Prezident Berdimuhamedow ilata edilýän ulag, gatnaw hyzmatlarynyň ýaramazldygyny aýtdy. Bu tankyda ýerli ýaşaýjylaram goşulýarlar.
Britaniýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak sportçularyň hataryna Türkmenistanyň ýene bir sportçusy goşuldy.
Özbegistanyň mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda we kollejlerinde okuwçylara mobil telefonlardan peýdalanmaklyk resmi suratda çäklendirilýär.
Ýakynda Orsýete göçüp baran 40 ýaşly Sähetmyrat özüniň Türkmenistany terk etmeginiň esasy sebäbini 16 ýaşly ogluna ýokary okuw jaýynda bilim almaga mümkinçilik döretmek isländigi bilen düşündirdi.
Ýakynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň studentleri ÝHHG-niň ýardam bermeginde gurnalan media boýunça leksiýalara gatnaşdylar. Şeýle çäreler nähili netije berýär?
Gazagystanyň serhet gullugynyň ýolbaşçysy Nurjan Myrzaliýew Gazagystanyň günorta serhetlerini berkitmegiň planlaşdyrylýandygyny aýtdy.
Şu günler Gazagystanyň Uralsk şäher sudunda ýakynda rehimsizlik bilen ýenjilen we pyçaklanan žurnalist Lukpan Ahmedýarowa garşy sud prosesi gidýär.
Ýakynda internet bilen bagly maglumatlary toplap, olary analiz edýän “Internet World Stats” atly internet saýty 2011-nji ýyl boýunça internetden peýdalanýanlaryň sany barada ýörite hasabat ýaýratdy.
Azerbaýjanly hukuk goraýjy žurnalist Eýnulla Fatullaýew 2012-nji ýyl boýunça UNESCO-nyň “Metbugat azatlygyna goşan goşantlary üçin” diýen halkara baýragyna mynasyp boldy.
Türkmen metbugatynda çap edilen maglumata görä, Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginiň ýolbaşçysy Maýa Mollaýewa 78 ýaşynyň içinde pensiýa çykmagy sebäpli wezipesinden boşadylypdyr.
Özbek mugallymlaryna hem lukmanlaryna şu aýyň aýlyk haklarynyň bir böleginiň deregine Serbiýadan getirilen jüýjeler paýlananda, olaryň köpüsi bu garaşylmadyk ýagdaýa aňk-taňk boldular.
Ýakynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew BMG-de eden çykyşynda Türkmenistanda 2003-nji ýyla çenli ors pasportyny alan ýaşaýjylaryň iki raýatlygynyň ykrar edilýändigini aýtdy.
15-16-njy martda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde geçirilen diňlenişikde Türkmenistandaky milli azlyklaryň ýagdaýylary we kynçylyklary barada-da gürrüň edildi.
Käbir çeşmelerden gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, jaý almak meselesinde propiska düzgüni henizem belli bir derejede problema bolup galýar.
Gazagystanyň Mangystau welaýatynda nebitçileriň proteste çykmaklaryna sebäp bolan kärdeşler arkalaşygynyň öňki lideri Natalýa Sokolowa möhletinden öň şertli tussaglykdan azat edildi.
Ýakynda Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň resmisi Anatoliý Wyborow soňky döwürde owgan neşesiniň Türkmenistan we Azerbaýjan arkaly Ýewropa ýurtlaryna ýetirilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti geljekki 5 ýyllykda halka nämeleri wada berýär? Eýsem, geljekki 5 ýyllykda türkmenistanlylar nämelere garaşyp bilerler?
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň nusgasy bolan ozod.orca.uz saýtynyň Azatlyk Radiosynyň okyjylary barada maglumat toplamak üçin açylan bolmagy ähtimal.
Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatlara görä, daşary ýurtlarda döredilen saýlaw uçastoklaryna garaşsyz, bitarap habar gulluklarynyň žurnalistleri goýberilmediler.
ABŞ Özbegistany harby enjamlar bilen üpjün etmek baradaky ozal girizen gadagançylygyny wagtlaýynça ýatyrdy.
Ýene-de ýükle