Azatlygyň ýerli çeşmesiniň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň ozalky ýolbaşçy işgärleriniň birine salgylanyp habar bermegine görä, bu edaranyň ozalky başlygy Baýram Hasanow türmede aradan çykdy.
Bu habar “Gündogar” saýtynda hem peýda boldy, neşir onuň şu ýylyň 6-njy maýynda tarpa-taýyn aradan çykandygyny we jesediniň garyndaşlaryna berlendigini aýdýar.
Maglumatlara görä, Baýram Hasanow “Türkmenstandartlarynyň” başlyklygyna 2007-nji ýylyň 21-nji fewralynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bellenildi we bir ýyla hem ýetmän, 2008-nji ýylyň 8-nji fewralynda, “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýlen umumy düşündiriş esasynda wezipesinden boşadyldy.
Ol başlyk bellenmezinden öň uzak ýyllap “Türkmenstandartlarynyň” başlygynyň orunbasary bolup işledi diýip, "Gündogaryň” habarynda aýdylýar.
Baýram Hasanowyň ozalky kärdeşi onuň işden aýrylanyndan soň kän wagt geçmänkä sud edilip, türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdy, emma oňa haýsy aýyplamalar esasynda näçe ýyl iş kesilendigini anyklaşdyrmakdan saklandy. Ol “Türkmenstandartlary” diýlen edara ýolbaşçy bolup işleýän adamy “islendik wagtda aýyplap, türmä basyp bolýar” diýdi.
Ozalky kärdeşiniň Azatlygyň çeşmesine gürrüň bermegine görä, B.Hasanow başlyk wagtynda we ondan öň Türkmenistana gelýän harytlaryň ählisi “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň barlagyndan geçmelidi.
"Bu ýagdaý edaranyň ýolbaşçysyny ýurda uly möçberde haryt getirýän, ýagny hökümetde uly goldawy bolan baý adamlaryň garşysynda goýýardy" diýip, ozalky standartçy aýtdy.
“Aýdaly, ýurda getirilýän çilimiň hiliniň ýaramazdygyny aýdan günüň, olar seni ýok edip bilýär” diýip, türmede ýogalan Hasanowyň öňki kärdeşi öz pikirini aýdyňlaşdyrdy.
Ýöne ol Hasanow işden aýrylanyndan soň “Türkmenstandartlarynyň” ygtyýarlyklarynyň kem-kem kemeldilip, onuň diňe daşary ýurt guramalaryna hasabat üçin saklanylýan edara öwrülip barýandygyny hem sözüne goşdy.
B.Hasanowyň ölüm habary Türkmenistanyň senagat pudagyna gözegçilik eden wise-premýer Batyr Ereşowyň 51 ýaşynda, tarpa-taýyn aradan çykmagynyň we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir günde 11 prokurory, şol sanda baş prokuror Amanmyrat Hallyýewi, "ýüze çykarylan korrupsiýa faktlary" bilen baglylykda işden boşatmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Şeýle-de prezident korrupsiýa, parahorluk faktlary sebäpli içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç yglan etdi.
Işden boşadylan prokurorlaryň işleriniň derňewe geçirilendigi aýdylýar.
Ýerli synçylar soňky ýyllar Türkmenistanda "işinde düýpi kemçilik goýberendigi üçin" wezipesinden boşadylan ozalky emeldarlaryň kanun esasynda özüni goramak umytlarynyň azdygyny we olaryň soňky ybalynyň köplenç ile mälim bolmaýandygyny aýdrýarlar. Sebäbi ýerli metbugat bu hili habarlar üçin ýapyk diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran synçy aýtdy.
Bu ýagdaý ýurtda her hili çaklama gürrüňleriň köpelmegine sebäp bolýar. Mysal üçin, Batyr Ereşowyň ölüminiň anyk sebäbi, prokuratura edaralarynda ýüze çykarylan parahorlugyň gerimi we alynýan paralaryň möçberi aýdylmady we bu ýagdaý il arasynda dürli çaklamalaryň ýaýramagyna sebäp boldy. Emma muňa garamazdan, türkmen metbugatynda hiç bir aýdyňlaşdyrma görünmedi.
Azatlyk radiosy geçen ýylyň tomsunda “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli Esasy nebit geçirijiler Müdirliginiň başlygy Baýram Hydyrowyň Balkanabatdaky iş otagynda özüni asandygyny habar beripdi.
Aýdylmagyna görä, 45 ýaşly Baýram Hydyrow öz ýolbaşçylyk edýän edarasynda geçirilen derňewde başlyk bolmazyndan öň edilen ‘işlerde' aýyplanandan soň özüni heläkläpdir.
2016-njy ýylyň 14-nji iýunda bolan wakany ýerli çeşmeleriň birnäçesi, şeýle-de ozalky emeldaryň garyndaşlary tassyklady, emma türkmen hökümeti bu habara hiç bir reaksiýa bildirmedi.
Baýram Hasanow häzir türmede ýogalan ozalky türkmen resmileriniň soňkusy, Berdimuhamedow prezident bolandan soň türmä basylyp, ol ýerden öli çykan resmileriň birinjisi (bilinýän) bolup durýar. Hasanowdan öň, şu ýylyň ýanwarynda ozalky general, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ozalky serkerdesi Turkiş Tyrmyýewiň jesedi garyndaşlaryna berildi.
Ol 2002-nji ýyldan bäri türmede saklandy we “türkmen türmesinde diri ýitenleriň” biri diýlip bilinýärdi.
Türkmen häkimiýetleri Tyrmyýewden öň “türkmen türmelerinde ýiten” hasaplanylýan tussaglaryň ikisiniň - Wekil Durdyýewiň we Annadurdy Annasähedowyň jesetlerini garyndaşlaryna jaýlamaga berdi.