Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk hepdeliginiň geçen ýylkydan tapawudy


Türkmenabat şäherinde ýaş oglanlar woleýbol oýnaýar.
Türkmenabat şäherinde ýaş oglanlar woleýbol oýnaýar.
Türkmenabadyň uly sport toplumy diýlip hasaplanýan stadionyň zallarynyň birinde mugallymçylyk institutynyň talyp ýigitleri woleýbol oýnaýarlar. Sport toplumynyň esasy girelgesinde, bary-ýogy iki sany küşt stolunyň daşynda bolsa institutyň talyplarynyň küşt oýnaýandygyny görmek bolýar.

Bu Türkmenistanda 1-nji aprelde başlanan we 7-nji aprelde tamamlanmaly "Sagdynlyk we bagtyýarlyk" hepdeliginiň çäginde geçirilýän ýaryşlardan diňe biri. Ýöne bu çäreleriň iň bärkisi Lebap welaýatyny alsaň-da, geçen ýyldakylardan tapawudy bar.

Muňa diňe stadionyň käbir bölekleriniň adamsyzlygyndan däl, Lebabyň bazardyr dükanlarynyň görnüşinden hem göz ýetirmek mümkin.

Spirtli içgileriň söwdasy adaty günlerdäki ýaly dowam edýär.
Spirtli içgileriň söwdasy adaty günlerdäki ýaly dowam edýär.
Geçen ýyldakydan tapawutlylykda, bu ýylky "Sagdynlyk hepdeliginde" Türkmenabat şäheriniň il arasynda "Gök bazar" diýlip atlandyrylýan bazarynda ýerleşýän dükanlarda spirtli içgiler we çilim söwdasy adaty günlerdäki ýaly dowam edýär.

"Gök bazaryň" Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir telekeçileriniň aýtmaklaryna görä, spirtli içgi we çilim satmaga hökümet tarapyndan hiç hili çäklendirme ýok.

Sport çäreleri

Bu tapawuda sport mekdeplerinde hem göz ýetirse bolýar. Geçen ýyl "Sagdynlyk we Bagtyýarlyk hepdeliginiň" dowamynda sport mekdepleridir, stadionlaryň ählisinde ýaryşlar geçirilen bolsa, bu ýyl onuň ýaly ýaryşlaryň diňe belli bir mekdeplerde geçirilýändigini aýtmak mümkin.

Bu ýagdaýa Garaşsyzlyk etrabynyň sport mekdeplerini mysal getirse bolar, çünki etrabyň sport mekdeplerinde kiçi klas okuwçylarynyň arasynda geçirilen birlän-ikilän futbol we basketbol boýunça ýaryşlary hasap etmeseň, öňki ýyldaky ýaly welaýat, etrap derejesindäki ýaryşlar bu ýyl ýok.

Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky welaýatyň iň uly sport toplumynda-da 2-nji aprel güni diňe Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň talyplaryny we Welaýat Sport komitetiniň işgärlerini görmek bolýardy.

Welaýat Sport komitetiniň efirde adynyň agzalmagyny islemedik bir jogapkär işgäri bu uly stadionda hepdäniň anna güni futbol ýaryşynyň geçiriljekdigini, ondan bärde hiç hili uly çäräniň bolmajakdygyny aýtdy.

Edara-kärhanalaryň işgärleriniň pikirine görä, bu ýyl "Saglyk hepdeliginiň" beýle ýüzleý geçirilmeginiň düýp sebäbi ýokardan edilen talabyň güýçli bolmanlygynda.

Umuman aýdylanda hepdäniň dowamyndaky çäreler o diýen şagalaňly bolmasa-da, Lebapda hepdäniň ýekşenbe güni, ýagny 7-nji aprelde geçiriljek uly çärä taýýarlyk görülýär.

Bu taýýarlygyň çäginde şu günler Sport komitetiniň işgärleri stadionyň oturgyçlaryny arassalap, reňklemeli ýerlerini reňkleýärler, stadiony geljekki çärelere taýýarlaýarlar.

Bu çärä-de, däp bolşy ýaly, döwlete degişli edara-kärhana işgärleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň gatnaşdyrylmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG