Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toý aýdymçylarynyň artmagy sungatyň ösdügimi?


Häzirki döwürde diňe “Youtube” internet saýtynda-da türkmen aýdymçylarynyň onlarçasynyň wideokliplerine duş gelmek mümkin.
Häzirki döwürde diňe “Youtube” internet saýtynda-da türkmen aýdymçylarynyň onlarçasynyň wideokliplerine duş gelmek mümkin.
Türkmenistanda tomus aýlary, adatça, toy-tomaşa baý bolýar. Ýagdaý Türkmenabatda-da tapawutly däl. Onuň şeýledigine göz ýetirmek üçin tomus aýlary giçlik Türkmenabadyň köçelerine aýlanmak ýeterlik.

Häzirki günler her köçede diýen ýaly aýdym-sazyň sesi ýaňlanýar, ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlaryň geçirilmegi bolsa toýlaryň aýrylmaz bölegi.

Toýlaryň köpelmegi bilen, toý bagşylaryna bolan isleg hem artýar. Şeýle isleg bolsa, iň bärkisi, Lebap welaýaty barada aýdylanda, täze-täze aýdymçylaryň peýda bolmagyna we bu käriň iň girdejili kärleriň birine öwrülmegine getirýär.

Sungat we onuň hili

Aýdym-sazlary guramalaşdyrýan dürli çeşmelerden alnan maglumatlara görä, toý bagşylary iki-üç sagatlyk çykyşlary üçin 1000 -1200 manat aralygynda pul alýarlar. Emma biziň bilen söhbetdeş bolan käbir ýerli sungat işgärleri toý bagşylarynyň sanynyň köpelmeginiň welaýatda aýdym-saz sungatynyň ösýändigini aňlatmaýandygyny aýdýarlar.

“Olara, umuman, toý aýdymçylary diýilýär. Olaryň köpüsinde özleriniň döredýän aýdymlary bolmaýar, aýdýan aýdymlary, esasan, dürli meşhur aýdymçylaryňky” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik lebaply bir sungat işgäri aýtdy.

Şeýle-de, toý aýdymçylaryna mahsus endiklerden birem, olaryň toýlarda öz aýdymlaryny fonogrammada göýberip, özleri aýdýan ýaly edip çykyş etmegidir.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow öz döwründe bu hili aýdym aýdylmagyny gadagan edipdi. Emma häzirki günler, iň bolmanda, Lebap welaýatynda geçirilýän toýlar barada aýdylanda, bu ýagdaýyň gaýtadan güýçlenip barýandygyny aýtmak mümkin.

Döwrebap tehnologiýa bilen aýakdaş

Diňe fonogrammalary ulanmak däl, şöhrat gazanmak we toý-tomaşalarda has täsirli çykyş etmek üçin aýdymçylaryň arasynda has döredijilikli çemeleşýän we kompýuteriň soňky çykan programmalaryndan peýdalanýanlaram az däl. Bu täze usullardan ýene birem wideoklipler döredip, satuwa çykarmak ýa-da olary internet ulgamynda ýaýratmakdyr.

Häzirki döwürde diňe “Youtube” internet saýtynda türkmen aýdymçylarynyň onlarçasynyň wideokliplerine duş gelmek mümkin. Diňe pop däl, olaryň arasynda her hili stilde aýdylan aýdymlar bar.

Aýdymçylaryň köpelenligini we olaryň şöhrat gazanmak üçin biri-biri bilen bäsleşýänligini hususy awtobuslara ýelmenen reklamalardan-da görse bolýar. Hususy awtobuslaryň içinde habarlaşmak üçin telefon nomerleri ýazylan aýdymçy toparlarynyň owadan suratlary-da asylýar.

Oňyn tarapy-da ýok däl

Sakar etrabyndan özüni Akmyrat diýip tanadan sazanda ýigit toý aýdymçylarynyň ýaz aýlary toýsuz günleriniň bolmaýandygyny, hepdäniň ähli günlerinde diýen ýaly toý sowmaga çagyrylýandyklaryny gürrüň berýär.

Ýerli saz toparlarynyň birinde skripka çalýan Akmyrat: “Bu toý aýdymçylaryna isleg güýçli bolansoň, häzirki döwürde toý aýdymçylarynyň sany günsaýyn köpelip barýar, her obada diýen ýaly bir ýa iki topar bar” diýip, gürrüň berdi.

Biziň bilen söhbetdeş bolan sungat işgäriniň aýdanlaryndan çen tutulsa, bu ýagdaý aýdym-sazyň ösmegine getirmese-de, ýurtda ýokarydygy aýdylýan işsizligiň hem-de işsiz ýaşlaryň sanynyň azalmagyna ujupsyzja bolsa-da, öz goşandyny goşýar.

ABŞ-nyň Merkezi razwedka gullugynyň soňky hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi 60% töweregi bolup, jan başyna düşýän ýyllyk girdeji bolsa 7900 amerikan dollaryna barabardyr.
XS
SM
MD
LG