“Raýatlyk pasportymda atamyň adyny ýalňyş ýazandyklary sebäpli ony täzelemeli boldum. Daşary ýurt pasportyny edinmek üçin ýüz tutanymda bolsa, täzelän pasportymda-da doglan ýerimiň adynyň ýalňyşdygyny we pasportymy ýene çalyşmaly boljakdygymy migrasiýa gullugynyň ofiserleri aýtdylar” diýip, Sedarabat etrabynyň ýaşaýjysy Aýzada Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
Onuň sözlerinden çen tutulsa, soňky döwür raýatlaryň dokumentlerinde maglumatlaryň ýalňyş ýazylmagy adaty ýagdaýa öwrüldi.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, şu günler raýatlara berilýän dogulyş, nika hakyndaky şahadatnamalarda, raýatlyk pasportlarynda şol dokumentleri berýän degişli edaralar tarapyndan maglumatlar köplenç ýalňyş ýazylyp, bu ýagdaý adamlar üçin goşmaça býurokratiki kynçylyklar döredýär.
Nika we dogulyş hakyndaky şahadatnamalary raýatlar registrasiýa edilýän depdere gol çekip alýarlar. Eger berilýän dokument şol depderde registrasiýa edilmänkä ondan ýalňyşlyk tapylsa, onda raýat üçin kän bir kynçylyk döränok. Eger-de şahadatnama gol çekilip alnandan soň ýalňyşlyk tapylsa, onda täzeden döwlet pajyny töläp, täze şahadatnama edinmeli bolýar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar pasportlardyr şahadatnamalardaky ýalňyşlyklaryň köplenç halatlarda daşary yurt pasportyny edinmek üçin migrasiýa gullugyna ýüz tutanlarynda ýüze çykýandygyny aýdýarlar.
Serdarabatly Aýzadanyň sözlerine görä, soňky döwür adamlar migrasiýa gullugyna dokumentlerden ýalňyşlyk tapýan edara hökmünde-de garaýarlar. Ol gullugyň öz işine sowuk-sala garamaýandygyny we dokumentlerden ýalňyşlyk tapmak bilen raýatlara kömek edýändigini hem aýdýar.
Ýöne, käbir beýleki adamlaryň pikiriçe, Döwlet migrasiýa gullugynyň resminamalardan tapylýan ownuk ýalňyşlyklary-da göz öňünde tutmagy köp adamlaryň lapyny keç edýär.
Ýerli ýaşaýjylaryň bellemeklerine görä, raýatlaryň şahsyýeti anyklanýan dokumentlerdäki ýalňyşlyklaryň aglabasy ýer-ýurt atlary bilen bagly, ýöne şahsyýetiň adynda, familiýasynda, atasynyň adynda-da ýalňyşlyk goýberilýän halatlary az däl.
“Welaýatymyzyň şaher-şäherçeleriniň, oba-etraplarynyň atlary hökümet tarapyndan birnäçe gezek üýtgedildi. Şol sebäpden-de dokumentlerde ýer atlarynda köp ýalňyşylýar” diýip, türkmenabatly zenan Maýa Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
Onuň bellemegine görä, dokument resmileşdirýän edaralarda işleýän adamlaryň sowadynyň pesligi-de dokumentleriň ýalňyş ýazylmagyna sebäp bolýar.
“Sowuk-salalyk bilen bir hatarda sowatsyzlyk hem bar. Iki çagamyň hem dogulyş hakyndaky şahadatnamalaryndaky atlarda ýalňyşlyk bar. Ýöne şol dokumentler doly güýjünde ýöreýär. Çagalarym ulalandan soň şahadatnamalaryny barybir täzelemeli bolar” diýip, ol aýdýar.
Birnäçe ýyl mundan öň berlen raýatlyk pasportlarynda at ýa-da familiýa ýalňyşlyklarynyň tapylyp, olaryň düzedilmeginiň talap edilmegi bolsa ýurduň içinde we daşary ýurtlarda ýokary okuw jaýyny tamamlan raýatlary kyn ýagdaýda goýýar. Sebäbi ýokary bilim hakyndaky diplomlarda studentiň okuwa girende görkezen pasportlaryndaky at-familiýalary ýazylýar, bu ýagdaý bolsa käbir edaralara ýüz tutulanda diplomy ýa-da okuw döwründe berlen beýleki resminamalary sorag astynda goýup bilýär.
2013-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, diňe daşary ýurda çykyş pasportlary bolan raýatlar Türkmenistanyň çäginden çykyp bilerler.