Aşgabadyň Teke bazarynda eli çagaly zenanlar, garry eneler “Ahal” ýagynyň uly nobatlaryna durup, bir ele berilýän bir gap ýagy almak üçin gijeden bu bazaryň ýag satylýan azyk dükanlarynyň öňünde nobata durýarlar.
Читайте также на русском
Dükanyň açylmagy bilen, nobatlar bulaşyp, hatda nobata duranlaryň arasynda uruş-sögüşleriň, ýakalaşyklaryň bolýandygy hem görünýär.
“Aşgabadyň gaýrasyndaky Owadandepäniň golaýynda gurlan ‘Ahal’ ýagyny öndürýän ýag zawodynyň wagtlaýynça işini togtadandygy barada hem maglumatlar aýdylýar. Şol sebäpli ‘Ahal’ ýagy satuwda gytaldy, uly nobatlardan bolsa dükanlaryň golaýyna barar ýaly däl” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylar aýdýarlar.
“Ahal” ýagyny öndürýän zawodyň wagtlaýynça işini togtadyp, işgärleriniň belli bir bölegini tölegsiz rugsada goýberendigini, bu zawodyň öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran bir işgäri hem tassyklaýar.
Onuň aýtmagyna görä, "Ahal" ýagyny öndürmek üçin ulanylýan çig mal serişdesi, ýagny pagta çigidi zawodda gutarypdyr. Indiki pagta hasyly ýygnalyp başlanýança zawod ýag öndürip bilmeýär.
“Häzirki satuwa çykarylýan ýaglar hem Türkmenabatda öndürilen ýag bolup, ony Türkmenabatdan ‘Ahal’ ýagyny öndürýän zawoda getirip, täzeden işläp gaplara gaplaýarlar. Ol hem çäkli gelýär. Şeýle-de Türkmenabadyň öndüren ýagyny täzeden işläp, onuň ysyny aýyrdanyň bilen hem, onuň hili 'Ahal' ýagyny öndürýän zawodyň öz önümiçe bolman, täzeden işlenende onuň hili peselýär" diýip, işgär gürrüň berýär.
Daşary döwletlerden gelýän günebakar we beýleki ösümlik ýaglarynyň bahalary ozalkydan biraz peselen bolsa-da, ol ýaglara kän bir isleg ýokdugyny hem aşgabatly ýaşaýjylardan eşitse bolýar.
Türkmenler özümizde önýän pagta çigidiniň ýagyny gowy görýärler. Käbir maşgalalar pagta ýagy bolmasa, beýleki ýaglary ulanyp bilmeýändiklerini hem aýdýarlar.
Şol sebäpli Ahal ýagyna isleg kän. Emma onuň satuwa çykarylşy juda çäklendi. Bir ele ozalrak iki gapdan berlen "Ahal" ýagyny häzir bir ele bir gapdan berýärler. Adamlar, esasan-da, zenanlar gijeden nobata durýarlar.
Öýünde goýara adam bolman ejesiniň ýany bilen getirilýän çagalar yssy howa çydam etmän aglaşýarlar. Gyzgyna çydaman nobata duranlaryň arasynda adamlaryň çaşýan pursatlary hem bolýar.
Emma satyjylar çagaly enelere-de, garrylara-da eglişik etmeýärler. Olar nobatlary dargatjak bolup, nobata duran alyjylara paýyş sözleri aýdýan pursatlary hem bar diýip, alyjylar Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýdýarlar.
"Ahal" ýagynyň nobatlarynyň sosial ulgamlarda peýda bolmagy bilen, 30-njy etrapçada ýerleşýän “Arçabil” azyk dükanynda bu ýagy satmagyň bes edilendigi, ony esasan “Teke” bazarynyň azyk dükanlarynda, 11-nji etrapçanyň azyk dükanlarynda satuwda tapsa bolýandygyny hem ýaşaýjylardan eşitse bolýar.
Nobatlara polisiýa işgärleriniň uly topary gözegçilik edýärler. Ýöne olar nobatlaryň düzgün-tertibine, ýüze çykýan uruş-sögüşlere däl-de, nobatlary surata düşürýän käbir ýaşaýjylara gözegçilik edýärler.
“Gözegçiler nobata duran bolup, olar esasan polisiýanyň zenan işgärlerinden durýarlar. Kimdir biri öz ýakynlary bilen mobil telefonynda gürleşmek isläp, telefonyny açaýsa hem dessine eliňe ýapyşyp, aňyrrakda duran polisiýanyň erkek kişilerini çagyryp, telefon eýesini polisiýanyň bölümlerine alyp gidýärler, ol ýerde olara berk daralýar” diýip, şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan ýaşaýjylar aýdýarlar.