Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Syýasy tussaglaryň ykbaly anyk edilmeli"


Türkmenistanda türmede ýitirim edilen oppozisioner Boris Şyhmyradow agtygy bilen
Türkmenistanda türmede ýitirim edilen oppozisioner Boris Şyhmyradow agtygy bilen

2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda türkmen häkimiýetleri prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşygyň bolandygyny yglan etdiler we yzýany ýüzlerçe adamy tussag etdiler. Olaryň ençemesi tiz wagtda, beýlekileri aýlaryň we ýyllaryň geçmegi bilen boşadyldy. Türkmen resmileriniň watana dönüklikde aýyplap, ömürlik we uzakmöhletli tussaglyga höküm eden adamlarynyň onlarçasy bolsa asla ýitirim boldy. Olaryň hatda diri bolup-bolmazlygy barada-da ýakynlaryna aýdylmady.

Ady belli “Human Rights Watсh”, “Сrude Accountability”, “Memorial” we beýleki halkara guramalary "Olary diri görkeziň!" atly kampaniýa arkaly türkmen hökümetinden türmelerde ýitirim bolan syýasy tussaglaryň ykbaly barada maglumat bermegi soraýarlar.

Bu iş häzir haýsy tapgyrda?

Azatlyk Radiosy "Olary diri görkeziň!" kampaniýasyna gatnaşýan adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Witaliý, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň çäginde näme anyklap bildiňiz? Türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler barada eliňizde nähili maglumat bar?

Witaliý Ponomarew: Biz Türkmenistanyň “Owadan depe” türmesi barada ýörite hasabat çap etdik. 25-nji noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenleriň garyndaşlary bilen gatnaşyk gurnadyk. Häzirki wagtda biz dereksiz ýitenleriň sanawynyň üstünde işleýäris. Oňa täze atlary goşýarys, bar bolan maglumatlaryň üstüni ýetirýäris. Häzirki wagtda türkmen türmelerinde ýitirim bolan syýasy tussaglaryň sanawyna 65 çemesi adam girýär. Türkmenistanda 25-nji noýabrçylardan we dürli ýyllarda tussag edilen ýokary derejeli resmilerden türmede aradan çykan adamlaryň sanawyny hem düzýäris. Häzirki wagtda olardan 25 adamyň ýogalandygy barada maglumat gowuşdy.

Azatlyk Radiosy: "Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýaňyzyň çäginde ýene nähili maksatlar öňünde tutulýar?

Witaliý Ponomarew: Biz häzir dereksiz ýitenleriň sanawyny ýene giňeldip, oňa ýurduň tussag edilensoň türmelerde dereksiz ýiten öňki ýokary derejeli resmilerini hem goşmak isleýäris. Elbetde, häzir esasy mesele türkmen türmelerinde ýitirim bolan adamlaryň ykbaly bilen bagly meseläni syýasy derejä çykarmak we onuň ýene-de halkara guramalaryň gün tertibine girizilmegini we Türkmenistan bilen geçirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşiklerde gozgalmagyny gazanmakdan ybarat. Sebäbi Nyýazowyň ölüminden soň halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň režimi babatynda tankytlary gowşady. Halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistan bilen gepleşiklerinde başga meseleler gozgalyp, öňki döwürde türkmen türmelerinde ýitirim bolan adamlaryň ykbaly bilen bagly mesele soňky wagtlara çenli gozgalmady. Häzir bolsa “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýanyň çäginde bu mesele ýene-de orta atyldy.

Şeýle-de biz ÝHHG-niň çäginde Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmegine gözegçilik etmek boýunça bir wagtlar döredilen ”Moskwa mehanizmi” ýaly hasabat bermek mehanizminiň dikeldilmegini isleýäris. Men bu ýerde möhüm bir zada ünsi çekmek isleýärin. Adamlaryň daşky dünýäden üzňelikde saklanmagy, olara öz ýakynlary bilen duşuşmaga, hat alyşmaga rugsat berilmezligi, olaryň haýsy türmede saklanýandygynyň ýaşyrylmagy we hatda olaryň diri ýa ölüdigi barada aýdylmazlygy Türkmenistanyň diňe bir halkara borçnamalaryna ters gelmän, eýse Türkmenistanyň öz milli kanunlaryna-da ters gelýär.

Biziň aksiýamyz gumanitar häsiýete eýe. 12 ýylyň dowamynda ykballary barada habar berilmeýän tussaglaryň [syýasy] garaýyşlaryna, olaryň döwlet wezipelerinde otyrkalar eden hereketlerine, hatda olaryň häkimiýetler tarapyndan bildirilen günä boýunça günäli ýa-da günäsizdigi bilen hem bizin işimiz ýok. Biz şol adamlaryň belli bir hukuklarynyň bardygyny we olary [daşky dünýäden doly] üzňeleşdirmek syýasatyna gaýtadan garalmalydygyny, hökümetiň şol adamlara näme bolandygy barada jogap bermäge borçludygyny aýdýarys.

XS
SM
MD
LG