Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen tussaglarynyň "aladasy güýçlenýär"


“Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň belgisi
“Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň belgisi

Şu günler Warşawada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň "Adamçylyk ölçegi" boýunça ýyllyk maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň çäginde 24-nji sentýabrda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça birnäçe duşuşyk geçirildi, şol sanda türkmen türmelerinde ýitirim bolan adamlaryň ykbalyna degişli “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy boýunça çykyşlar edildi.

Warşawada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň "Adamçylyk ölçegi" boýunça ýyllyk maslahatynyň çäginde Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça 24-nji sentýabrda geçirilen duşuşyklaryň biri türkmen türmelerinde ýitirim bolan tussaglaryň ykbalyna degişli “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy bilen bagly boldy.

Mundan bir ýyl öň başlanan bu kampaniýanyň guramaçylaryndan “Crude Accountability” guramasynyň wekili Sonýa Zilberman Warşawadaky häzirki duşuşyk barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Bu maslahat “Adamçylyk ölçegi” boýunça çäreleriň çäginde geçirilýär. Biz iki sany möhüm doklady hödürleýäris. Olaryň biri türkmen türmelerinde ýitirim bolan adamlara bagyşlanýar. Häzir biziň elimizde ýitirm bolan 67 adamyň sanawy bar, olar barada 12 ýyl bäri hiç hili maglumat berilmeýär. Ikinji hasabatymyz Türkmenistanyň iň ýapyk türmeleriniň biri “Owadan depe” türmesine degişli. Biz onuň sputnikden alnan suratlarynyň, dürli adamlar bilen geçirilen interwýularyň, maglumatlaryň analiz edilmegi esasynda türme barada hasabat taýýarladyk”.

“Olary diri görkeziň!” atly aksiýanyň guramaçylary türkmen hökümetinden türmelerde ýitirim bolan adamlaryň ykbaly barada maglumat bermegi talap edýärler. Guramaçylaryň sanawynda Türkmenistanyň öňki daşary işler ministrleri Boris Şyhmyradowyň we Batyr Berdiýewiň, syýasy dissident Gulgeldi Annanyýazowyň, Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Rahymowyň, Türkmenistanyň öňki Milli howpsuzlyk ministri Muhammet Nazarowyň we ýene onlarça adamyň ady görkezilýär.

Sonýa Zilbermanyň sözlerine görä, “Olary diri görkeziň!” atly aksiýanyň esasy netijesi türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilen adamlaryň ykbalyna ençeme ýyllap dowam eden dymyşlykdan soň halkara we syýasy derejede ünsüň güýçlenmegidir: “Häzirki wagtda ÝHHG, hökümetler derejesinde Türkmenistanda 12 ýyl mundan öň bolan wakalara üns berilýär. Adamlar ýitirim bolan kärdeşlerini, garyndaşlaryny ideýärler. Biz ÝHHG-ni we hökümetleri 2003-nji ýylda döredilen we türkmen hökümetine rekomendasiýalary göz öňünde tutýan Moskwa mehanizmini janlandyrmaga we türkmen türmelerinde ýitirim bolan adamlaryň ykbaly anyklanýança işi dowam etdirmäge çagyrýarys”.

Brigitte Dufour
Brigitte Dufour

“Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygynyň” ýolbaşçysy Brigitte Dufour “Olary diri görkeziň!” atly aksiýa bilen bagly duşuşyga ÝHHG agza döwletleriň ençemesiniň resmileriniň gatnaşandygyny we adam hukuklaryny goramak ugrunda has köp iş edilmeginiň ähmiýetiniň nygtalandygyny belledi.

Şeýle-de Brigitte Dufour Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaýyň “Adamçylyk ölçegi” boýunça konferensiýada günüň dowamynda gynamalar barada geçirilen ýörite maslahatda hem gozgalandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG