Türkmenistanyň prezidenti çarşenbe güni Aşgabatda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bilen duşuşyp, olaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Turkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda okuwlaryň tölegli edilmegi baradaky pikiri orta atdy.
Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda alnyp barylýan Adam hukuklary dialogynyň sekizinji tapgyryndan soň, Ýewropa Bileleşigi beýanat ýaýradyp, Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyndan çynlakaý alada bildirdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan dünýäde din azatlygy boýunça ýaýradylan ýyllyk hasabatda Türkmenistan düýpli alada döredýän ýurtlaryň arasynda galmagyny dowam etdirýär.
Halkara walýuta fondy jemi içerki önümiň ösüşi barada ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 2015-nji ýylda 6.5% bolandan, 2016-nji ýylda 4.3 %-e çenli peseljekdigini habar berýär.
Aziýa Ösüş banky Türkmenistana 1 milliard dollar karz pul bermegi göz öňünde tutýar. Azerbaýjanyň ”Trend habar” agentliginiň ýazmagyna görä, bu serişde ýurduň demirýol proýektlerine sarp ediler.
Türkmenistan, häzirki wagtda ýurtda dowam edýän harby türgenleşikleriň çäginde, ilkinji gezek Hytaýdan satyn alan raketalaryny görkezdi. Şol raketalar ýurduň harby güýçlerinde käbir möhüm ýaraglaryň bardygyny aýan etdi.
Azatlyk Radiosyna Lebap welaýatyndaky “Türkmentehnika” hususy firmasynda işleýändigini we eýýäm ençeme aý bäri aýlyk haklaryny alyp bilmeýändigini aýdýan türkmenabatly käbir ýaşaýjylardan hat gelip gowuşdy.
Azatlygyň baýry işgäri, ömrüniň 17 ýylyny bu radio bagyş eden Nazar Hudaýberdiýew 2-nji martda 66 ýaşyň içinde dünýäden ötdi. Ol 1950-nji ýylyň 17-nji awgustynda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda dünýä inipdi.
Soňky döwür dünýä metbugatynda Türkmenistanyň ady barha köp agzalýar, emma şol habarlar gynansakda oňaýsyz wakalardan ybarat.
Türkmenistanda hökümet edaralarynda işläp, iş stažyny dolduran we işden çykan, emma pensiýa alyp bilmän ýören adamlaryň bardygy habar berilýär. Eýse, bu ýagdaýlara haýsy edaralarda, nirelerde duş gelse bolýar?
Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň nagt satuwynyň ýatyrylanyna bir aý boldy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýaşaýyş jaýlarynyň kireýine berilmegini we alynmagyny gözegçilik astyna almaga çagyrdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýev şu gün 38 ýaşaýar. Emma ol Doglan gününi öz maşgalasynyň arasynda däl-de, Türkmenistanyň türmeleriniň birinde bellemäge mejbur.
Ykdysady azatlyklar boýunça çap edilen täze hasabatda Türkmenistana iň repressiw ýurtlaryň arasynda dünýäde dördünji orun berildi. Türkmenistan jemi 178 ýurdy öz içine alýan bu hasabatda 174-nji orny eýeledi.
Aşgabadyň Çoganly, Gaža sebitlerinde müňlerçe jaýyň ýykylmagynyň paýtagtdaky jaýlaryň bahasyna, kireýine täsir ýetirendigi habar berilýär. Maglumata görä, Aşgabatda kireýine berilýän jaýlaryň bahasy tas iki esse diýen ýaly gymmatlady.
Şu gün Türkmenistanyň günbatar welaýaty Balkanda uzynlygy 773 kilometre barabar bolan gündogar-günbatar gazgeçirijisiniň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 18-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda “ýangyna garşy hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň girizilmeginiň ýangyn howsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmeginde jogapkärçiligi ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy” diýlip, resmi metbugatda bellenilýär.
Düýbi 13-nji dekabrda tutulan Transowgan gaz proýektiniň çykdajysynyň uly bölegini Türkmenistan üpjün eder. Bu barada Owganystanyň prezidenti Aşref Gani 14-nji dekabrda Kabulda eden çykyşynda aýtdy.
Türkmenistan 13-nji dekabrda özüniň Owganystana, Pakistana, Hindistana gaz iberjek geçirijisiniň (TOPH) Türkmenistandaky böleginiň gurluşygyna başlady.
Ýene-de ýükle