Täze ýyl baýramynyň golaýlaşmagy bilen ýetginjek oglanlaryň 31-nji dekabr gijesi köne ýyly ugratmakda we täze ýyly garşylamakda ulanýan partlaýjy enjamlary, ýagny il arasynda aýdylşyna görä, paňkyldawuklary elde ýasaýandyklary barada aladaly maglumatlar aýdylýar.
Döwlet tarapyndan gadagançylyk girizilip, telekeçileriň hem daşary döwletlerden getirip, ýurtda satmagyna rugsat berilmeýän dürli partlaýjy enjamlaryň satuwdan ýitirim bolmagy bilen bu enjamlary ýaş oglanlaryň özleriniň taýýarlaýandyklary barada her ýyl hem Täze ýyl baýramy golaýlaşanda maglumatlar ýaýraýardy.
Şeýle maglumatlaryň ýaýramagyna bu paňkyldawuklary ýasaýan ýetginjek oglanlaryň dürli heläkçiliklere uçramagy sebäp bolýar. Hossarlaryndan gizlinlikde şeýle pişe bilen meşgul bolýan ýetginjekleriň käbiriniň heläkçilige uçurandyklaryny Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Serdar tassyklaýar.
“Otlyçöpüň başyndan, miweli agaçlara sepilýän kükürt poroşogyndan, azot döküninden, awtoulaglaryň akkumulýatoryndaky suwuklykdan başga-da, birnäçe serişdelerden garylyp ýasalýan bu paňkyldawuklaryň seresapsyz ýasalmagy bilen, taýýarlanýan wagty ýarylyp, ýetginjek oglanlaryň ellerine, ýüzlerine tagma goýýan halatlary bolýar” diýip, Serdar aýdýar.
Oba we şäher ýerlerinde degişli resmileriň gözegçiligniň peselmegi sebäpli, heläkçilik ýüz berýänçä ony ýasaýan ýetginjekler barada hiç kim maglumat berip bilmeýär.
Heläkçilik ýüz berenden soňra polisiýa işgärleri tarapyndan ony kimiň ýasaýandygyny anyklamagyň ugruna çykylýar, emma bu partlaýjy enjamlardan gazanç hem etmegi maksat edinýän ýetginjekler biri-biriniň aýybyny açmaga howlukmaýarlar diýip ýaşaýjylar aýdýarlar.
Käbir maglumatlara görä Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynyň golaýyndaky awtoulaglary goýmaga sürüjileriň mejbur edilýän awtoduralgasynda gijelerine goýlan awtoulaglaryň birnäçesiniň akkumulýatorlary ogurlanypdyr. Ýaşaýjylar munuň sebäplerini ýetginjek oglanlaryň partladyjy enjamlary ýasamak islegleri bilen baglanyşdyrýarlar. Emma ogurlanan akkumulýatorlary tapmak barada uçastok inspektorlarynyň hiç bir netijeli iş geçirmändiklerini hem sürüjiler aýdýarlar.
Ilatyň islegni göz öňünde tutup, döwlet tarapyndan has howpsuz bolan paňkyldawuklary satuwa çykarsalar onda ýetginjeklerem, belki, bu howply pişe bilen meşgul bolmazdylar.
Iň köp okalan
1