Amerikada prezidentlik kampaniýasy bu ýurtda geçen iň bir utançly saýlaw kampaniýasy boldy. Biri Orsýetiň awtokratynyň gabahat işlerine şäriklikde aýyplansa, Waşingtonyň elitasy Amerikada häkimiýet eýelerine garşy bir kandidaty Ak tama salmazlyk üçin dildüwşenlikde aýyplandy.
2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezidenti Hillary Klinton bolarmy ýa onuň garşydaşy Donald Tramp? 1828-nji ýylda häkimiýet başyndaky Jon Kuinsi Adams hem öý hyzmatçysyny Orsýetiň patyşasyna – Aleksander I – jeleplige berenlikde aýyplanypdy. Onuň garşydaşy Andrew Jaksonyň tarapdarlary hem “hapa söwdalaşyk” bilen Jaksonyň dört ýyl ondan ozal prezidentikden mahrum edilendigini ileri sürdüler.
Birek-biregi garalamak 200 ýyldan gowrak bäri Amerikada prezidentlik saýlawlarynyň bir bölegi bolup durýar. 1800-nji ýylda geçen saýlawda Tomas Jeffersona garşy bir gazet ol saýlansa, “adam öldürmek, talaňçylyk, aýallary zorlamak, zyna, ýakyn garyndaşlar arasyndaky jynsy gatnaşyk açyk öwredilip, adaty zada öwrüler” diýip ýazdy.
Ýöne öňki senator we döwlet sekretary Klinton bilen gurply işewür Tramp arasynda kemsidiji sözlere, geçmişe degişli jynsy ahlaksyzlykda aýyplanmalara we iki dalaşgäriň birek-birege bolan ýigrenjine ýugrulan häzirki kampaniýa welin gylyk-häsiýete hüjüm etmegi esasy meselelerden ileri tutmakda iň pes derejelere ýetdi.
“Munuň Amerikanyň soňky döwür taryhynda iň bir hapa ýaryşdygyna jedel ýok. Munuň ýaly ýaryşy tapjak bolsaň, taryhymyzyň irki döwürlerine gitmeli” diýip, Amerikan uniwersitetiniň syýasy taryh boýunça professory Allan Laýtman aýdýar. Allan Laýtman saýlawlarda kimiň gazanjakdygy boýunça öňünden eden çaklamalary 1984-nji ýyldan bäri hemişe dogry bolup çykan adam.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan taryhçylaryň pikiriçe, kampaniýanyň beýle pes derejelere ýetmegine sebäp bolan Trampyň tertipsizlik bilen syýasy taýdan çalt ýokarylara dyrmaşandygy.
Ozal hiç haçan bir resmi wezipä saýlanmadyk Tramp turuwbaşdan gödek gürläp, syýasy edepliligi saklamady. Amerikanyň soňky döwür taryhynda beýle işleri eden prezidentlik kandidaty ýok.
Klintonyň, žurnalistleriň we tankytçylar toparynyň üstünden ýagdyran şahsy kemsidiji sözerinden daşgary ol, saýlanan halatynda, demokratik bäsdeşini türmä basmak bilen haýbat atdy, saýlawda ýeňilen ýagdaýynda kanuny netijeleri ykrar etjekdigini aýtmakdan boýun gaçyrdy.
“Men munça gödek, sylagsyz we edepsiz kandidaty ömrümde göremok. Bilşiňiz ýaly, Riçard Nikson ýaramazdy, ýöne bular gizlindi, syýasy gürrüňleriň bir bölegi däldi” diýip, taryhçy we prezident Jon F. Kennediniň köp alkyşa sezewar bolan terjimehalynyň awtory Robert Dallek aýdýar.
Trampyň Waşingtondaky adaty syýasaty üýtgetmäge ukyply daşardan gelen adam diýen şöhratyny hem artdyran edil şu stil. New York Times/CBS tarapyndan sentýabrda geçirilen pikir soraýyşa gatnaşanlaryň 48 prosentiniň garaýşyça “Waşingtonda işleriň ýola goýluşyna hakyky üýtgeşiklik getirip” biljek Tramp. Öňki prezidentiň aýaly, Birleşen Ştatlaryň senatory we döwlet sekretary Klinton barada muny aýdanlar 36 prosent.
Klinton berk hem çeýe syýasata ýat adam däl. Ýaňy golaýda onuň kampaniýasynda işleýän adamlaryň Trampyň geçirýän üýşmeleňlerinde gizlin prowokatorlardan peýdalanyp, nädip zorluk we garym-gatymlyk döredip bolar diýip, pikir alşandygy ýüze çykdy.
Klinton özüni bu zatlardan arassa hasaplasa-da, ol öwran-öwran Trampy ýurduň iň ýokary derejeli wezipesine mynasyp adam däl diýip suratlandyrmaga synanyşdy, aýratyn-da, onuň 2005-nji ýyla degişli bir wideoda aýallar baradaky kemsidiji sözlerini ulandy.
