Türkmenistanda 2000-nji ýylyň başlarynda eýýäm ençeme ýyl bäri iş alyp barýan Ylahyýet, ýagny Yslam dini boýunça bilim berýän ýörite liseý ýapylypdy. Bu liseýiň ozalky okuwçylarynyň biriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, liseý okuw ýylynyň gutarmagyna sanlyja aý galanda ýapylsa-da, onuň näme sebäpden ýapylýandygy barada hiç hili takyk maglumat berilmändir.
Ýapylan okuw jaýlary
Efirde sesiniň berilmezligini haýyş eden Bekmyradyň sözlerine görä, mundan soň liseýiň okuwçylary paýtagtyň beýleki mekdeplerine geçirilipdir. Bekmyrat şondan soň yslam dinini çuň, içginden öwrenmek höwesiniň, mümkinçilikleriniň köküne palta urlandygyny aýtdy.
Aradan birnäçe ýyl geçensoň, Türkmenistanyň döwlet uniwersitetindäki ýörite Ylahyýet fakulteti hem aýratyn fakultet bolmagyny bes edip, şol ýokary okuw jaýynyň taryh bölüminiň düzümine goşuldy.
Aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew dini bilime gönükdirilen şol okuw jaýlaryndaky bilmiň derejesi barada şeýle gürrüň berdi: “Meniň ogullarymyň biri şol Ylahyýet liseýinde bilim alypdy. Ol ýerdäki bilimiň derejesi diýseň ýokarydy. Ol ýerde Yslam gymmatlykary öňe sürülse-de, şol bir wagtda diniň beýleki taraplary, ýagny din we medeniýet, din we ylym ýaly dünýe bilen aýakdaş sapaklar hem öwredilýärdi”.
Bugaýew dini liseýden çykan uçurymlaryň ählsiniň hökmany ýagdaýda dini ugur boýunça gitmese-de, Ylahyýet liseýiniň we fakultetiniň ýapylmagynyň dini bilimini dowam etdirmek isleýän ýaşlaryň höwesine belli bir derejede böwet bolandygyny belledi.
Sebäpler
Ylahyýet okuw jaýlarynyň näme sebäpden ýapylandygy barada halk köpçüligine hiç hili resmi maglumat berilmedi.
Emma, aşgabatly ýazyjynyň pikiriçe, Ylahyýet okuw jaýlarynyň ýapylmagyna ol ýerdäki berilýän dini sowadyň däl-de, eýse ýurduň umumy bilim berýän beýleki okuw jaýlaryndan tapawutlydygy sebäp bolan bolmagy mümkin.
Bugaýew: “Ol ýerdäki geçilýän zatlar köp halatda Türkmenistandaky okuw programmasyna gabat gelenok. Olar özüniň kämilligi bilen tapawutlanýardy. Bu zatlar hem şol döwürdäki syýasata ters gelýärdi” diýip nygtady.
Hökümetiň dini bilime basyş görkezmäge ýykgyn edýändigini häzir Kairde ýaşaýan türkmen aktiwisti Öwez hem tassyklaýar. Ol geçen ýylyň fewralynda häkimiýetden agdarylan Hosni Mubarekden öňki we soňky ýagdaýlary ýatlap, Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň beripdi: “Ozal metjitlerde we beýleki ýerlerde dini sapaklary bermek gadagan diýen ýalydy. Diňe käbir hökümet mollalary sapak berýärdi. Olaram üýtgeşik zat aýdanokdylar. Indi bolsa her kim arkaýyn islän sapagyny okap bilýär. Men muňa azatlygyň, demokratiýanyň nygmaty diýip düşünýärin”.
Bugaýewiň belleýşi ýaly, häzir Türkmenistanda resmi ýagdaýda dini bilim almaga mümkinçilik ýok. Bu aralykda türkmen ýaşlary Türkiýe, Müsür ýaly ýurtlara gidip, dini bilim alýarlar.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda aram, ylmy dini öwredýän ýörite okuw jaýlarynyň ýokdugy sebäpli, ýaşaýjylaryň her dürli ekstremistik dini wagyzlara eýerip, terkidünýälige urýan halatlarynyň hem ýok däldigini ýerli synçylar belleýärler.