Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Yrak we Lewant Yslam Döwleti” näme?


“Yrak we Lewant Yslam Döwleti” diýilýäniň jeňçileri, 11-nji iýun, 2014.
“Yrak we Lewant Yslam Döwleti” diýilýäniň jeňçileri, 11-nji iýun, 2014.
Yragyň iň uly şäherleriniň birinde yslamçy meýletinçileriň dürli hüjümleri amala aşyrmaklary ýurtdaky howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygyny görkezýär.

9-njy iýunda “Yrak we Lewant Yslam Döwleti” (YLYD) bilen ilteşikli hasaplanýan meýletinçi söweşijiler Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Mosul şäherindäki esasy dolandyryş edaralaryny, ýagny welaýat häkimligini we beýleki administratiw nokatlary basyp aldylar. Döwletiň harby we howpsuzlyk edaralary öz postlaryny terk etdiler. Yrakda hereket edýän bu topar barada nämeleri bilýäris?

“Yrak we Lewant Yslam Döwleti” (YLYD) näme?

Bu topara başgaça at bilen ”Yrak we Siriýadaky Yslam Döwleti” (YSYD) hem diýilýär. Agzalýan topar “Al-Kaýdanyň” bir şahasy bolup, bular Yrak we Siriýanyň demirgazygynda, ýagny esasan sünnüleriň agdyklyk edýän ýerlerinde “Halyfat” döretmegi meýilleşdirýärler.

Toparda takyk näçe sany söweşijiniň bardygyny görkezýän takyk maglumat ýok. Ýöne synçylaryň aýtmagyna görä, olaryň sany “müňlerçe”. Dekabr aýynyň aýagyndan bäri YLYD we beýleki sünni toparlar Yragyň Anbar welaýatynda häkimiýeti basyp aldylar. Falluja we Ramadi şäherlerinde-de ýagdaýlar şeýle.

Gürrüňi edilýän topar bilen ”Al-Kaýdanyň” arasyndaky oňşuksyzlyk birnäçe aýlap dowam edipdi we fewral aýynda ”Al-Kaýda” YLYD-y kabul etmeýändigini aýdyp, çykyş edipdi. Bu meýletinçi topar özüniň zalym hem-de ýabany taktikalary bilen giňden tanalýar. YLYD söweşijileri kelle kesýär, gamçylaýar, sütem edýär we özleriniň yslamy kanunlaryna hemmäniň boýun bolmagyny berk talap edýär. Mysal üçin, olarda çilim çekmek we binika gatnaşyklar berk ýazgarylýar.

Olar näme üçin Mosula hüjüm etdiler?

Mosulda takmynan iki million töweregi adam ýaşaýar. Bu ýurduň iň esasy ikinji uly şäheri bolup, Mosulda, esasan, sünni araplar agdyklyk edýär. Ýagdaý şeýle bolsa-da, şäherde başga dinlerden, mesheplerden we etniki toparlardan adamlar bar. “Brookings” institutynyň işgäri Kenet Pollakyň AÝ/AR-a gürrüň bermegine görä ady agzalýan meýletinçiler topary öz güýjüni Yragyň sünni-arap gatlagyndan alýarlar we bu ýagdaýyň hökmany suratda bir sebäbi bar”.

Mosulyň strategiki jähtden hem ähmiýeti bar. Agzalýan şäher Tigr derýasynyň boýunda ýerleşýär. Bu olara gämiler arkaly söwda etmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle-de Mosulda Yrakdan Türkiýä geçirilýän ýangyç geçiriji turbalar hem bar. Şäher Siriýadan 100 mil uzaklykda ýerleşýär.

Pollak öz sözlerini şeýle dowam edýär: “Olar araçägi aradan aýyrmagy maksat edinýärler. Olar Yrak bilen Siriýanyň birleşdirilmeginde täze bir döwlet gurmagy meýilleşdirýärler. Galyberse-de, Mosuldan köp sanly yrakly harby ofiser we güýçli syýasatçy çykdy”.

