Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap, Mary: Býujet işgärleri pagta ýygýarlar


Pagta meýdany, Türkmenistan
Pagta meýdany, Türkmenistan

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda pagta planynyň üstünlikli tamamlanandygyny 22-nji oktýabrda yglan etdi we ençeme ýyl bäri yglan edilýän bir million 50 müň tonna mukdardaky pagtanyň ýygylyp, planynyň berjaý edilendigini resmi derejede habar berdi.

Muňa garamazdan, ýurduň welaýatlaryndan gowuşýan maglumatlara görä, pagta ýygym işleri şu günki günde-de dowam etdirilýär. Pagtany daýhanlar bilen bilelikde döwlet edaralarynyň işgärleri, şol sanda mugallymlar, lukmanlar ýygýarlar.

“Şu günler Lebap we Mary welaýatlarynda oba ýerlerinde pagtany budjet edaralarynyň işgärleri, mugallymlar ýygýarlar. Meýdanlarda pagta köp däl, ýöne baryny çaňňalakdan ýygnap alýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Mejbury işden sypmak üçin

Olaryň habar bermegine görä, döwlet işgärleri pagta ýygymyna mejbury çekilýär. Pagta ýygmak islemedikler ýerine adam tutmaly bolýarlar. Käbir saglygy saklaýyş edaralarynda, keselhanalarda işgärleriň mejbury işlerden sypmak üçin, pul bermegi bilen bagly ýagdaýlaryň hem ýüze çykýandygy aýdylýar.

Şu günki gün hakyna tutulýan pagta ýygymçynyň bir günlük zähmetiniň haky 10-20 manat aralygynda durýar. Ýygylan pagtanyň bir kilogramy bolsa 20 - 40 teňňe aralygyndaky bahadan kabul edilýär.

“Pagta ýygymçylarynyň iş güni ir sagat altyda başlanyp, ýola sarp edilýän wagty bilen bilelikde 10-11 sagada ýetýär, bir sagatlyk arakesme berilýär. Adamlar iýjek naharyny ýany bilen alyp barýarlar. Ýylynmaga şert döredilmeýär, ýöne ýagyş ýagyp başlasa, biraz irräk gaýdýarlar” diýip, olar aýdýarlar.

Gözegçilik

Şu günler pagta ýygym işleriniň guramaçylygyna we gözegçiligine howpsuzlyk işgärleriniň hem gatnaşýandygy, olaryň häkimlikler bilen işleşýändigi habar berilýär.

“Olar her bir edara degişli işleriň kesgitlenmegine, meselem, tehnikanyň ýa-da meýdanlardaky suw üpjünçilik işleriniň gözegçiligini edýärler, her kimiň öz işini ýerine ýetirişine seredýärler. Käbir ýerlerde graždan geýimli polisiýa işgärlerini hem görse bolýar” diýlip, Azatlyk Radiosynyň gürrüňdeşleriniň biri aýtdy.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda-da sowuk, ýagynly howa şertlerine garamazdan, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärler köpçülikleýin görnüşde pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar.

Şu ýylyň pagta plany doldy diýlip resmi derejede yglan edilen hem bolsa, käbir döwlet edaralarynyň işgärleri pagta ýygym işleriniň dekabra çenli dowam etdiriljegi barada habarly edilipdir.

Önümçilik çig maly

Pagta ýurduň dokma senagatynyň esasy çig malydyr.

Şeýle-de, Türkmenistan öndürýän pagtasyny Orsýete, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Beýik Britaniýa we ondan gowrak birnäçe ýurda eksport edýär.

Türkmenistan bilen dokma senagat ugrundan işleşýän iri halkara kompaniýalarynyň ençemesi ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmet güýjüniň ulanylýandygy sebäpli öz hyzmatdaşlygyny ýatyrýandygyny mälim edipdirler.

Maý aýynda “Adidas”, “Espirit”, “H&M” ýaly dünýäniň belli söwda brendleriniň, sermaýaçylaryň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň 60 çemesi wekili Türkmenistanyň gowaça meýdanlaryndaky mejbury zähmete ýol berilýändigine aladalanma bildirip, Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýollan ýörite hatynda, bu meselä üns bermegi talap edipdi.

Öý goşlaryny we hojalyk esbaplaryny öndürýän we satýan dünýä belli IKEA kompaniýasy Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet we adam hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çyksa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG