Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üç döwrüň ideologiýasyna hyzmat eden zenan


"Käbir ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, Maýa Mollaýewa makullamasa, ýurtda ýazylýan çeper eserlere, teatr sahnasynda goýulmaly drama eserlerine, kinossenarilere ýol berilmeýärdi".
"Käbir ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, Maýa Mollaýewa makullamasa, ýurtda ýazylýan çeper eserlere, teatr sahnasynda goýulmaly drama eserlerine, kinossenarilere ýol berilmeýärdi".
Türkmen metbugatynda çap edilen maglumata görä, Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginiň ýolbaşçysy Maýa Mollaýewa 78 ýaşynyň içinde pensiýa çykmagy sebäpli wezipesinden boşadylypdyr.

Sowet döwründe Kommunistik partiýanyň ýokary derejeli wezipelerini eýelän Maýa Mollaýewa kommunistik režim dargandan soň hem syýasatdan gitmän, ýokary wezipelerde galdy.

Türkmen metbugatynda 15-nji aprelde berlen maglumata görä, pensiýa çykmagy bilen bagly Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesinden boşadylan Maýa Mollaýewanyň ornuna Gülälek Hanberdiýewa bellenipdir.

TDU-den başlanan ideologiýa ýoly

Mary welaýatynda 1934-nji ýylda dünýä inen Maýa Mollaýewa sowet döwründe ýokary derejeli wezipeleri eýelän sanlyja türkmen zenanlaryň biri boldy. Türkmen-sowet ensiklopediýasynda berlen maglumatlara görä, ol 1957-nji ýylda taryh-ýuridik fakultetini tamamlap, iki ýyl TDU-de mygallym bolup işleýar.

1959-njy ýylda Maýa Mollaýewa komsomolda ýokary derejeli wezipeleri eýeläp, partiýa boýunça karýerasyna başlaýar. Şondan bäri, tä Türkmenistan garaşsyzlygyny yglan edýänçä, Maýa Mollaýewa Türkmenistanda sowet ideologiýasyny ýöreden esasy şahslaryň biri boldy.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2004-nji ýylda eden çykyşlarynyň birinde M.Mollaýewanyň Kommunistik partiýanyň prinsiplerini gyşarnyksyz ýerine ýetirendigini we beýlekilerden-de şony talap edendigini ýatlapdy.

Ol, hususan-da, şeýle diýipdi: “Birwagt, 1982-nji ýylda, men Aşgabat gorkomynyň birinji sekretarydym. Maýa Mollaýewa-da Merkezi Komitetiň ideologiýa boýunça sekretarydy. Ol bir gezek gorkoma – plenumymyza bardy. Onsoň, meniň bir häsiýetim bar, men familiýany tutanymda ‘Orazow tur, Durdyýew tur, şuny aýt’ diýip soraýaryn. Maýa Mollaýewa birden gögerip başlady. Onsoň, ol durup bilmän ‘Sapar Ataýewiç, bu medeniýetli däl, ýoldaş diýip ýüzlenmeli’ diýdi”.

Türkmenistanly žurnalist-edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew ýurtda nähili syýasy režimiň bolandygyna garamazdan, Maýa Mollaýewanyň hemişe ideologiýa hyzmat edip gelen zenan hökmünde özüni tanadandygyny belledi: “Maýa Mollaýewa üç döwre hyzmat eden adam. Ol Sowet Soýuzy döwründe hem ideologiýa, hem agitasiýa bölüminiň sekretary bolup işledi. Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda ony Nyýazow Türkmen döwlet Baş arhiw müdüri wezipesine belläpdi”.

Nyýazowyň ideologiýasyna-da ygrarly boldy

Syýasy karýerasy bilen bir hatarda Maýa Mollaýewa bilimini hem dowam etdirip, 1965-67-nji ýyllarda Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň aspiranty bolýar. Sowet döwri ylym we medeniýet, propaganda we agitasiýa boýunça ýokary derejeleri eýelän Maýa Mollaýewa “Zähmet gyzyl baýdak” ordeni we “Zähmetde edermenligi üçin” diýen medal bilen-de sylaglanýar.

Ol türkmen intelligensiýasynyň arasynda “Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň iň soňky sekretary” diýen ada eýe boldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny yglan edensoň, şol döwür ýaşy 60-a ýakynlan Maýa Mollaýewa Nyýazowyň ideologiýasyny ýöredip başlaýar.

Türkmenistandaky “Rus jemgyýetiniň” ýolbaşçysy, Maýa Mollaýewa bilen işleşen Anatoliý Fomin sowet döwründe “Ruslar bize ýol açan halk” diýip ýören Maýa Mollaýewanyň Türkmenistan garaşsyzlygyny yglan edensoň, “Ruslar bizi basyp alypdylar” diýendigini ýatlaýar.

Ýerli synçylaryň käbiri 1990-njy ýyllaryň başlarynda Türkmenistanyň Baş arhiw müdürliginiň ýolbaşçysy wezipesine bellenen Maýa Mollaýewany Nyýazowyň şahsyýet kultuny döretmäge uly goşant goşan adamlaryň biri hasaplaýarlar.

Bu barada türkmenistanly žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew şeýle diýdi: “Maýa Mollaýewa ýokardan gelen islendik görkezmäni berjaý edip, galp terjimehal döretmäge gatnaşan adam. Mysal üçin, Nyýazowyň özi 1990-njy ýylda meniň kakam buhgalter, ejem ýönekeý öý-hojalykçy diýip aýdan bolsa, soňra onuň kakasy mugallym boldy, urşa gatnaşdyryldy”.

Žurnalist Ýazgulyýew Maýa Mollaýewa döwlet arhiwine ýolbaşçylyk edip başlansoň, arhiwiň taryhçylar, ýazyjylar, žurnalistler üçin elýeterli bolmagyny bes edenligini-de belleýär.

Häzirki ideologiýa goşan goşantlary

Saparmyrat Nyýazow ýogalansoň, Türkmenistanyň täze prezidentiniň ýanynda Sungat we medeniýet işleri boýunça ýörite komissiýa döredildi. Häkimiýet başyndakylar Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesi bilen bir hatarda Maýa Mollaýewany bu komissiýa hem jogapkär işgär edip bellediler.

Netijede, käbir ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, Maýa Mollaýewa makullamasa, ýurtda ýazylýan çeper kitaplara, teatr sahnasynda goýulmaly drama eserlerine, kinossenarilere ýol berilmeýärdi.

Çehiýanyň Karlow Uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Slawomir Horagyň türkmen ideologiýasynyň däpleri barada ýazan makalasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny döretmäge niýetlenen maglumatlaryň ählisiniň ýurduň Baş arhiw müdirligi hem Türkmenistanyň prezidentiniň arhiw fondy tarapyndan çap edilendigi aýdylýar.

Hut şol sebäpli-de, žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Maýa Mollaýewa ýaly ähli režimlere wepaly hyzmat edýän adamlaryň pensiýa ugradylyp, ýaşlara ýol açylmagyna oňyn alamat hökmünde baha berdi.
XS
SM
MD
LG