Soňky aýlaryň dowamynda türkmen-owgan serhedi bilen bagly howsalaly habarlar az eşidilmeýär, bu baradaky habarlaryň soňky tapgyrlary bolsa Türkmenistanyň Owganystan bilen aradaky öz döwlet serhedini berkidip ugranlygy hakdaky gürrüňler.
Hökümet bu barada halka aç-açan hiç zat aýtmasa-da, hökümete ýakyn çeşmelerden serhediň barha berkidilýandigi, serhet gullugynyň käbir wekilleri üçin daşary ýurt guramalarynyň ýörite okuw sapaklaryny geçirýändigi barada habarlar-da gelip gowuşýar.
Harby gulluk
Düýbi Wenada ýerleşýän "Türkmen inisiatiwasy" topary 27-nji augustda ýaýradan habarynda soňky aýlarda ýurtda ýetginjekleri harby gulluga almak praktikasynyň has ýygjamlaşandygyny habar berýär. Bu maglumatlara görä, hatda Ukrainadaky ýagdaýlar sebäpli ýurda dolanan talyplardan käbirleriniň haýal etmän gulluga alnan halatlary-da bolupdyr.
Şol maglumatlarda türkmen-owgan serhetýaka etraplarynda harby hereketjeňligiň-de soňky aýlaryň dowamynda has güýjändigi barada maglumatlar bar. Bu habarlar resmi çeşmeler tarapyndan tassyklanmasa-da, serhet bilen bagly gowuşýan käbir beýleki maglumatlardan çen tutulsa, hökümetiň Owganystan bilen aradaky serhedi barha alada edinýändigini aýtmaga doly esas bar.
Türgenleşik
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan 25-nji awgustda çap edilen habarda Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetleşýän Ymamnazar geçelgesinde gulluk edýän serhetçileriň gatnaşmagynda ýörite türgenleşik geçirilýändigi habar berilýär.
45 gün dowam etmegine garaşylýan bu türgenleşigiň Türkmenistanyň serhet gullukçylarynyň taktiki hemem praktiki ukybyny artdyrmaga gönükdirlendigi we şol türgenleşige Owganystanyň sekiz sany serhet gullukçysynyň hem gatnaşýandygy aýdylýar.
Bu habar Türkmenistanyň owgan serhediniň gözegçiligini elektron gurallar arkaly amala aşyrmagyň aladasyny edýändigi baradaky maglumatlaryň peýda bolmagynyň ýzysüre çykdy.
Elektron sistema
"Central Asia Online" habar çeşmesiniň 14-nji awgustda Türkmenistanyň Serhet gullugynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan birine salgylanyp beren maglumatyna görä, Aşgabat tutuş serhede gözegçilik etmäge ukyply elektron gözegçilik systemasyny ýola goýmaga taýýarlanýar.
Agzalýan neşiriň maglumatynda bu barada degişli tenderiň yglan edilendigi we oňa düýbi Fransiýada ýerleşýän iki kärhananyň, ýagny ”Thalesiň” we ”Airbusuň” gyzyklanma bildirýändigi aýdylýar.
Agzalýan habar çeşmesi gürrüňi edilýän guralyň serhediň islendik bölegindäki gymyldy-hereketleri we şekilleri wakanyň bolup geçýän wagtynda aradaşlykdaky gözegçilik nokatlarynda gönümel görkezmek ukybyna eýedigini habar berýär.
"Central Asia Online neşiri" türkmen goşunynda gulluk edýän polkownik derejesindäki harbynyň sözlerine salgylanyp, onuň: “Serhetde ýagdaý gaty durnuksyz, şeýle serişdeden peýdalanmak bilen biz serhetde pajygaly wakalaryň öňüni almagy umyt edýäris” diýenligini ýazýar.
Türkmenistanyň hökümeti serhet bilen bagly görülýän takyk çäreler barada halk köpçüligine maglumat bermeýär, emma prezident Berdimuhamedow 3-nji iýulda eden çykyşynda Serhet gullugynyň taýýarlygynyň kämilligi hakda gürrüň etdi.
Şeýle-de 4-nji iýulda Serhet gullugynyň ýolbaşçylaryna, şol sanda agzalýan gullugyň başlygy Myrat Yslamowa, onuň orunbasary Batyr Eýeberdiýiewe berk käýinç yglan edip, serhet bilen bagly kemçilikler derhal düzedilmese, onda olaryň wezipelerinden çetleşdiriljekdigini aýdypdy.
Bu aladalar Owganystanda hereket edýän talyban jeňçileri Türkmenistanyň territoriýasyna geçip, şu ýylyň dowamynda alty sany türkmen esgerini öldürensoň ýüze çykdy.
Owganystan bilen Türkmenistanyň serhet liniýasynyň uzynlygy 744 kilometre barabar bolup, serhediň owgan tarapynda howpsuzlyk ýagdaýlary barha ýaramazlaşýar.
Owganystanda ýerleşýän halkara güýçleriniň şu ýylyň dowamynda bu ýurdy terk etmeginiň Owganystanyň we onuň goňşularynyň howpsuzlygyna has-da erbet täsir ýetirjekdigi çak edilýär.