Türkmen prezidentiniň Gazagystana 12-nji aprelde etmeli resmi sapary yza süýşürildi. Gazagystanyň daşary işler ministri Gaýrat Abdrahmanowyň beren maglumatyna görä, G. Berdimuhamedow indi 18-19-njy aprel aralygynda geler.
Türkmenistan 2012-nji ýylda Eýrana girizilen halkara sanksiýalaryndan bäri, bu ýurda akdyrylan türkmen gazy üçin 2 milliard dollar bergisiniň saklanyp galýandygyny öňe sürýär.
“Türkmenhowaýollaryna” degişli uçar Parižiň “Şarl de Goll” aeroportynda ozalky jerimelerini tölemändigi sebäpli saklandy.
Türkmenistanyň prezidenti özüniň rus kärdeşi Wladimir Putinden 2 milliard dollar möçberinde kredit sorady diýip, rus habar serişdesi maglumat berýärler.
Azerbaýjan bilen Türkmenistan “Kýapaz”/“Serdar” ýangyç gory boýunça entek özara ylalaşyga gelmediler diýip, Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary mälim etdi.
Geçen hepdäniň anna gününden bäri Aşgabatdaky “Ýimpaş” söwda merkeziniň hem içinde, hem daşynda müňlerçe adamdan ybarat nobatlary görse bolýar.
Türkmenistanda türk ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşiklidigi aýdylýan adamlaryň onlarçasynyň tussaglykda saklanýandygy barada maglumatlar gowuşýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşid Meredow Gamburgda ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň beýleki daşary işler ministrleriniň arasynda bolan duşuşyga gatnaşmady.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda soňky iki aýyň içinde etraplaryň arasyndaky hususy ulag gatnaw nyrhlary tas iki esse diýen ýaly ýokarlandy.
Daşoguzda döwlet işgärleriniň eýýäm ençeme aýlap gijikdirilip saklanan zähmet haklary berlip başlandy. Häzir sentýabryň aýlyklary işgärleriň plastik kartlaryna geçirilse-de, olary nagtlaşdyrmak kynçylygy ýüze çykdy.
Köneürgenjiň “Watan” daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Bike daýzanyň soňky wagtda uly gytçylyga öwrülen şeker we çigit ýagyny satyn almak üçin ýazylan nobatyna eýýäm 35 gün bolsa-da, ol heniz hem bu harytlary alyp bilmändigini aýdýar.
Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň degişli ýolbaşçylary bilen geçiren nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda, beýleki meseleler bilen bir hatarda esasy üns möwsümleýin oba-hojalyk işleriniň ýagdaýyna gönükdirildi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam gynalmagyna garşy komitetine berýän hasabatyna gabatlap, adam hukuklaryny goraýjy toparlar 21-22-nji noýabr aralygynda Ženewada geçýän maslahata özleriniň alternatiw hasabatyny hödürlediler.
Media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa edilen dowamly hüjümleri we basyşlary ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.
Türkmenistanyň prezidenti ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurtda degişli taýýarlyklary görmegi tabşyrdy.
Owganystanyň demirgazyk; Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy bilen, Türkmenistanyň serhede ýakyn obalarynyň ýaşaýjylarynyň howsalaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy.
Maryly mugallyma Gülsoltan daýza eýýäm üç aýdan bäri zähmet hakyny alyp bilmän kösenýär.
Aziýa oýunlaryna gabatlap, 500 günlük atly ýörişe çykan atlylary Daşoguzda garşylamak üçin geçirilýän dabaralar sebäpli, azyndan iki adamyň ölendigi barada maglumatlar gowuşýar.
Türkmenistanyň prezidenti ýurduň nebit pudagynyň iki sany ýokary derejeli resmisine “berk käýinç” yglan etdi.
Aşgabadyň dükanlarynyň tekjelerinde, mundan iki hepde töweregi ozal satuwdan ýiten günebakar ýagy peýda boldy.
Ýene-de ýükle