherinde ýagdaý Aşgabatdakydan bir az tapawutly, ýagny bu ýerde 1000 dollar 21 manat 20 teňňeden- 21 manat 30 teňňeden satyn alynýar” diýip, şu gün Balkana welaýatyna baran aşgabatly synçy Bugaýew gürrüň berdi.
Türkmenistanyň gündogar welaýatyndaky habarçymyz hem, 16-njy oktýabrda Lebabyň merkezi şäheri Türkmenabatda dollaryň söwdasynyň 20-21 manat aralygyndadygyny habar berdi.
Ýurduň ençeme welaýatyndaky döwlet dükanlarynda un satylmaýan, şeýle-de bazarlarda harytlaryň gymmatçylygynyň we gytçylygynyň saklanyp galýan mahaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli metbugata azyklyk galla garaşsyzlygyny wagyz etmegi ündeýär.
12-nji oktýabrda geçirilen hökümet mejlisinde prezident: “[Ösüşleri] anyk mysallar arkaly açyp görkezmek üçin ýeterlik mümkinçilik bar. Hususan-da, azyklyk galla bilen özümizi üpjün edendigimizi... giňden beýan etmek üçin mysallar köp” diýdi.
Prezidentiň eden bu çykyşy, garaşsyz habar çeşmeleriniň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň ýurtda dowam edýän un-çörek ýetmezçiligi, azyk dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlar, hem-de nobatlarda döreýän dawa-jenjeller barada yzygiderli habar bermeginiň we gazak resmisiniň Türkmenistanyň şu ýyl Gazagystandan 100 müň tonna galla satyn alandygyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.