Aşgabatda we Daşoguzda Coca-Cola kompaniýasyna degişli önümleriň gytalandygyny, olary diňe seýrek söwda nokatlarynda tapsa bolýandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu şäherlerdäki habarçylary we çeşmeleri aýdýarlar.
“Soňky bir hepde bäri Coca-Cola satuwda asla ýok. Ony käbir dükanlarda örän seýrek ýagdaýda tapyp bolýar. Mundanam başga, Fanta, Sprite ýaly beýleki alkogolsyz içgileri hem satuwda tapyp bolmaýar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, 1,5-2 litrlik plastik gaplara gaplanan Coca-cola önümleri indi sekiz aý ýyl çemesi wagt bäri asla satylmaýar. Onuň käte satuwa çykýan 1 litriniň bahasy bolsa barha gymmatlaýar.
“Häzir Aşgabadyň lomaý söwda bazarynda 1 litrlik Coca-cola içgilerini käte satyn alyp bolýar. Ýöne bu örän seýrek. Galyberse-de, bu söwda bazarynda mundan alty aý çemesi ozal 3 manatdan satylan 1 litrlik Coca-cola içgisini indi 10 manatdan satylýar. Ölçegi 1,5 litr bolan gazlandyrylan Berzeňňi suwy ozal 1 manatdy. Soňra ol 2 manat 20 teňňeden satyldy, edil şu günki gün onuň bir gabynyň bahasy 3 manada durýar” diýip, habarçymyz belleýär.
Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi Coca-cola önümleriniň gytçylygy bilen baglanyşykly ýagdaýyň bu welaýatda hem dowam edýändigini, munuň bilen bir wagtda, beýleki spirtsiz içgileriň hem köplenç söwda dükanlarynyň tekjelerinde tapdyrmaýandygyny aýdýar.
“Daşoguz welaýatynda bir aý bäri Coca-cola önümleri satylmaýar. Umuman ýok. ‘sok’, ýagny gaplara gaplanan miwe suwlaryny we spirtsiz içgileri hem tapmak gitdigiçe kynlaşýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran Daşoguzdaky çeşmämiz gürrüň berdi.
Türkmenistanda “Coca-Cola” önümleriniň gytalmagy we olaryň bahasynyň gymmatlamagy barada kompaniýanyň resmi websaýtynda häzirlikçe maglumat berilmeýär. Azatlyk Radiosynyň “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasynyň Aşgabadyň 11-nji mikroraýondaky edarasy bilen habarlaşyp, maglumat almak synanyşyklary hem häzirlikçe başa barmady.
Ýöne belläp geçsek, Türkmenistanda, hususanda, Aşgabatda “Coca-Cola” önümleriniň gytalmagy we olaryň bahasynyň barha gymmatlamagy bilen bagly ýagdaý geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlamagynyň öňýanynda başlanypdy.
Şonda Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary 1,5 we 2 litrlik plastik gaplara gaplanan Coca-Cola önümleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyndan iki aý çemesi ozal söwda dükanlarynyň tekjelerinden ýitirim bolandygyny gürrüň beripdiler.
2017-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa, Coca-Cola önümleriniň 0,5 we 1 litrlik plastik gaplara gaplanan görnüşleri diňe käbir söwda nokatlarynda satylyp, onuň bahasy 1 manat 30 teňňeden birden 3 manada ýokarlanypdy.
Şonda “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran jogapkär resmisi Coca-Cola önümleriniň önümçiliginiň wagtlaýyn çäklendirendigini aýdyp, munuň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermedi.
Ýeri gelende ýatlasak, 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde hereket edýän “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasy geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi halkara hemaýatkäri bolupdy.
Bu kompaniýanyň “Aşgabat-2017” oýunlaryna goldaw bermek ylalaşyklarynyň çäginde türgenleri, topar ýolbaşçylaryny, bäsleşige gatnaşýan işgärleri we meýletinçileri arassa agyz suwy (“Bonaqua”), alkogolsyz içgiler (“Coca Cola”, “Fanta”, “Sprite”) we sport içgileri (“Powerade”) bilen üpjün etjekdigi aýdylypdy.