“Waşington” institutynyň Yragyň howpsuzlygy boýunça ýokary bilermeni Maýkl Naýts Mosulda YLYD-yň birnäçe ýyldan bäri täsirlidigini we bu şäherde olaryň edil mafiýa ýaly gözegçiligi öz ellerinde saklaýandygyny, galyberse-de şäheri özleriniň maddy üpjünçilik merkezi hökmünde ulanandyklaryny aýdýar.

Maýkl Naýts Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda soňky ýagdaýlar barada şeýle diýdi: “Indi olar aç-açan häkimiýete göz dikdiler. Diýmek, bu ýagdaý bize bir zady açyk-aýdyň görkezýär, ýagny Yrakdaky toparlaryň hiç haýsysyny äsgermezlik etmeli däl”.

Soňky hüjümiň ähmiýeti nämede?

Pollagyň aýtmagyna görä hüjümiň esasy maksady, YLYD öz başarnyklaryny synap, ony görkzemek isleýär. “Falluja we Ramadi hem wajyp şäherler, ýöne bular ýurduň uly şäherleri däl. Ynha, Mosul welin uly göwrümli metropol hasaplanýar. Bu ýagdaýy hamana Dallas we Filadelfiýa şäherlerine terrorçy toparlar hüjüm edýän ýaly edip göz öňüne getirseňiz, has düşnükli bolar. Ynha, häzir olar şeýle uly şäheri basyp almak isleýärler. Bu hem olaryň näderejede güýçlüdigini görkezýär”.

Naýtyň berýän gürrüňlerinden çen tutsaň, Mosulda administratiw binalaryň eýelenmegi Yrakda has ýiti bulagaýçylyklara getirer. Ol: “Bu ýagdaý Fallujany elden gidermek ýaly däldir. Sebäbi Mosul ýurduň iň esasy ykdysady merkezidir” diýýär.

Näme üçin harbylar we polisýa işgärleri öz postlaryny terk etdiler?

YLYD-yň Mosula aralaşmagy bilen Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň regiondan gaçmagy ýurtdaky ýaragly çaknyşyklarda ruhy ahwalyň näderejede ähmiýetli rol oýnaýandygyna şaýatlyk edýär. Naýts Napoleon Bonopartyň aýdan sözlerine salgylanýar we şeýle diýýär: “Ruhy ahwalyň howalasy belent bolsa, bir adam üç adama bäs gelip bilýär”.

Naýts: “Yrakda bir adam hatda alty adama-da bäs gelip bilýär diýsek, ýalňyşmarys. Diýmek, müňlerçe harbynyň harby lybasyny çykaryp, ýaragyny taşlap, öz postlaryndan gaçyp gitmekleri üçin bary ýogy dört ýüz söweşiji ýeterlik ýaly” diýýär.

Yrak hökümetiniň reaksiýasy

Yragyň premýer-ministri Nuri Al-Maliki parlamente ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegi tabşyrdy. Ýurduň döwlet telewideniýesinde berlen habara görä, yrakly kanunçykaryjylar soňky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak üçin 12-nji iýunda ýygnak geçirerler. 9-njy iýunda demirgazyk Yragyň Naýnawa welaýatynyň häkimi Adil al-Nujaifi telewideniýede çykyş etdi we Mosuldaky ýerli ýaşaýjylary meýletinçiler bilen söweşmäge çagyrdy.

Munuň bilen bir hatarda agzalýan häkimiň dogany, şol bir wagtyň özünde parlamentiň metbugat wekili Usama al-Nujaifi Yrak hökümetinden we Kürdüstanyň administrasiýasyndan Mosula esger ibermegi sorady. Ol öz çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky ilçisi Robert S. Bikroftdan hem kömek sorandygyny aýtdy.

Naýts yrak harbylarynyň ilkibaşda öz postlaryny terk edip gaçmaklarynyň we, tijenip, täzeden hüjüme geçmekleriniň indi Yrakda adaty ýagdaýa öwrülendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG