Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk önümleriniň galplaşdyrylyp satylmagyna nägilelik bildirilýär


Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet we hususyýetçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň köp bölegi bazardyr dükanlarda peýda boldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet we hususyýetçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň köp bölegi bazardyr dükanlarda peýda boldy.
“Bazardan satyn alan 1 kilogram mesgäm aslynda mesge hem däl ekeni. Tagamyndan bildirip dur. Hakyky mesge ýagynyň köp mukdardaky ösümlik ýagy bilen garylyp satylýandygyny soň bazarda söwda edýän goňşymdan eşitdim” diýip, lebaply zenan Mamajan gürrüň berýär.

Diňe Mamajan däl, welaýatyň bazardyr dükanlarynda satylýan we adamlaryň gündelik ulanýan azyk önümleriniň galplaşdyryp satylmagy ýaly wakalaryň ýüze çykýandygy baradaky gürrüňler käbir beýleki ýaşaýjylar tarapyndan hem gozgalýar.

Türkmenabadyň merkezi bazarynyň garbanyşhanalarynyň biriniň işgäri we özüni Jumageldi diýip tanadan türkmenabatly bolsa kolbasa alyp aldanandygyny aýdýan ýaşaýjylardan biri. “Tagamy hem bahasyna seredeniňde kolbasa arassa önüme meňzänok, jylka etiň kilogramynyň bahasy 20 manat, kolbasanyňky bolsa 10. Onsoň oňa nämäniň näçe mukdarda goşulýandygyny diňe çak etmek galýar” diýip, Jumageldi aýdýar.

Öňe sürülýän bu pikirler barada ýerli hem bazar administrasiýanyň resmilerinden hiç hili maglumat alyp bolmady. Emma käbir ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bazarda satylýan haryt önümleriniň galplaşdyrylyp satylmagy ýaly wakalar diňe ýokarda agzalan mysallar bilen çäklenmän, öndürilen ýurdunyň ady üýtgedilip satylýan önümler hem bar.

Türkmenabatly zenan Mamajanyň Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde bu barada şeýle diýdi: “Ýerli ýa-da Orsýetden getirilen arzan mesge ýaglarynyň daşyna Täze Zellandiýanyň, Germaniýanyň ýaglarynyň ýarlygyny ýelmäp, 1 kilogramynyň bahasy 12-14 manatlyk ýagy 26 manatdan satýarlar”.

Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet we hususyýetçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň köp bölegi bazardyr dükanlarda peýda boldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet we hususyýetçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň köp bölegi bazardyr dükanlarda peýda boldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet we hususyýetçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň köp bölegi bazardyr dükanlarda peýda boldy. Olaryň täze gurlan zawodlarda, ýörite gözegçilik astynda öndürilýänligi barada, hiliniň ýokarydygy we hatda daşary döwletlere-de eksport edilýänligi barada ýerli metbugatda aýdylyp gelinýär.

Türkmenabadyň ýaşaýjysy 45 ýaşly Ereş Türkmenistanda öndürilýän azyk harytlarynyň hiliniň erbet däldigini, ýöne ol önümleri hususyýetçileriň has giç satýandyklaryny belledi. Onuň aýtmagyna göra, bazarlarda möhleti geçen harytlaryň hem satylýan halatlary bolýar.

“Bazarlarda satylýan we Türkmenistanda öndürilen dürli miweleriň ählisiniň daşynda ulanyş möhleti ýazylan. Men birnäçe gezek öýümiň golaýyndaky bazarda ulanyş möhleti geçen önümleriň satylýanlygyna şaýat boldum” diýip, Ereş gürrüň berýär.

Munuň üstesine, hususyýetçiler tarapyndan öndürilýän et we süýt önümleriniň gaplarynda azygyň öndürilen we ulanyş möhletiniň asla ýazylmaýanlygy aýdylýan önümlere hem duş gelmek mümkindigini käbir ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ulanyş möhleti tamamlanan ýa-da zaýalanan azyk önümlerinden peýdalanyp, mundan zyýan çekenler ýa-da şeýle önümleri satýanlara garşy berk çäre görlenligi barada döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG