Türkmenistanda Ikinji Jahan urşuna gatnaşan soňky esgeriň biri dünýäden ötdi. Geçen Watançylyk urşuna başyndan-aýak gatnaşan, söweşjeň orden-medallara mynasyp bolan garry soldat 96 ýaşa ýetdi. Şu günki gün, häzirki döwür bolsa ony unutdy. Nurjan Geräniň ölümini ýurt-ha däl, ýurduň daşynda işläp ýören ogly-da eşitmedi.
Durmuşyň başynda
Nurjan Gere 1921-nji ýylda, Gazanjygyň gaýrasyndaky Gaplaňly guýusynda dünýä indi. Durmuş aşa ýowuz daraşdy. Çagalykdan ýetim galyp, öweý enäniň elinde ulaldy. Açlyk-horlugy gördi. Ýigit ýeteninde, onuň obasyny – Arkaçda oturan obalary Lebaba göçürip başladylar.
Ikinji Jahan urşunyň başlanmagy bilen bu çäre durzuldy. Ýeke ýigit Nurjany bolsa fronta aldylar.
Ol meýletinçiler hökmünde, frontuň öňdäki hataryna düşdi. Sürüjilik hünäri bolansoň, ‘polutorka’ atlandyrylýan ton ýarymlyk maşynyň sürüjisi boldy. Şol döwürlerde ol esasy ulag saýylýardy.
Nurjan Gere Orsyýetiň günbatar bölegini iki gezek geçmeli boldy. Ýol-ýodasyz tokaýlykdan, batgalykdan çykyp, Ukraina, soňra Polşa bardylar. Germaniýada Ýeňşi garşy aldylar.
Ýeňşiň nähili güýçli täsiriniň bardygyny düşündirende, Nurjan aga bir ýagdaýy ýatlardy.
– Esgerlerden biri aşa begendi. Işigaýdan az-kem içipdirem. Begenjine ýüregi bäs gelmän öläýdi.
Dolanmak
Takdyry oňa uruşdan ölmän-ýitmän, maýyp-müjrüp bolman çykmagy nesip etdi. Ýeňişden soňra-da, gulluk borjunda galmaly boldy. Ol 1946-njy ýylda öz iline dolandy.
Ýeňiş bilen gelen Nurjan Geräniň obasynda ýeňiş ýokdy, milletiň ýagdaýy aşa ýaramazdyr. Bar ýerde açlyk hem horluk höküm sürýärdi. Adamlaryň egni açyk, aýagy ýalaňaçdy.
Dikeldiş
Nurjan Gere entek Günbatardan dolanmanka, ol ýerde dikeldiş işleri başlanypdy. Ýurdundan göçürilen adamlar yzyna dolanýardylar, olara dürli ýardamlar, şol sanda maddy kömek berilýärdi.
Ýöne Türkmenistanda dikeldiş işleri bolmady. Arkaçdan – gum eteginden göçürilen ilata yzyna gaýtmaga ýardam etmeg-ä däl, rugsadam berilmändi.
Özi ýaly bir pukara gyz bilen maşgala guran Nurjan Gere Lebapda mekan tutundy. Boş içerini, garyp hojalygy dikläp başlady. Olaryň perzende ýüzi düşdi.
Ejesiz ýetimligiň ejirini çeken Nurjan töwereginiň köplük bolmagyny, çagalarynyň daşyny gurşamagyny arzuw etdi. Maşgalada dört gyz, ýedi ogul kemala geldi. Olar dädeleri ýaly jepakeş boldular, okadylar hem zähmet çekdiler. Ol çagalaryna: “Näme isleseňiz şony okaň, ýöne kadaly bilimli, eli hünärli boluň” diýdi.
Nurjanyň maşgalasyndaky on bir çaganyň hiç biri bilimsiz galmady. Bu Nurjan Geräniň öz durmuşynda gazanan beýik ýeňşidi.
Onuň ýogalanyny töweregindäki ýakyn-golaýyndan başga bilen bolmady.
Hudaýberdi HALLY, ýazyjy.
Bu ýerde aýdylanlar awtoryň özüne degişli.