Orsýetiň media serişdelerine gözegçi guramasynyň talabyna eýerip, rus “web-host” üpjünçisi belli-meşhur neonasist “Daily Stormer” internet saýtynyň rus domeýnini togtatdy. Hökümet saýtyň “ekstremist mazmunyna” seredilmegini sorady.
Düýbi Moskwada ýerleşýän we internet sahypalarynyň atlaryna hasap açyp berýän “Ru-Center” atly hususy kompaniýa 17-nji awgust güni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, özlerine “Roskomnadzor” media serişdelerine gözegçi guramadan “Dailystormer.ru” saýtynyň togtadylmak mümkinçilikleri dogrusynda resmi hat gelip gowşandygyny habar berdi.
Hepdäniň başynda Google we “GoDaddy” “The Daily Stormer” neşirine hyzmat hödürlemegi bes edensoň neşir “Dailystormer.com” domeýninden hem mahrum boldy.
Domeýnleri hasaba alýan bu iki kompaniýa, neşire garşy sosial mediada alnyp barylýan kampaniýalara goşulyp jogap gaýtardy. Geçen hepdäniň soňunda Wirjiniýada geçirilen ak jynsparazlyk ýörişinde jynsparazlyga garşy protest bildirýän bir zenan wepat bolansoň neşir şol ýogalan zenana şyltak atypdy we munuň netijesinde sosial mediada agzalýan sahypa garşy kampaniýalar alawlanypdy.
Silikon jülgesindäki firmalaryň alan kararyndan soň 15-nji awgust güni jedelli websaýt jemgyýetçilige elýetersiz boldy. Ýöne 16-njy awgust güni irden “The Daily Stormer” özüniň rus domeýni “Dailystormer.ru” ady bilen internetde öz işine dowam etdirdi. Neşiriň ady gelip çykyşy boýunça Nazi propagandasyny çap eden “Der Sturmer” gazetine esaslanýar.
Jemgyýetçilige elýeterli maglumatlara görä neşir 15-nji awgust güni “Ru-Center” kompaniýasyndan rus domeýnini alypdyr. Ýöne gysga wagtyň içinde bu saýt hem elýetersiz boldy.
“Ru-Center” kompaniýasynyň metbugat wekili Ýegor Timofeýew AÝ/AR bilen elektron hat arkaly geçiren söhbetdeşliginde, “Roskomnadzoryň” ugradan hatynda “agzalýan domeýniň ekstremist mazmuny sebäpli onuň togtadylmak mümkinçiligine garalmagynyň” soralandygyny aýtdy.
“Şonuň üçinem biz ‘Dailystormer.ru’ saýtyny togtatmagy kararlaşdyrdyk” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
“The Daily Stormer” neşiriniň eýesi rus domeýnleriniň az salym elýeterli bolup, soňra 16-njy awgustda onuň hem ýitirim bolmagyndan soňra özüne “internetiň tutuşlygyna gadagan edilendigini” jar etdi.
Andrýu Anglin (Andrew Anglin) “The Associated Press” habar agentligine beren gürrüňinde, Birleşen Ştatlardaky we Orsýetdäki internet platformalarynda özüne garşy girizilen çäklendirmeler sebäpli özüniň ak jynsparazlyk dogrusyndaky pikir-garaýyşlaryny beýan etmäge jaý tapmaýandygyny aýtdy
Anglin “The Associated Press” habar agentligine elektron hat arkaly beren gürrüňinde: “Göze görnüp duran ýagdaý, hökmürowanlar meni arkaýyn internetden kowup çykarmaga özleriniň güýçleriniň ýetýändigine ynanýarlar” diýdi.
Anglin Wirjiniýanyň Şarlotswil şäherinde Nazi ideologiýasyna muşdaklykda güman edilýän bir adamyň köpçüligiň üstüne awtoulag sürmeginde wepat bolan Hezer Haýeri ýaňsylap, özüniň küşgürijilikli çykyşlaryny biraz salym rus domeýni arkaly dowam etdirdi.
Anglin öz çykyşlarynda Haýeri “dereksizligiň kesgitlemesi” we başga-da köp zat atlandyryp, özüne sosial media arkaly gazaply gaýtawul berilmegine meçew berdi.
Anglin Associated Press habar agentligine beren gürrüňinde özüniň dört internet sahypasynyň ýapylandygyny, başga mümkinçilikleriniň hem azalýandygyny habar berdi. Onuň başga mümkinçilikleriniň azalýanynyň sebäbi internet sahypalaryny hasaba alýan kompaniýalaryň ählisi diýen ýaly “ýigrenji öjükdiriji çykyşlary” gadagan edýär.
“Olar maňa domeýni hasaba goýmagy gadagan etdiler” diýip, ol AP-e beren gürrüňinde aýtdy.
16-njy awgustda Twitter we Facebook hem “Daily Stormer” neşirine degişli hasaplary togtadandyklaryny we neşire degişli internet sahypalaryny aýyrandyklaryny mälim etdiler. “Daily Stormer” Şarlotswilde Haýeriň ölümine getiren ýörişiň guramaçylygyna ýardam beripdi.