Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylar it bilen gödek barlanýar"


Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylary birlaý ite barladýarlar.
Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylary birlaý ite barladýarlar.

Türkmenistanda geçiriljek Aziada-2017 oýunlarynyň başlamagyna sanlyja gün galanda, paýtagt Aşgabadyň aeroportynda goşmaça howpsuzlyk çäreleriniň görülýändigi we käbir ýolagçylaryň adatdan daşary görnüşdäki barlagdan geçirilýändigi habar berilýär.

Aşgabat bilen Stambulyň arasynda yzygiderli söwda gatnaýan türkmenistanly bir zenanyň aýtmagyna görä, Aşgabadyň aeroportynda ýurda baran ýolagçylary ähli howpsuzlyk enjamlaryndan we barlagyndan geçip bolandan soň, gümrük we serhet gullugynyň işgärlerinden daşaryn, howpsuzlyk gullugy gaýtadan itli barlagdan geçirýärler.

"Biz birnäçe adam bolup golaýda Stambuldan Aşgabada yzymyza gaýdyp baranymyzda, aeroportdaky "X-Ray" barlag enjamnyndan geçenimizden soň, itiň gaýtadan birlaý bizi barlamagyny talap etdiler. Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylaryň "X-Ray" enjamyndan geçýän ýerinde itli garawullar durlar we olar ýolagçylaryň özüni hem goş-golamlaryny döwrebap howpsuzlyk enjamlaryna ynanman, gaýtadan birlaý ite barladýarlar.

“Ýaňky it gelip meniň sumkamy dişläp, silkeläp ýyrtyp barýar. Sumkamda birnäçe kolbasa önümi bardy. Onsoň "iti gyra çekiň, men sumkany dökeýin, özüňiz seredip göräýiň" diýip, bar goşumy ýere dökdüm. Şonda itli barlag geçirýän "Näme, kolbasa getirýäniňi öňünden aýdyp bileňokmy? Näme üçin uly iliň öňünde iti özüňe öjükdirýäň? Onsoň sumkaňam, paketiňem, ine, şeýdip ýyrtar-da" diýip, gaýtam üstüme azgyryldy" diýip, ol Aşgabadyň aeroportynda başyndan geçirilenlerini gürrüň berýär.

Zenanyň aýtmagyna görä, howpsuzlyk işgärleri, şeýle-de, Aşgabada baran ýolagçylaryň derrew aeroportdan gitmegini hem talap edýärler.

Stambula gatnaýan birnäçe türkmenistanly hem Türkiýeli raýatlar-da Aşgabadyň aeroportynda adatdan daşary ýagdaýda howpsuzlyk çäreleriniň ýola goýlandygyny we şuňa meňzeş ýagdaýlary başdan geçirendiklerini tassyklamak bilen bir hatarda, aeroportda adamlary barlaýan erinlik dakylmadyk we aç görünýän itleriň ýolagçylary eýmendirýändigine aýratyn üns çekýärler.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, golaýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi we onda harby hem hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriniň netijelerine, şeýle-de ýene bir gezek Aziýa oýunlary döwründe Aşgabatda howpsuzlygy üpjün etmek meselesine ünsi çekdi.

Şol bir wagtyň özünde geçen aýda döwlet serhedini bikanun geçip, ýurda aralaşan “Yslam döwleti” (YD) atly toparyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamyň saklanmagy bilen bagly Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň ýolbaşçysy Begenç Gündogdyýewiň harby derejesiniň peseldilendigini Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri habar berýärler.

Sözi jemläp aýtsak, ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda degişli türkmen resmilerinden haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG