Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda çagalaryň onlarçasyna sary getirme we gyzamyk keselleri ýokuşdy


Çagalar bagyndaky çagalar we terbiýeçi. Illýustrasiýa suraty
Çagalar bagyndaky çagalar we terbiýeçi. Illýustrasiýa suraty

Daşogzuň Görogly we Saparmyrat Nyýazow etraplaryndaky çagalaryň onlarçasyna sary getirme we gyzamyk keselleriniň ýokuşandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmesi habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz özüniň bu etraplardaky çagalar baglarynyň ençemesine aýlanyp görendigini we häzirki wagt olarda çagalaryň sanynyň tas ýok derejededigini anyklaşdyrandygyny aýtdy.

“Şu gün Görogly we Saparmyrat Nyýazow etraplaryndaky çagalar baglarynyň ençemesine baryp gördüm. Çagalar bagynyň işgärleri çagalaryň köpüsine sary getirme we gyzamyk keselleriniň ýokuşandygyny we şol sebäpli olaryň çagalar bagyna gelmeýändigini aýtdylar. Häzirki wagt 300 orunlyk çagalar bagynda bolup bilse 45-50 çaga bar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda ýurduň demirgazyk welaýatynyň Görogly we Saparmyrat Nyýazow etrap häkimlikleri we degişli çagalar baglary bilen habarlaşanda, bu maglumatlary häzirlikçe ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy. Bu barada gürrüňi gidýän etraplaryň Saglyk bölümlerinden hem häzirlikçe kommentariýa almak başartmady.

Azatlygyň söhbetdeşi ýerli ene-atalaryň ençemesine salgylanyp, döwlet eýeçiligindäki çagalar baglarynyň tölegleriniň 10 esse gymmatladylandan bäri tas bir ýylyň geçendigine garamazdan, olarda berilýän hyzmatyň gowulanmaýandygyna hem ünsi çekýär.

Ýatladyp geçsek, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri Aşgabatda 10 manatdan we welaýatlarda 8 manatdan 80 manada duýdansyz ýokarlandyryldy.

“Çagalar baglarynyň tölegleri öňünden duýduryş berilmezden, sebäpleri hem düşündirilmezden 10 esse gymmatladyldy. Aradan 1 ýyla gowrak wagt geçdi. Ýöne muňa garamazdan, çagalara berilýän terbiýäniň hili gowulanmaýar, olaryň saklanyşy, iýmitlendirilişi gaty ýaramaz. Günä kimde bilmedim” diýip, çeşmämiz ene-atalaryň tölegleriň nämäniň hatyrasyna artdyrylandygyna akyl ýetirip bilmeýändiklerini aýdýandygyny belläp, sözüni jemledi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, ýurtda ortaça aýlyk hakynyň 800 manat çemesidigini nazara alanymyzda, çagalar bagynyň tölegleriniň gymmatladylmagy käbir ene-atalaryň arasynda nägilelikleriň döremegine sebäp bolupdy we olaryň ençemesi öz çagalaryny çagalar bagyna gatnatmagy bes edipdi.

Şondan soň, has takygy geçen ýylyň ahyrynda türkmen häkimiýetleri döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärler bilen ýörite duşuşyklary geçirip, olardan öz çagalaryny çagalar bagyna bermegi talap etdiler. Muny berjaý etmedik býujet işgärlerine bolsa, işden çykaryljakdygy barada haýbat atylýandygyny, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG