Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmede 'ýiten tussaglar' soralýar


Türmedäki adam
Türmedäki adam

“Olary diri görkez” kampaniýasy feýsbukda türkmen türmelerinde diri ýiten hasaplanylýan tussaglaryň üçüsiniň – Guwanç Jumaýewiň, Rozy Jumaýewiň we Serdar Rahymowyň mart aýynda doglan günleriniň bellenýändigini habar berip, türkmen häkimiýetleriniň, adam hukuklary babatdaky halkara normalaryna laýyklykda, tussaglar barada maglumat bermek borjuny ýene bir gezek ýatlatdy.

Bu kampaniýanyň “Olary diri görkeziň! Türkmenistanda dereksiz ýitenler» diýen at bilen çap eden hasabatynda on ýyl gowrak mundan ozal uzak möhletli tussaglyga höküm edilen we häzirki günde ykbaly näbelli raýatlaryň 66-sy hakynda maglumat berilýär.

Mart aýynda doglan güni bellenilýän Guwanç Jumaýew ozalky prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanmazyndan öň işi rowaç biznesmendi. Guwanjyň kakasy Rozy Jumaýewiň bolsa, türmä basylan wagty hem ýaşy bir çene baran adamdygy aýdylýar.

3-nji martda 64 ýaşy dolan Serdar Rahymow türmä basylmazyndan öň žurnalist, jemgyýetçilik işgäri we diplomat, syýasy lider hökmünde tanalypdy.

Ol 1973-nji ýylda Moskwa Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlap, 1990-njy ýylyň iýulyna çenli Türkmenistanyň Döwlet tele-radio gepleşikler komitetine ýolbaşçylyk edipdi.

Soňra ol Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň ideologiýa boýunça sekretarlygyna bellenilipdi. Serdar Rahymow 1995-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam respublikasyndaky geňeşçi-ilçiligine bellenilýär.

Ol Pakistandan dolanyp geleninden soň, sosial ulgamlarda ýazylmagyna görä, Türkmenistanda Kommunistik partiýanyň işini dikeltmek işine aktiw gatnaşýar we 2002-nji ýylyň dekabrynda, prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanýar.

Rahymow 2003-nji ýylda tussag astyna alnyp, 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilýär we şondan bäri ondan hiç bir habaryň ýokdugy aýdylýar.

Ozalky kommunist ýoldaşlary, Moskwa Döwlet uniwersitetiniň uçurymlryndan döredilen inisiatiwa topary Serdar Rahmyowyň türmeden boşadylmagy baradaky çagyryş bilen birnäçe gezek çykyş etdi.

Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň agzasy, harby-howa güýçleriniň otstawkadaky general-maýory, Sowet ofiserleriniň halkara bileleşiginiň müdiri

Ýewgeniý Kopyşew Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde türkmen häkimiýetleriniň S.Rahymow baradaky çagyryşlara dymmak bilen jogap berýändigini aýdyp, şeýle diýdi:

Ýewgeniý Kopyşew: “3-nji mart ajaýyp adam, türkmen halkynyň wepaly ogly, Orsýetiň dosty we öz manyly ömründe türkmen we rus halklarynyň dostlukda, hyzmatdaşlykda ýaşaşmagy üçin elinde baryny eden Serdar Rahymowyň doglan güni.

Gynansak-da, Serdar Rahymow 2002-nji ýylda ozalky prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda, toslama aýyplama bilen, ýagny şol kast ediş synanyşygyna gatnaşan hökmünde, 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Özem ony türmä basanlarynda maşgalasy, dostlary we tanyşlary bilen habarlaşmasyz etdiler. Garyndaşlary ondan şondan bäri hiç bir habar alyp bilmeýärler, saglygy, hal-ahwaly niçik, muny hem bilmeýärler.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý Iwanowiç, siz we siziň guramaňyz Türkmenistanyň häkimiýetlerine soňky gezek haçan ýüzlendiňiz we näme jogap aldyňyz?

Ýewgeniý Kopyşew: Biz şu ýyllaryň ählisinde, hakykatda her ýyl Türkmenistanyň prezidentiniň adminstrasiýasyna, dürli jemgyýetçilik guramalaryna hat iberýäris. Meniň özüm, ýoldaşlarym bilen Moskwada, Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde, Rahymowy boşatmagy talap edip, pikete gatnaşdym.

Bir gezek Türkmenistanyň Orsýetdäki öňki ilçisinden jogap aldyk. Ol maňa hat ýazyp, biziň hatlarymyzyň ählisiniň Türkmenistanyň Ýaşulular geňeşine geçirilendigini, olaryň Rahymowyň möhletinden öň türmeden boşadylmagy baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny habar berdi. Emma şondan soň hiç bir netije bolmady. Biziň soňky hatlarymyza bolsa, jogap bermegi hem goýdular.

Türkmenistanda her baýramçylykda jenaýat eden adamlar möhletinden öň azatlyga çykarylýar, emma Rahymow ýaly adamlar ömrüni türmede geçirýär. Bu bir tarapdan gaharyňy getirýär, ikinji tarapdan bolsa häzirki Türkmenistanda höküm sürýän režimiň demokratikdigine uly şübhe döredýär.

XS
SM
MD
LG