Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan türkmen maşgalasy neşe belasyna uçrapdyr. 13 ýaşyndaky Abdyl Halylyň kakasy neşe belasyna batypdyr. Ol maşgalasyny ekläp bilmänsoň, Adyl Halylyň daýylary aýal doganyny onuň çagalary bilen alyp gidipdir.
Adyl Halylyň aýtmagyna görä, ony daýylary urup, eline hak bermän, zor bilen işledipdirler. Şol sebäpden ol neşekeş kakasynyň ýanyna gaçyp gaýdypdyr.
Abdyl Halylyň ejesi-de neşekeş. Erkek doganlary oňa neşekeşligi taşlatjak bolup alada edipdirler. “Ýöne babam ejeme neşe maddasyny getirip berýär, babam ölmese, ejem neşekeşligi terk edip bilmeýär” diýip, Halyl zeýrendi.
Owganystanda maşgaladaky neşe belasy sebäpli aýal we çagalardanam neşekeşlige ýoluganlar bar. Abdyl Halyl hem ata-enesiniň ýanynda oturyp, neşe tüssesine endik edinipdir. Emma ol özüniň entek neşekeş bolmandygyny aýdýar.
Neşe belasyna uçran adamyň ondan gutulmagyň ýeňil düşmeýändigini lukmanlar aýdýar. Neşekeşlik maşgala bitewiligini-de dargadýar.
Abdyl Halyl kakasyny neşekeşligi terk etmäge çagyrypdyr. “Kakam maňa harç puly hem bermeýär. Men özüm pagta ýygyp, pul toplaýan. Onam elimden alýar. Kakama neşäni taşlamak kyn” diýip, Abdyl Halyl aýdýar.
Owganystanda Abdyl Halyl ýaly müňlerçe çaga bar. Ýurtda neşe belasyna uçranlaryň sany üç milliondan geçirdir. Owgan türkmenleriniň arasynda hem neşekeşleriň sany barha artýar.
Owganystan neşe maddasyny öndürmekde, dünýä boýunça birinji ýeri eýeleýär diýip, BMG-nyň neşelere we halkara jenaýatçylygyna garşy göreş boýunça edarasy mälim edýär.
Abdylhalylyň hekaýasyny Kabuldaky habarçymyz Şaýymerdanguly Myradydan diňläň.