Dogry, kampaniýada immigrasiýa, salgyt syýasaty, milli howpsuzlyk ýaly möhüm meseleler-de agzalmadyk däl, ýöne Ak tam sebäpli Klinton bilen Trampyň arasynda barýan göreş saýlawçylaryň belli bir bölegi üçin iki kandidatyň gylyk-häsiýeti baradaky referenduma öwrüldi.
“Bu gaýduwsyzlyk bilen göreşilen, ýurduň ýüzbe-ýüz duran meseleleri barada aýdanyňda bolsa, meniň ömrümde, belki-de bu respublikanyň iki asyrlyk taryhynda bolan iň gynandyryjy saýlawlaryň biridir” diýip, Stanford uniwersitiniň amerikan taryhy boýunça professory Pulitzer baýragynyň eýesi Dawid Kennedi aýdýar.
Adaty Konwensiýalara ‘hormat ýok’
Rutgers uniwersitetinde taryh, žurnalizm we mediýa barlaglary boýunça professor Dawid Grinberg 8-nji noýabr saýlaw kampaniýasynda möhüm meseleler yza itildi diýilýän bilen ylalaşanok. Onuň pikiriçe, Tramp immigrasiýa baradaky berk tutumy we “günorta serhede uly diwar” çekmek wadasy bilen “meselerden güýç alýan” kandidat.
Grinberg häzirki ýagdaýy 1800-nji ýyldaky saýlaw bilen deňeşdirýär. Bu saýlawda Jefferson öz garşydaşy Jon Adamsy “gizlin germafroditik häsiýetlilikde, aýyplady, ýagny onda erkek adamda bolşy ýaly, ne güýç, ne berklik bar, ne-de bir aýal ýaly mähirlilik we duýgurlyk bar”.
“1800-nji ýylda ritorikanyň aşagynda hakyky meseleler ýatyrdy. Ýöne muňa garamazdan onuň şahsy forma alandygyny görmek kyn däldi. Amerikanlar ykdysadyýetiň haýsy görnüşini isleýändikleri, milli hökümetiň we azatlyklaryň haýsy görnüşini isleýändikleri şeýle hem möhüm daşary syýasy meseleler hakda çekişýärdiler” diýip, Grinberg aýdýar.
Ol Trampyň gaharly äheňi Amerikada prezidentlik saýlawlarynyň tutuş dowamynda hereket eden şu “inkär edişligiň güýçlenmegi” diýýär.
“Daşara degişli adamyň ritorikasy we tutumy bilen Waşingtondaky häkimiýet eýelerini parlatmaga gelen adam hökmünde ol adaty syýasy konwensiýalaryň hiç birini hormatlanok” diýip, Grinberk aýdýar.
Grinberg soňra hem: “Kandidatyň döwlet adamy ýaly hereket etmäge ähmiýet bermezligi gaty seýrek zat” diýip, sözüniň üstüne goşýar.
‘Myrtar aýal’ we Kremliň ‘oýnatgysy’
Klinton hem kampaniýanyň dowamynda Trampa garşy agyr hüjümlere geçdi. Bularyň has zabuny Trampyň aýallar baradaky kemsidiji sözlerine gönükdirilen hüjümler bolsa gerek.
Geçen otuz ýyllykda öz adamsy, öňki prezident Bill Klintonyň köp sanly syýasy we jynsy skandallaryny başdan geçiren syýasy weteran Klintone bu hüjümden saklanmak belki başardan däldir diýip, Dallek aýdýar.
Klinton kiber hüjümleri we Demokratik milli komitetiň şeýle hem Amerikanyň häzirki we öňki syýasy şahsyýetleriniň e-mailleriniň nyşana alynmagy barada hem Trampa az zarba urmady. Demokratik partiýany kyn ýagdaýa salan bu e-maillere Waşington resmi taýdan ors hökümetini jogapkär etdi.
Üçünji we iň soňky çekişmede Klinton Trampy goldamak üçin kiber hüjümlerini buýran diýip, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hut özüni aýyplady. Kiber operasiýalaryny Orsýet gurnady diýilýän aýyplamalary hem Tramp hem-de Kreml boş gürrüňler diýip atlandyrdylar.
Öňki iki çekişme bilen deňäniňde 19-njy oktýabrda geçen çekişme köplenç esasy meselelere gönükdirildi. Ýöne birek-birege dil ýetirmek, awuly ritorika çekişmäniň gidişinde duýuldy durdy. Bir ýerde Tramp mikrofona Klinton “myrtar aýal” diýip pyşyrdady.
Klinton Putin Trampa Orsýetiň Ak tamdaky potensiýal “oýnatgysy” diýip garaýandyr diýdi. Tramp hem muňa: “Oýnatgy sen” diýip, şol bada gaýtargy berdi.