Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen serhedine kimler hüjüm edýär?


Owgan polisiýa işgärleri we söweşijiler.
Owgan polisiýa işgärleri we söweşijiler.
Türkmen-owgan serhedinde fewral we maý aýlarynda bolan wakalarda jemi alty türkmen serhetçisi öldürildi.

Owganystanyň Badhys welaýatynyň resmileri fewral aýynda üç türkmen serhetçisiniň öldürilmegine sebäp bolan wakada “Talyban” hereketiniň ýerli lideri Mawlawi Abdullany aýypladylar. 24-nji maýda hem ýene-de üç türkmen serhetçisiniň öldürilmegine sebäp bolan wakada Owganystanyň ýerli resmileri serhetýaka hüjümi guramalaşdyrmakda ýerli söweşiji Gulam Desstagir Topany aýypladylar.

Eýsem, bu söweşijiler kimler? Olaryň maksady näme?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, Owganystan boýunça tanymal analitik, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň synçysy we söweşijiler barada “Pashtoon Question”, ýagny “Paştun meselesi” atly kitabyň awtory Abubakir Siddiki bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen-owgan serhedinde şu ýylyň fewral aýynda üç sany we 24-nji maýda hem ýene-de üç sany türkmen serhetçileri atylyp öldürildi. Owgan häkimiýetleri öňki wakada “Talybanyň” we soňky wakada hem Gualmdestagir Topan atly bir söweşijiniň rolunyň bolandygyny aýtdylar. Diýmek, şol maksatlarda dürli toparlaryň ady agzalýar. Hakykatda türkmen serhetçilerini öldürýänler kimler?

Abubakir Sidiki: Owganystandaky gozgalançylaryň merkezi lideri “Kuetta geňeşi” diýlip tanalýan topardyr. Kuetta Pakistanyň Bulujystan welaýatynyň paýtagty. Şol geňeşiň agzalary bolsa öňki “Talyban” režiminiň liderlerinden ybarat. Şol bir wagtyň özünde-de Owganystanda özbaşdak hereket edýän ýaragly toparlar hem bar.

Günorta Owganystan bilen deňeşdirilende demirgazyk Owganystan gaty parahat bir ýer diýlip hasaplanýardy. Emma bu ýagdaý soňky birnäçe ýylyň dowamynda üýtgedi. Şeýle-de Owganystanyň hem-de Pakistanyň howpsuzlyk güýçlerinden alnan maglumatlara görä, “Özbegistanyň Yslam hereketi” diýilýän topar şol sebitde gaty aktiw. Olar yzlaryna, ýagny Merkezi Aziýa dolanmak isleýärler.

Meniň pikirimçe, olar häzirki döwürde demirgazyk Owganystanda ýerleşmäge synanyşýarlar, soňra olar şol ýerde edinen bazalaryndan Merkezi Aziýa aralaşmak üçin peýdalanarlar. 2009-njy we 2010-njy ýyllarda Täjigistanda, hatda Gazagystanda-da uly hüjümleriň amala aşyrylandygyna şaýat bolduk. Häzir hem Türkmenistan bilen bagly çynlakaý problemalar döreýär.

Meniň pikirimçe, bu “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly toparyň üýtgäp barýan ýüzüni görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Iň ulusy “Talyban” hereketi hem bolsa, Owganystanda ençeme toparyň hereket edýändigini aýtdyňyz. Demirgazyk Owganystanda ýagdaýlaryň barha dartgynlaşyp barmagynda “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly toparyň roly bar diýmäge sizde nähili esas bar?

Abubakir Sidiki:
Haçan-da “Talyban” hereketi Owganystana kontrollyk eden mahaly, olaryň Türkmenistan bilen hiç hili problemasy bolmandy. Onuň sebäplerinden biri owgan meselesinde Türkmenistanyň öz bitaraplygyny gorap bilenligi bilen baglydy.

Emma Özbegistan “Talybana” aç-açan garşylyk görkezýärdi. “Talybanyň” ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan biriniň maňa aýtmagyna görä, Özbegistanyň Owganystandaky etniki özbek komandiri general Dostuma kömek bereni üçin “Talyban” hem “Özbegistanyň Yslam hereketini” goldap, bu topary Owganystana çagyrypdyr”.

Ýene-de bir mesele “Özbegistanyň Yslam hereketiniň” Owganystanda türki dilde gepleýän ilatyň köpçülikleýin ýerleşýän etraplarynda iş alyp barmagy bilen bagly. “Talyban” bolsa puştunlaryň köpçülikde bolan topary. Şeýlelikde, hat-da “Talyban” hereketine-de türki dilli ilatyň içine aralaşmak üçin şonuň ýaly bir topar hökman gerekdi.

