Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Türkiýäniň sebitdäki roly sebäpli Siriýany zolaklara bölmegi teklip etdi


Ysraýylyň esgeri Golan belentliklerinde. 25-nji mart, 2025 ý.
Ysraýylyň esgeri Golan belentliklerinde. 25-nji mart, 2025 ý.

Ysraýyl Golan belentlikleriniň golaýynda türk goşunlarynyň ýerleşdirilmegine ýol bermejekdigini aýtdy. Türkiýäniň sebitdäki orny şu hepde Waşingtonda Ysraýylyň premýer-ministri Beniýamin Netanýahunyň we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň arasynda geçiriljek duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylar diýip, Ynet neşiri habar berýär.

Ysraýylyň aladalaryna görä, Türkiýe Siriýadaky harby bazalary dronlary we howa goranyş ulgamlaryny ýerleşdirmek üçin ulanyp biler. Bu ýagdaý Ysraýylyň serhetlerini goramak boýunça çärelerini kynlaşdyryp, harby çaknyşygyň döremegine sebäp bolup biler.

Neşiriň maglumatyna görä, 2014-nji ýylyň ahyrynda ozalky prezident Başar Asadyň režimi synýança, Ysraýylyň serhetýaka Siriýa territoriýalarynda rus güýçleri ýerleşýärdi we Ysraýyl bilen olaryň arasynda degişli gatnaşyklar bardy. Türkiýäniň bu sebite goşun ibermegi ýagdaýy düýpgöter üýtgedip biler we Ysraýyly her bir ädimi oýlanyşykly atmaga mejbur eder.

Ysraýyl, şeýle hem, Türkiýäniň ýolbaşçylygynda Siriýadan başlap Gaza zolagyna çenli uzalyp biljek sünni-yslamçy güýjiň emele gelmeginden aladalanýar. Bu, Ysraýylyň pikirine görä, sebitdäki Eýranyň şaýy täsiriniň ornuny tutup biler.

Muňa garamazdan, Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň dowam edýändigi we dialogyň ýapylmandygy habar berilýär.

Ysraýyl häzirki ýagdaý durnuklaşýança, ABŞ, Russiýa, Türkiýe we geçiş hökümetiniň gatnaşmagynda Siriýanyň wagtlaýyn täsir zolaklaryna bölünmegini teklip edýär.

Siriýanyň täze bellenen ministrler kabinetiniň bäş ýyl işlemegine garaşylýar. Şol döwürde konstitusiýa degişli üýtgetmeler girizilip, umumy saýlawlar geçiriler.

XS
SM
MD
LG