Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda alkogolyň satuwy çäklendirilýär, häkimiýetler içgili dükanlary uçdantutma barlaýar


Türkmenistanda tekjede duran wodka araklary (illýustrasiýa)
Türkmenistanda tekjede duran wodka araklary (illýustrasiýa)

Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki welaýat merkezlerinde alkogolly içgileriň satylmagyna “dilden” gadagançylyk girizildi. Türkmen häkimiýetleri dükanlary we söwda nokatlaryny spirtli içgilerden "saplamak" boýunça ýurduň çar künjeginde, hususan-da Aşgabatda iş alyp barýarlar.

Читайте также на русском

Alkogolly içgileriň satylmagyna garşy alnyp barylýan bu göreş Türkmenistanda döwlet derejesinde “2018 - 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamanyň” 5-nji iýulda kabul edilmeginiň yzýanyna gabat gelýär.

Ýurduň durmuşynda bolup geçýän esasy wakalary paýtagtdan yzarlaýan synçy Amanmyrat Bugaýew alkogolly içgileriň satylmagyna garşy giň gerimde alnyp barylýan resmi däl, ýöne çynlakaý çäreleri käbir dükan eýeleriniň sözlerine salgylanyp tassyklady.

“Türkmende ‘belaň körügi’ diýen söz bar; şol ‘belaň körügi’, [ýagny] soňky ýarym aýyň dowamynda dollaryň ogryn söwdasyna garşy göreş güýçlendi. Şonuň fonunda başga-da bir giden zatlar amal edilýär. Şu hepdäniň 1-nji güni [9-njy iýulda] iki-ýeke tanyş dükançylar: ‘Spirtli içgileri satýan hususy dükanlardan spirtli içgileri ýygnajaklar’ diýlen gürrüň bar, men-ä şu gün agşam, bazar ýapylandan soňra, agşamara, gijara öýüme ýa-da başga ýere dükanymdaky spirtli içgileri alyp gitmek niýetim bar” diýip, şeýleräk gürrüň etdiler” diýip, Bugaýew belledi.

Ol alkogolly içgileriň hususy dükanlarda satylmagynyň gadagan ediljekdigi barada duşenbe güni dükançylaryň arasynda peýda bolan gürrüňleriň ertesi güni iş ýüzünde çyna ýazyp, oraşandygyny habar berdi.

“Şu hepdäniň 2-nji güni [10-njy iýulda] ‘spritli içgileriň hususy eýeçilikdäki dükanlarda satylmagyna gadaganlyk giriziljekmişin’ diýlen gürrüň, dogurdanam, dogry bolup çykdy. Hepdäniň 2-nji güni meniň öz gözüm bilen görenim, şäherdäki iň uly bazarlaryň biri hasaplanýan “Mir” bazarynda [häkimiýetler] spirtli içgileri satýan dükanlardan hiç hili akt ýazmazdan, ýene gaýry etmezden, ýöne “spirtli içgiler alyndy” diýip ýazyp, ýanlary bilen ýörite gelen işçi güýçlerine, üç-dört sany ýigdäkçä, şol dükanlardaky [içgileriň görnüşine garamazdan] içgileriň hemmesini maşynlara ýükledip alyp gitdiler, hem-de dükan eýelerine hepdäniň 3-nji güni polisiýa departamentine gelmelidiklerini, şol ýerde bu zatlaryň dokumentleşdiriljekdigini aýtdylar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Düýn, 12-nji iýulda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri ýerli habarçylaryna salgylanyp, Aşgabatda güýç edaralarynyň alkolly içgileri satýan dükanlarda barlag geçirýändigini, olaryň harytlary konfiskasiýa edýändigini, hatda munuň netijesinde “Jygyllyk” bazarynda tutuş bir ýük maşynyň spritli içgi çüýşelerinden doldurulandygyny habar berdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky beýleki bir habarçysy 13-nji iýulda özüniň degişli edaralardaky ynamdar çeşmelerine salgylanyp, spirtli içgilere garşy alnyp barylýan göreş barada käbir maglumatlary berdi:

“Türkmenistanda soňky birnäçe aýyň dowamynda spirtli içgilerden zäherlenýän adamlaryň sany köpeldi, hatda munuň netijesinde ölüm hadysalary-da ýüze çykdy. Aýratynam Daşoguzda, hem-de Marynyň we Lebabyň käbir etraplarynda [bu ýagdaýlar bilen bagly] köpsanly hadysalar ýüze çykdy” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

“Ýurduň çägine belli bir mukdarda metil spirti getirilipdir diýen gürrüňler bar. Ahmal, ony etil spirti bilen garandyrlar. Ýöne, munuň netijesinde zäherlenmeler, hatda ölüm hadysalary ýüze çykdy. Şol sebäpden bazarlarda barlaglar geçirilip, aýratynam gelip çykyşy anyklanyp bilinmedik alkogolly önümler köpçülikleýin konfiskasiýa edildi” diýip, Aşgabatdaky çeşme aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda synçy Amanmyrat Bugaýew hem hususy eýeçilikdäki dükanlarda satylýan alkogolly içgileriň hil tapawudy baradaky gürrüňlere degip geçdi.

“Ýene bir bellemeli ýagdaý, Aşgabat şäherinde soňky döwürde, [spirtli içgilere garşy göreş] edil şonuň garşysyna diýip düşünip bolanok, ýöne Aşgabat şäheriniň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda satylýan spirtli içgileriň deň däldigi, hil taýdan deň däldigini spirtli içgileri ulanýanlar gürrüň berýärler. Meselem: “Aşgabadyň ýörite çakyr zawodynyň ýanynda 2-3 sany spirtli içgileri satýan dükanlar bar, şolardan, meselem, bir çüýşesi 30 manada alynýan içgi bilen, hususy eýeçilikdäki dükanlardan edil şolar ýaly çüýşä gaplanan, edil şonuň ýaly ýüzüne ýazgy ýazylan çüýşeleriň içindäki spirtli içginiň hili deň däl” diýip zeýrenýärdiler. Ýöne bu ýagdaý ozal bilinýän ýagdaý, “häzirki geçirilýän barlaglar edil şol ýasama aragyň satylmagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýär” diýseler, halk köpçüligi o diýen ynanyp baranok” diýip, synçy Bugaýew belledi.

Eýsem, alkogolly içgilere garşy alnyp barylýan göreşiň halkyň olara bolan talaybyny gowşadyp, jemgyýetdäki sagdyn durmuş ýörelgelerine oňyn täsir edýärmi diýen soraga synçy munuň edil beýle däldigini aýdyp jogap berdi.

“Haýsy zada gadaganlyk girizilse, “ýiten pyçagyň gyny gyzyl” diýilşi ýaly, gadaganlyk girizilýän zadyň-da süýjüligi artýar, hyrydary köpelýär” diýip, synçy belledi.

Türkmen häkimiýetleri mundan ozal Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda-da ýurtda alkogolly içgileriň satylmagyna garşy gadagançylyk girizipdi.

XS
SM
MD
LG