Azatlyk Radiosy: Demirgazyk Owganystanda “Özbegistanyň Yslam hereketiniň” rolunyň bardygyny nygtaýarsyňyz, bu düşnükli. Meni gyzyklandyrýan sorag: olaryň Türkmenistan bilen näme dawasy bar, ýogsa, adyndan hem belli bolşy ýaly, olaryň maksady Özbegistan bilen bagly bolmaly ýaly?

Abubakir Sidiki:
“Özbegistanyň Yslam hereketi” ençeme kiçi toparlardan ybarat, bu hereket düýbi tutulaly bäri, halkara derejesinde jyhat etmek diýen ýoly saýlap aldy. Şol toparyň öňki ýolbaşçysy Tahyr Ýoldaşow özleriniň esasy maksadynyň GDA ýurtlaryndaky, olaryň öz sözleri bilen aýdylanda “dine ynanmaýanlara” garşy, göreşmekden ybarat.

Ýoldaşow bu toparyň geljeginiň hiç haçan öz ady bilen çäklenip galmajagyny aýdýardy. Hawa, hut şu hem agzalýan toparyň halkara derejesinde iş alyp barjakdygyny öňünden aýan edýärdi. Bilşimiz ýaly, bu hereket bilen bagly Ýewropanyň sudlarynda çykarylan kararlar bar, olaryň Germaniýada adamlary öz hataryna goşmak üçin alyp barýan işleri barada anyklanan faktlar bar. Gepiň gysgasy, bu mesele bilen ilteşikli suduň gelen kararlary bar.

Olaryň Türkiýede hem käbir işleri amala aşyrandygy we türk hökümetiniň olaryň ýurda ornaşmak mümkinçiligi barada alada bildirýändigini görkezýän deliller hem bar. Şol bir wagtyň özünde-de, eger dykgat eden bolsaňyz, 11-nji sentýabr wakasyndan bäri dünýäde bolup geçen ähli uly terroristik hereketleriň Pakistanyň tire-taýpalar regionynda planlaşdyrylandygy barada maglumatlar bar.

Bilşimiz ýaly, “Talyban” hereketine, Owganystandaky talybanlara Günbatarda terroristik hüjümleri amala aşyrmak syýasy taýdan bähbitli däl. Hakykatda olaryň şeýle hüjümde elleriniň bardygy hakda takyk maglumatymyz hem ýok. Bu hem “Özbegistan Yslam hereketiniň” maksadynyň ýerli däl-de, halkara derejesindedigini görkezýän ýene bir alamat. Elbetde, “Talyban” Owganystanda bolup geçýän dartgynlylygyň esasy sebäpkäri.

Azatlyk Radiosy: 2014-nji ýylda häzirki wagtda Owganystanda iş alyp barýan halkara harby güýçleriň agramly bölegi ýurdy terk edýär. Eýse, şondan soň “Özbegistanyň Yslam hereketiniň” Merkezi Aziýa babatynda nähili syýasat alyp barjakdygy barada nähili çaklamalar bar?

Abubakir Sidiki:
Beýleki ähli toparlar ýaly “Özbegistanyň Yslam hereketi” hem ýolbaşçylyk meselesindäki krizis we bölünişik howplary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. “Özbegistanyň Yslam hereketiniň” ozalky ýolbaşçysy Tahyr Ýoldaşow we soňra onuň ornuna saýlanan Osman Adyl ikisi ABŞ-nyň pilotsyz uçarlary tarapyndan öldürildi.

Emma bu toparyň geljekdäki planlary baradaky mesele, umuman, Owganystanyň gelejegi nähili bolar diýen sorag bilen bagly. Eger Owganystanda parahatçylyk bolsa, eger ýurduň howpsuzlyk güýçleri ýurdy goramagyň hötdesinden gelseler, eger olar Owganystanda barha güýçlenýän syýasy prosesi goldamagy başarsalar, şeýle ýagdaýda “Özbegistanyň Yslam hereketi” ýaly toparlar regiona uly howp salyp bilmezler.

Eger Owganystanda 1990-njy ýyllaryň başlaryndaky ýaly graždanlyk urşy başlansa, onda şeýle ýagdaýda söweşiji toparlaryň tutuş regionda hasam möwjemegi gaty ahmal.

Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň ýagdaýy hasam ynjyk. Sebäbi olardan käbirleriniň, esasanam Türkmenistanyň serhedi, gaty gowşak, il arasynda ýoksullyk, garyplyk gaty giň ýaýran, şol ýurtlarda demokratiýa we söz azatlygy diýen ýaly zatlar asla ýok. Garyplykdyr hor-homsulyk bilen baglanyşykly hem ilat arasynda uly gahar-gazap, närazylyklar bar, ýaragly toparlaryň bu ýagdaýdan peýdalanmagy-da örän tebigy zat.
XS
SM
MD
LG