Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Prezident öz kisesinden çykaranok o puly”


Türkmen aýallary
Türkmen aýallary

“Beýle masgaraçylyk hiç bir ýerde-de ýokdur. Adamlar 11 dollar diýip, nobata durýarlar. Az pul bilen ilatyň gözüne gum atýarlar. 11 dollar bilen bazara hem girip bolmaýar...” diýip, “Joni Joni” lakamly okyjymyz “Maňlaýa sylynýan 40 manat” atly wideo bilen bagly ýazan teswirinde aýdýar.

Okyjymyzyň gürrüňini edýän 11 dollary, ýagny 40 manady – bu prezidentiň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli türkmenistanly aýallara gowşurylýan pul sowgady. Garry-ýaş aýallaryň nobata durup, berilýän 40 manady maňlaýlaryna sylýan wideosy okyjylarymyzyň arasynda dürli pikirleri, şol sanda jedelleri we dürli garaýyşlary döretdi.

Teswir ýazanlaryň bir bölegi berilýän bu 40 manada “şükür etmelidigini”, “dünýäniň hiç bir ýerinde aýallaryň beýle aladasynyň edilmeýändigini” öňe sürseler, öz pikirini galdyranlaryň ýene bir bölegi wideodaky görnüşleri “masgaraçylyk” we “adamynyň mertebesiniň depelenmegi” diýip häsiýendirýärler.

Newa Sultan atly okyjymyz Azatlyk Radiosynyň Facebook sahypasynda çap edilen bu wideonyň aşagynda nägile äheňli teswir ýazanlara ýüzlenip: “Nägilelik etmäň. Şony [40 manady] [prezident] göwnünden çykaryp beripdir. Aýal-gyzlaryň adyny tutup, baýramyny gutlap. Puly alanlar begenip durlar. Öňki ruslaryň zamanasyndaky ýaly, hemme zada döwletden garaşmaň” diýen maslahat bilen teswirini jemleýär.

Ýokarky ýaly mazmunly ýene-de onlarça teswire jogap hökmünde “Demokrat” lakamly ildeşimiz şeýle ýazýar: “Prezident döwletiň puluny öz adyna geçirýärmi?.. Bu – döwlet puly; döwletiň gaznasyndan çykan pul. Prezidentiň näme dahyly bar bärde? Prezident öz kisesinden çykaranok o puly. Göz-görtele adam aldajak bolýarlar. Şon ýaly zat bolsa, prezidentiň adyna bolar. Beýleki erbet zatlarda prezidentden başga hemme günäli”.

Bellemeli zat, sowgat berlenleriň, şol sanda çagalar baglaryndaky gyzjagazlardan başlap, tä gartaşan aýallara çenli hemmesiniň bu 40 manady hut maňlaýlaryna sylyp almagy okyjylarymyzyň arasynda köp nägileligi döretdi.

Agzalýan forumda Ilhan Akramjanoglu: “Bu ne ahwal?! Ilkidurmuş adamlaryna döndük. Baga tagzym et, agaja tagzym et, heýkele tagzym et, indem 11 dollara tagzym et” diýip, ýiti tankydy teswir galdyrypdyr.

Markus Kuris Muratowa atly okyjymyz wideodaky ýagdaýlara nägilelegini bildirenleri “ýurdy garalamakda” aýyplap: “Her öýde näçe aýal bolsa, hemmesine berilýär. Her öýde-de iň azyndan 5-6 aýal-gyz bar. Kanagata bereket diýipdirler” diýen nakyly hem goşup, öz pikirini beýan edýär.

Emma gepiň gerdişine görä ýatlatsak, bu 40 manat ähli türkmenistanly aýallara berilmän, eýse diňe işleýän we okaýan zenanlara, pensiýa we döwlet kömegini alýan aýallara, şeýle-de studentlere, mekdep okuwçylaryna we çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlara berilýär.

Bu ýagdaý hem okyjylaryň belli bir böleginde “beýleki aýallar Türkmenistanyň raýaty dälmi?!” ýa-da “Näme üçin deňlik ýok?!” diýen ýaly nägile soraglary döredýär.

Salamat Şamanowa şeýle soragy galdyran okyjylarymyzyň birine: “Olaryň [işlemeýän aýallaryň] döwlete peýdasy bolmadygy üçin, hak-hukuklary hem ýok. Şol sebäpden Türkiýede [ýaşaýarys]” diýip, kinaýaly jogap ýazýar.

Şöhrat Hudaýberdiýew diýen ildeşimiz bolsa “Işleýänlere däl-de, işlemeýänlere berse, gowy bolardy” diýip, öz arzuwyny bildiripdir.

Okyjylarymyzyň ünsüni çeken ýene bir ýagdaý, bu “sowgat” diýlip berilýän puluň möçberi bilen bagly.

Başda belleýşimiz ýaly, okyjylarymyzyň käbiri muny aýal-gyzlara görkezilýän “uly hormat” hökmünde häsiýetlendirse, beýleki tarapdan, käbir okyjylarymyz bu puluň "ýüze sylardan has az puldugyny" aýdýarlar. Meselem, Aýbolek Atabaýewa atly ildeşimiz “Bah, bu puluň kändigin-eý. Nädip sowup ýetişip bolarka?” diýip, degişli forumda sowgat berlen puluň möçberi bilen bagly ýaňsyly teswir galdyrypdyr.

Sözümiziň ahyrynda ýokarky teswirleriň ählisiniň okyjylaryň öz şahsy pikir-garaýyşlarydygyny we olaryň Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýandygyny ýatladýarys.

XS
SM
MD
LG