Soňky döwürde Türkmenabadyň bazarlaryna barýan barlag komissiýalarynyň köpelendigi aýdylýar. Ol komissiýalaryň hepdede birnäçe gezek gelýändikleri hem nygtalýar.
Uzakdan seredip, Türkmenabadyň "Merkezi bazarynyň" iki bölekden ybaratdygyny aýtmak kyn. Sebäbi olary biri-birinden aýyrýan haýsydyr bir bellik ýok.
Geçen ýyldakydan tapawutlylykda, bu ýylky "Sagdynlyk hepdeliginde" Türkmenabat şäheriniň bazarlaryndaky dükanlarda spirtli içgiler we çilim söwdasy adaty günlerdäki ýaly dowam edýär.
Türkmenabadyň demirýol wokzaly. Bir goja kassadan Aşgabada gitmek üçin bilet aljak bolýar, emma bu oňa başardanok.
Soňky ýyllar Türkmenistandan, esasanam Lebap welaýatyndan Türkiýä işlemäge gidýänleriň sany artdy. Bu ýagdaý Lebap welaýatynyň obadyr şäherçelerine özboluşly täsirini ýetirýär.
Ýerli ýaşaýjylar türk dilini gowy bilýänleriň köpelmeginiň sebäbini Türkiýe döwletine gidýänleriň köpdügi bilen düşündirýärler.
Soňky döwür Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň öz atlaryny we raýatlyk pasportlarynda milletini 'türkmen' diýip çalşyrmak tendensiýasynyň başlanandygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, şu günler raýatlara berilýän resminamalarda maglumatlar köplenç ýalňyş ýazylýar.
2013-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, diňe täze görnüşdäki daşary ýurt pasportlary bolan raýatlara daşary ýurtlara biletleriň satyljakdygy baradaky maglumatlardan soň, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň edaralarynyň öňünde nobata duranlaryň sanynyň has artandygy aýdylýar.
Şu günler Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi Nyýazow şäherçesiniň köçelerinde suwgeçiriji liniýa çekilip, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
Türkmenistanda tomus aýlary, adatça, toy-tomaşa baý bolýar. Toýlaryň köpelmegi bilen bolsa, toý aýdymçylaryna bolan isleg hem artýar.
Soňky döwürlerde Türkmenistanda býujet işgärleriniň mugt zähmetinden peýdalanmak, olara bag ekdirmek we işleýän ýerleriniň remontyny etdirmek ýaly ýagdaýlaryň gaýtalanýandygyny käbir türkmenistanlylar aýdýarlar.
Şu günler Lebap welaýatynda mekdep okuwçylarynyň tomusky kanikul döwründe dürli hili işler bilen meşgullanyp, gazanç edýändiklerine duşsa bolýar.
Lebap welaýatynda azyk önümleriniň galplaşdyryp satylmagy ýaly wakalaryň ýüze çykýandygy aýdylýar.
Şu günler Lebap welaýatynda islendik bazarda, ululygyna-kiçiligine garamazdan, hatda köp obalarda mobil telefonyň hasabyna pul geçirip bolýar. Ony hususyýetçiler amala aşyrýarlar.
Yslam äleminiň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, Remezan aýy Türkmenistanda hem özboluşly dabaralar we dürli aýratynlyklar bilen geçirilýär.
Daşoguz welaýatynyň merkezi şäheri Daşoguzda Soýuz döwründe gurlan we garaşsyzlyk ýyllarynda doly bejerilen wokzaldan her gün iki sany otly ugraýar we iki sany otly wokzala gelýär.
Türkmenistanda ZAGS bölümine işi düşen adamlar üçin indi nobata durmak kadaly ýagdaýa öwrülip barýar.
Türkmenistanyň welaýat we etrap merkezlerindäki Bilim bölümlerinde körpeleri çagalar baglaryna kabul edişlik dowam edýär. Ene-atalar bolsa çagalaryny çagalar baglaryna ýerleşdirmekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.
Ýene-de ýükle